16:47
Biçäre halkym
BIÇÄRE HALKYM

Sizi gurşap dur gurşun deý gije,
Sizi gujaklap ogşap dur ölüm,
«göýä bir adam soňky deminde eňek atyp dur boşadyp alkym»
Biçäre halkym.

Teniňizi tenip seneleň kiri,
Beýniňize ornap reňbe-reň iriň,
Tozly nykap bilen gapylan garak,
Şapaklanmaýar,
Saçmaýar ýalkym,
Biçäre halkym.

Sizi deñemändim hiç bir beýige,
Söýgi bilen deňdir diýipdim bir bad,
Güýjüňizi tupanlara taýlaman,
—«millionlarça gomdur deňizde gaýnap»
Diýerdim,
Eý dat,
Görkezsenäň maňa ýekeje tolkun,
Biçäre halkym.

Diýerdim “Türkmenim meň arka dagym,
Togtamaz hiç haçan ili göroglynyň,
Pyragydan tälim alan perzentdir,
Bagtyýardyr belentdir!”
Indi eý sen kör bagt,
Garantga durkuň,
Biçäre halkym.

Mazaryňa gan sagyp dur meň agy:m,
Görogly bol,
Çyk mazardan,
Sen galkyn,
Sen galkyn,
Biçäre halkym.

Ybrahim B. 1986





Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Hormatyñyz bar, Tañry ÿalkasyn!

0
2 Revo   [Материал]
Ýüzlenilen tema erbet däl. Şahyr aýtmyşlaýyn: "Biz herimiz - özümiziň zergärmiz, Mydam özümizi ýonup ýörmeli." ýada başga bir şahyr aýtmyşlaýyn: "Teniňizi tenip seneleň kiri, Beýniňize ornap reňbe-reň iriň, Tozly nykap bilen gapylan garak, Şapaklanmaýar, Saçmaýar ýalkym,".

0
1 mango   [Материал]
ybraýym däde, utandyrdyň.
"gowy goşgy eken" diýip durmagada ýüzüm ýok...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]