17:19
Bezelen howly / nowella
BEZELEN HOWLY

Watan öňündäki gulluk borjuny tamamlan esgerler Aşgabada gaýtmak üçin şäheriň otly menziline geldiler. Esgerler biri-birinden beter tolgunýardylar. Akmyradyň tolgunmasy bolsa beýleki esgerleriň çeni-çaky däldi. Bu bolşuny esger ýoldaşlaryna bildirmezlik üçin aýdyma hiňlendi. Ýöne dile gelen aýdym söýgi hakynda bolup çykdy. Heý-de, beýle pursady esger oglanlar elden berjekmi?! Arslan kinaýaly söze başlady:
— Akmyrat, ýürejigiň böküp dur welin, ak ýüzli gyz seni garşy aljak öýdýän?! Hä?!
— Ýok-how, gyz näme işlesin bizde. Nesip bolsa, ejem jan garşylar, ejem jan.
— Aý, ýok. Seniň beýdip söýgi aýdymyna hiňlenip durşuň-a, ejesi garşylajaga meňzänok.
Akmyrat heniz Arslana jogap berip ýetişmänkä Meret gürrüňe goşuldy:
— Näme sen Akmyrady utandyrjak bolýaňmy?! Sen ony diňleme Akmyrat, gyz diýeniň garaýagyz bolsa, has görmegeý görünýändir.
Esgerler hezil edip gülüşdiler. Akmyrat mundan artyk näme diýjegini bilmän dymdy. Şol barmana-da otly şäheriň otly menziline geldi. Esgerleriň hersi öz ýerlerine geçip ýerleşdiler. Heniz Gün ýaşmadygam bolsa, Akmyrat oglanlaryň gürrüňinden ünsüni sowmak üçin ýerine geçip arkan ýatdy-da, bilegi bilenem gözlerini ýapdy. Otly ugrap-ugramanka esgerleriň has wäşirägi Çary gelip, eliniň tersi bilen Akmyradyň aýagyny kakdy:
— Tur-how, öýlenmedik oglanam bir beýdip, Gün ýaşmanka ýatarmy?! Bu bolşuňa Garagyz näme diýer?
Meret Çarynyň sözüni alyp göterdi:
— Aý, Garagyz näme diýer öýdýäň?! «Iki ýyllap garaşan ýigidimem şu ýatak Akmyratmy?» diýer-dä. Ýogsa-da, Akmyrat diýýän-ä, şu Garagyz bar-a, seň nämäňi haladykan-aý?!
Häliden bäri bularyň gürrüňini eşitmezlige salyp ýatan Akmyrat saklanyp bilmän dillendi:
— Onuň ady Garagyz däl.
Oglanlar geňgalyjylyk bilen dymyp, onuň sözüni dowam etdirmegine garaşdylar. Ýöne Akmyratdan artykmaç söz çykmady. Esgerleriň arasynda has dolmuşragy bolan Mekan dymyşlygy bozdy:
— Eger Garagyz däl bolsa, Akgyz eke¬ni-dä. Bize tapawudy barmy diýsene?! Akmyrat jan, meniň üçin-ä esasy zat durmuş toýuňa çagyrsaň bolýar. Ojakda bişen ýarmadyr palawdan geregimizi edinsek bolýar.
— Aý, şunuňam ömür aladasy gara garnydyr.
Oglanlaryň gülküsi wagonyň içini ýaňlandyryp gitdi. Akmyrat ýene-de sesini çykarmady. Hyýalynda bolsa Aşgabada baryp otludan düşen pursadyny göz öňüne getirdi.
...Nesip bolsa, ertir Gün dogandan otly Aşgabada barar. Menem otludan düşen dessime Tejene ugraýan ulaglaryň birine münerin. Tejene baranymdan, meni ejem janym, agalarym garşylar. Ýogsa-da, Maral beren sözünde durarmyka?!
Akmyradyň bu sözi ony hyýalyndan saplap, hakyky durmuşa dolap getirdi. Ýoldaşlary ýene-de Akmyrada söz gatyp ugrady:
— Akmyrat, tur-how, nesip bolsa, ertir Aşgabada bararys. Onsoň her kim öz ýoly bilen boluberer. Indi gaýdyp haçan görüşjegimiz belli däl. Ýa bizden dynybilseň razymy sen?!
