17:02
Beýik sähranyñ jigerbendi
BEÝIK SÄHRANYÑ JIGERBENDI

Söýýärin men Garagumy - sähramy,
Onuñ ürgün çägelerne bendi men.
Bu toprak durşuna akyl hem many,
Şu giñiş Diýaryñ jigerbendi men.

Şäherde ýaşaýan obada doglup,
Söýýän oba-şşherleri, kendi men.
Men olañ deñinden geçmerin sowlup,
Şäher hem obamyñ jigerbendi men.

Unutman Murgabyñ aýagujunda
Şaglap duran Egrigüzer bendinem.
Çagalykda kän-kän oýnapdym şonda,
Şol gözel derýanyñ jigerbendi men.

Çagalygym geçip gitdi, ulaldym,
Çal saçly bir adam boldum indi men.
Durmaýyn mundan kän gepi uzaldyp,
Şu beýik sähranyñ jigerbendi men.

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.





Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]