23:25
Beýik Ýüpek ýoly adamzat ykbalynda
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY ADAMZAT YKBALYNDA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
"...Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr” (TBÝÝÝ. 36 sah.).
Adamzat ykbalynda öçmejek yz galdyran, halklaryň medeni gatnaşyklaryna ýol açan, olaryň maddy we ruhy medeniýetiniň ösmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalaryň biri hem ykballary birleşdiren, halklary biri-biri bilen ysnyşdyran, dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna ýol açan Beýik Ýüpek ýolunyň işläp  başlamagydyr. Bu şanly ýol barada alymlaryň ýazgylary, agtaryşlary, gözlegleri gymmatly maglumatlary ýüze çykarýar. Dürli ýurtlaryň taryhçy alymlary bu ýol hakdaky pikirlerini, toplan maglumatlaryny, çaklamalaryny ylmy makalalarda, monografiýalarda, dürli ýazgylarda halka ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň halkyna sowgat beren “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”atly gymmatly kitabyokyjylaryň Beýik Ýüpek ýoly baradaky düşünjelerini has artdyrdy. Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurtlaryň beýleki gyrak-bujakda ýerleşen ýurtlara garanda ösüşiniň aýratyn tapawutlanýandygyny Hormatly Prezidentimiz kitabyň girişinde aýratyn nygtap belleýär. (“TBÝÝÝ, A.1917, 26-njy sah.). Köp bölegi Türkmenistanyň üstünden geçýän bu ýoluň ugrunda ýerleşen şäherler öz döwründe gülläp ösen 
 Ýedi müň kilometre uzalyp gidýän, bir ýarym müň ýyldan hem köp dowam eden, Beýik Ýüpek ýoly adyna eýe bolan bu ajaýyp ýol baradaky ençeme gymmatly maglumatlar Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýeterlik. Bu ajaýyp, täsin ýoluň öz wagtynda halklaryň arasyndaky medeni, ykdysady we syýasy gatnaşyklary ýola goýmakda, ägirt uly ähmiýetiniň bolandygyna kitaby okap göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň gymmaty onuň halk döredijilik maglumatlary bilen baýlaşdyrylanlygynda ýüze çykýar. Elbetde, ylmy maglumatlar halk döredijilik eserleri, täsin rowaýatdyr heklaýatlar bilen bezelse, has özüne çekiji, dili hem çeper bolýar, bolup geçen wakalar hem halka düşnükli dilde beýan edilýär. 
Kitapdaky halk arasynda gabat gelýän rowaýatlar şeýle bir ýerbe-ýer getirilen weli, onuň täsirinden çykmak hiç mümkin däl.  Kitapdaky Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherler, olar bilen baglanyşykly gyzykly söhbetler, ylaýta-da, arheologik tapyndylar, ýol ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikler, halk arasynda belli bolan dana-akyldarlaryň aramgähleri baradaky ýazgylar iňňän gyzykly okalýar.
Taryhy maglumatlara görä, hormatly Prezidentimiziň hem gaýta-gaýta nygtamagy bilen biziň eramyzdan öňki II asyrdan gözbaş alyp gaýdan Beýik Ýüpek ýoly boýunça ýüzlerçe düýelerden ybarat üsti harytly kerweniň biziň eramyzyň ХVI asyrynda-da dowam edendigine göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz örän uzyn hatarly düýe kerwenleriniň bu ýollardan geçýänligini, hatda käbir wagtlarda müň düýeden ybarat haryt ýüklenen kerwenleriň hem Günbatara gymmatly harytlary äkidendigini, elten harytlaryny öz ýurtlarynda geçginli boljak harytlara çalşyp, ýene-de şol hatarly ýollardan yzlaryna Hytaýa sary rowana bolandyklaryny ýatlaýar. Elbetde, olaryň ýanynda gorag üçin ýörite ýaragly batyr ýigitler hem bolupdyr. Galyberse-de, söwda kerwenleri üstünden geçýän ýurdy tarapyndan hem goralýar ekeni. Ýollarda täjirler üçin ýörite dynç alyş kerwensaraýlary, çaýhanalar, düşelgeler gurlupdyr. Şol ýyllarda Hormatly Prezidentimiziň berýän maglumatlaryna görä, ýol ugrunda ýerleşen şäherlerde olaryň dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir, hatda ençeme hammamlar hem işleýär ekeni. Çünki täjirler bu beýik ýol bilen söwda gidenlerinde käbir wagtlarda alty aýlap hem öýlerine dolanyp bilmändirler.