Oglanlar ýene-de gülüşdiler. Bu sözlerden soň Akmyrat ýerinden galdy-da, Çara ýüzlendi:
— Başgalar-a bilemok welin, seniň kinaýaly sözleriň-ä küýsärin.
— Näme diýsene, sen beýdip «küýsärin» diýip hyýallanyberme. Sen Aşgabada gelmeseňem, nesip bolsa, men Tejene barar duraryn. Sen menden beýle aňsat dynaýmarsyň.
— «Gelen — döwlet» diýipdirler, gapymyz hemmäňiz üçin açykdyr.
— Bu diýeniň-ä ýagşy welin, sen toýly gürrüňe geçsene. Ýeri, sen haçan Garagyz bilen bizi tanyşdyrýaň, haçan size toýa barýas?!
— Bäh, aýtmasam goýjak däl-ow siz. Ilki bilen-ä onuň ady Garagyzam däl, Akgyzam. Onuň ady Maral.
Akmyrat bir zat ýadyna düşen ýaly syrly ýylgyrdy. Onuň bu ýylgyryşy oglanlaryň ünsüni çekdi. Akmyrat gürrüň bermäge başlady:
— Maral goňşymyz Akjemal daýzanyň ýekeje gyzy. Dogrymy aýtsam, çagakam Maraly halamazdym. Sebäbi Akjemal daýza hemişe ony meniň ýanyma tirkärdi. Menden bir ýaş kiçi bolansoň mekdebe gitjek bolsa-da, men alyp gitmelidim, oýnaýan çagalarynyň biri bilen tersleşse-de, meniň ýanyma aglap gelerdi. Özem aglakdy. Üstesine-de, gysga boýludan dolmuşdy. Öýkelek häsiýet-ä ulu-gyz çykansoňam aýrylmady.
— Aglak bolsa-da, dolmuş bolsa-da özüňiz-ä halaşypsyňyz!
Çarynyň bu sözüne Akmyrat hezil edip güldi:
— Halaşypsyňyz?! Muny saňa kim diýýär?! Çynymy aýtsam, ol-a halaşmak eken, gulluga gaýdýançam öýkeleşmän geçen ýekeje günümizem ýokdur. Käwagtlar Akjemal daýza gelip: «Akmyrat jan, sen beýdip Maral jany öýkeletmeseň bolmaýarmy?! Belki, sen ýigit çykaňda Maral jany gelin edip alarsyň?!» diýýärdi. Ejemem üstüni ýetirip: «Wah, goňşy jan, Maral jany gelin edip alsam, armanym ýokdur. Ýöne bularyň bu dawalaşyp ýörüşleri bilen näbileýin-dä» diýerdi. Menem şol wagt öýerip barylýana dönýärdim. Howpurgap sesimiň ýetdiginden gygyrýardym: «Ýok, eje, beý diýme!». Baý, şonda ejem bilen Akjemal daýza bolşuma hezil edip gülşerdiler-ä.
Çary Akmyrady diňläp durşuna sowal bermän bilmedi:
— Beýle bolsa «aşyklyk» döwrüň haçan başlandy?!
— Iki ýylyň aýralygy akylyňa getirýän ekeni. Öňler Maralyň biziň öýümize gelin bolup gelmezligi üçin her tüýsli bahanalary tapyp, ony öýkelederdim. Maralyň mylaýym bakyşy bilen meni synlap duranyna gabat gelenimde dagy, «Seniň başga işiň ýokmy?!» diýip, utandyrar goýbererdim.
— Onda sen henizem oňa söýýänligiňi aýtmansyň-da, şeýlemi?!
— Wah, söýýän diýmek nire, «Seni aljak oglana haýpym gelýär» diýerdim. Olam hemişekisi ýaly öýkelärdi.
— Öýkeleýän bolsa, diýmek söýýändir.
Ýogsam, özüm-ä bir gezek öýkelän adamym bilen ikinji gezek gepleşmezdim.
— Wah, onuň öýkesi biziň howlymyzdan öz howlularyna ýetýänçädi. Agalarymam öýlenip, şähere göçüp gidensoňlar ol ejeme öýümiziň işini etmäge ýardam berýärdi. Bu zatlary näme üçin edýändir öýdýäň?! Elbetde, meni söýýänligi üçin. Gulluga gaýtjak günüm dagy, ýanyma geldi-de: «Sen ejeňi alada etme. Özüm göz-gulak bolaryn. Nesip bolsa, iki ýylam haý diýmän geçer. Seniň sag-aman gelýänligiň baradaky habary eşidenimde bolsa, howlymyzyň ähli ýerlerini dürli bezegler bilen bezäp garşylaryn» diýipdi.
Akmyrat birden pikire çümen ýaly dymdy. Soňam uludan demini aldy:
— Wah, şol wagtlar men Maraly nähak gynandyrýan ekenim. Bilýäňmi näme, bir gezek toýa gidenimde ejem öýde ýeke özi galypdy. Menem toýda dostlarymy görüp kelläm gyzyşandyr-da, daňa çenli eglenipdirin. Ine, birdenem ejemiň öýde ýeke özüniň galanlygy ýadyma düşüp, hasyr-husur öýe eňdim. Baryp ejemiň otagynyň gapysyny açsam, aýak ujunda Maral ýatyr. Otagyň gapysynyň açylanyny duýup, ejem gözüni açdy. Men bolsa Marala käýinýän-ä: «Bu näme üçin beýdip seniň otagyňda otyr. Şol sebäpli sen arkaýyn ýatyp bilenem dälsiň. Bimaza bolup ýataňsoň şeýle çalt oýandyň-da». Ejem şonda ilkinji gezek maňa sesini gataltdy: «Meniň bimaza bolup ýatanlygymyň sebäbi Maral jan däl, sen».
Çary geňgalyjylyk bilen Akmyrada ýüzlendi:
— Sen, hakykatdanam, şol gyzyň saňa, ejeňe bolan yhlasyny duýmadyňmy?!
Akmyrat sesini çykarmady. Sebäbi ol Maralyň özüne edýän yhlasyny duýýardy. Ýöne gedemligi sebäpli, Maralyň söýgüsini inkär edenini kem görmändi. Gyz haýasy bolsa Marala ýüregini açmaga rugsat berenokdy. Çary Akmyradyň gamgyn didelerini görende ony ýatlamalaryndan sowmak isledi:
— Hany, dost, sen beýdip müzzerip otyrma, nesip bolsa, Aşgabada baraly. Men öýe-de barman, seniň bilen Tejene gitjek. Birden Marala söz aýdanyňy eşidip, Akjemal daýzaň oklawly kowalaýmasyn. «Öňüňde durup seni goraryn-a» diýip biljek däl, ýöne gaçmaga ýoldaş bolaryn. Gulluk wagtymyzam ylgaw ýaryşlarynda elmydama birinji ýer alardym-a.
Oglanlar ýene wagony ýaňlandyryp gülüşdiler. Daň atyp, jahan ýagtyldy. Otly Aşgabada geldi. Çary paýtagtda ýaşansoň onuň maşgalasy otly menzilinde garaşyp duran ekeni. Çaryny göterýän agasy haýsy, gujaklaýan agasy haýsy. Ogluny esger lybasynda gören Bossan daýzanyň dagy, buýsançdan ýaňa gözleriniň owasy ýaşdan doldy. Çary olara ýagdaýy düşündirip, Akmyrat bilen Tejene gitjekdigini duýdurdy. Ilki bada Çarynyň bu pikirine kaýyl bolmasalaram, biraz salymdan onuň aýdýany bilen razylaşdylar.
Çary bilen Akmyrat Tejene ugraýan ýeňil ulaga mündüler. Ýolboýy olar Akmyradyň nähili garşylanjagy barada pikir ýöredýärdiler. Ulag obanyň çetine ýetiberende oglanlar ulagdan düşdüler. Olaryň ýöräp gelýänini gören obanyň çagalary bolsa «Buşluk! Buşluk! Akmyrat gelýär!» diýşip, söýünjilemäge ylgaşdylar.
— Hanha, seret, ho-ol görünýän howly Marallaryň howlusy-da.
— Ýogsa-da, «Seniň sag-aman gelýänligiň baradaky habary eşidenimde howlymyzyň ähli ýerlerini dürli bezegler bilen bezärin» diýipdi» — diýdiň welin, onuň aýdanynyň jany bar-ow, oňa seret.
Akmyrat Marallaryň howlusyna seretse, hakykatdanam, howly dürli reňkli bezegler bilen bezelendi. Ine, birdenem joşgunly sazyň sesi gelip başlady...

Käbe SARENKO.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Käbe Sarenko | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
Maralam bagtly bolsun. Aldamandyr sözünde durupdyr.)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]