Elbetde, bu ýoluň söwda ähmiýeti ХIV asyrdan soň, deňiz ýolunyň has köp ulanylyp başlanylmagy bilen birneme gowşapdyr, öňkülere görä, has pese gaçypdyr.  Gymmatbaha ýüpek parçalardan ýüküni tutan kerwenler gatnamagyny yzygiderli dowam eden bu ýoluň adamzat durmuşynyň dürli ugurlarynda uly ähmiýetiniň bolanlygy welin, aýdyň hakykatdyr. Bu söwda ýoly bilen gatnan täjirler diňe söwdagärller däl-de, eýsem, medeniýeti ýaýradyjylar, özara täsirleri güýçlendirip, dünýä medeniýetine uly goşant goşan ynsanlardyr. Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, dünýä medeniýetiniň  özara täsirinde ähmiýeti bimöçber  bolan bu ýol bilen söwda gatnalmagy birneme pese gaçsa-da, ХVI asyra çenli dowam edip durupdyr. Käbir şahalary hatda ХVIII asyrlarda hem dowam edipdir. Hormatly Prezidentimiz bu gymmatly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň her bir şahasynyň  ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmäge mynasypdygy hakda aýratyn durup geçýär. Çünki, bu ýollar dünýä medeniýetiniň biri-birine täsirini artdyrmaga ýardam beren altyn ýollardyr. 
Bu ýoluň çatrygynda ýerleşen şäherler hakda hem alym Arkadagymyz giňişleýin durup geçýär. Hytaýdan gaýdan Ýüpek ýoly bilen uzak ýollary geçip gelýän argyn kerwen  Amul (häzirki Türkmenabat) şäheriniň derwezelerinden girýär. Şol ýerde gurlan kerwensaraýlarda dynç alan kerwen soň örän kynçylykly, suwsuz, uç-gyraksyz çöl ýollary söküp, giň düz meýdanlardan Merwe tarap ýola düşýär. Ahmal bolsaň suwsuzlykdan şehit bolaýmagyň mümkin bolan bu agyr ýollardan geçen kerwen otparazlaryň kitaby bolan “Awestada” ady “Mouri” diýlip agzalýan irki şäherleriň biri bolan Merwe gelip dynç alýar. Bu hili uly şäherlerde hammamlaryň, ençeme kerwensaraýlaryň, çaýhanalaryň bolandygy kitapda sada dilde düşündirilýär. Kitaby okap oturşyňa täsin bir ertekiler dünýäsine düşdümmikäm diýip pikir edýärsiň.
“Beýik Ýüpek ýoly” diýlen at nähili berlipdir? Bu şeýle düşündirilýär. Hytaý ýüpegi Rimde we beýleki Günbatar ýurtlarynda gyzyla barabar görülýär ekeni. Bu ýoldan hytaý ýüpek matalary, ýüpek çig maly Günbatara tarap alnyp gidilipdir. Esasy harydyň ýüpek bolanlygy üçin hem bu ýola “Beýik Ýüpek ýoly” diýen at galypdyr. Bu adalga-termin ilkinji gezek nemes taryhçysy Ferdinand fon Rihthofeniň (1833-1905) “Hytaý” atly işi 1877-nji ýylda çap edilenden soňra taryha giripdir. Täjirler yzlaryna gaýdanlarynda ýüň, pagta önümleri, atlar, maýda mallar, aw itlerini, altyn-kümüş, gök önümler alyp gaýdypdyrlar. Söwdada, esasan, haryda nyrh kesip, ondan soňra çalşyk edipdirler.  Elbetde, başga harytlara hem isleg bildirilýän ekeni. Hytaý farfory, çaý ýaly harytlar hem Günbatara alnyp gidilipdir. 
Hormatly Prezidentimiz täjirleriň öz ýanlaryna uzak ýoly ýeňilleşdirmek üçin alymlary, ulamalary, rowaýat aýdýan rawylary, degişme gürrüňçileri hem alyp gidendikleri hakda ýatlaýar. Olar dynç alyş wagtlary gyzykly ertekileri, rowaýatlary, degişmeleri diňläpdirler. Bu ýol Hytaý bilen Ortaýer deňiz döwletlerini birleşdiren ajaýyp ýol. Elbetde, ýerlerdäki kerwensaraýlarda hem ýerli halklardan bolan dil bilýän adamlar hem bolan bolmaly, özara gürrüňdeşlikleriň bolan bolmagy-da ahmal, söwdagär täjirleriň ýanynda, dilmaç-terjimeçiler hem bolandyr. Şeýlelikde, ol täjirler ýerli ýagdaýlary öwrenipdirler, hatda gepe-söze düşünýänleriň, golýazmalaryň gymmatyna göz ýetirýänleriň golýazmalary hem satyn alyp giden bolmaklary ahmal, şeýdibem, golýazmalar dünýäniň çar künjeklerine ýaýrapdyr. Halk döredijilik eserlerini diňlemek miýesser eden täjirler ýatda galanlaryny hakydalar arkaly äkidilip, dürli ýurtlara ýaýranlygy aýdyň hakykat. Şeýlelikde, ajaýyp dessanlaryň, Görogly hakyndaky hekaýatlaryň, ertekidir rowaýatlaryň ýaýramagyna hem şol gymmatly ýol sebäp bolan bolsa gerek. Şeýlelikde, adamzadyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna täsirini ýetiren gymmatly eserleriň ýaýraýyş prosesi dowam edipdir.Elbetde, halklaryň arasynda meňzeş sýužetli eserleriň hem peýda  bolmagynyň şu ýagdaýlar bilen bagly bolmagy ahmal. 
Kitap bilen tanşanyňdan soň, hormatly Prezidentimiziň berýän her bir gymmatly maglumatlary hakda oýlanyp, şolary halka ýetirmekligiň zerurlygy barada oýlanýarsyň. Elbetde, bu alymlaryň öňünde goýlan belent borç. Çünki bir kitapda ol maglumatlaryň barysy hakda gürrüň etmek mümkin däl. Alymlar mydama gözlegde bolmaly, agtarmaly, tapmaly, halka ýetirmeli. Ine, bir mysal, hormatly Prezidentimiz Hytaýdan gaýdan Ýüpek ýolunyň döreýşi hakda, bu ýoluň baryp irki asyrlarda halklaryň dostlaşmagynda, özara gatnaşyklaryň ýüze çykmagynda, medeniýetleriň ýakynlaşmagynda uly ähmiýetiniň bolanlygyny belläp geçýär. Kitapda Ýüpek ýolunyň köp böleginiň hem Türkmenistanyň üstünden geçýänligi, bu aragatnaşyklarda türkmenleriň uly hyzmatlarynyň bolandygy barada düýpli gürrüňler edilýär. Gözlegler bilen meşgullanyp otyrkak, belli Gündogary öwreniji alym Bartoldyň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan parfýanlar, olaryň Beýik Ýüpek ýolunda uly hyzmat görkezendikleri baradaky gürrüňlerine gabat geldik. Bu baradaky söhbetlerinde alym parfýanlaryň beýleki halklara görä, b.e. öňki II asyrda dörän bu söwda ýolundan has artykmaç peýdalanmagy başarandyklary hakda gürrüň berýär. Olar Rim bilen Hytaýyň arasyndaky söwdada arany sazlaýjy bolup hyzmat edipdirler. Ärsaklaryň patyşalygy döwründe, Mitridat II (b.e.öň 124-87ýý,)  tarapyndan Hytaý ilçileri kabul edilipdir. Alym munuň dünýä taryhynda  ilkinji gezek Uzak Gündogaryň beýik döwleti bilen, şeýle hem, Günbataryň dünýä belli imperiýasy bilen ilkinji gatnaşyklaryň ýola goýulmasydygy barada “Türküstanyň medeni ýaşaýşynyň taryhy” (L. 1927, sah. 8) atly makalasynda gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiz alymlara ýol salgy berýär, öwrenmek, agtarmak, gözlegleri dowam etdirmek, maglumatlary halka ýetirmek, wagyz-nesihat etmek  alymlaryň borjy  Bu uly işleri durmuşa geçirip ýören hormatly Prezidentimiziň Belent başy aman bolsun!

Gurbanjemal YLÝASOWA,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 401 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanjemal Ylýasowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 gulshatkelova96   [Материал]
Bu ýazgy üçin peydalanylan edebiyatlaryň maglumatyny nireden görüp bilerin?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]