00:33
Beýik Goýun imperiýasy / satiriki hekaýa
BEÝIK GOÝUN IMPERIÝASY

• Bu waka öñden ýazylgy duranam bolsa, oýun häzirem dowam edýär...



Taryhyñ bir döwründe möjeklere aw edere ýer galmanmyş diýýärler. Sebäbi haýwanlaryñ şasy hasaplanýan ýolbarsdyr gaplañ ýaly güýçli we ýyrtyjy jandarlar dünýäniñ iñ gowy awlaglaryny öz aralarynda paýlaşyp gutaranmyşlar. Olar möjeklere aw eder ýaly ýer goýmasalar näme. Möjekler hernäçe ýyrtyjy jandaram bolsa, ýolbarlarlardyr gaplañlarlardan güýji asgyn gelipdir. Şonuñ üçinem möjekler ýolbarslaryñ, gaplañlaryñ eýelik edýän ýerlerine aýak sekmändirler, ol ýerlerde aw etmäge milt etmändirler.
Ýagdaý şeýle bolansoñ olaryñ ýaşaýşy kynlaşypdyr, garynlaryny doýurmak hyllalla bolupdyr. Möjeklere bu kynçylykly ýagdaýdan baş alyp çykmak gerekdi. Şonuñ üçiem möjekler uly ýygnak geçirdiler. Ýygnakda ýagdaýdan çykalga tapmagyñ ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, jedelleşdiler. Ahyrynda köpi gören ýaşulylaryna sala salmagy makul bildiler. Ýaşuly möjek münbere çykyp şeýle diýipdir:
— Gadyrdan möjek doganlarym, jynsdaşlarym! Ýolbars, gaplañ we şolara meñzeş jandarlar basybalyjydyrlar. Bu uly basybalyjylar dünýäniñ ýaşamaga amatly iñ gowy ýerlerini özlerine aldylar. Bir özleri dünýäniñ hojaýyny bolup, biz möjeklere ýerem goýmadylar. Bizem özümize ýaşar ýaly ýeriñ bolanyny gowy görýäris. Emma ýaşamaga boş ýer ýok. Ýogsam bolmasa biz möjeklerem ýyrtyjy, güýçli, üstesine akylly jandarlar ahyry. - Ýaşuly möjek azajyk sägindi. Üsgürip sesini arçanyndan soñ şu teklibi berdi: - Hormatly möjek doganlarym, söýgüli jynsdaşlarym. Hemmämiz birden: «Möjekler, hemmelerden ýokarydyr!» diýip gygyrmagy teklip edýärin.
Bu teklibi ýygnaga gatnaşýan möjekleriñ barsy oñlady. Diñe şol wagt däl, ýygnagyñ geçen gününden soñam wagtal-wagtal, her ýerde-her ýerde üç gezek yzly-yzyna we biragyzdan gygyrmaga başladylar:
«Möjekler, möjekler, hemmelerden ýokary!
Möjekler, möjekler, hemmelerden ýokary!
Möjekler, möjekler, hemmelerden ýokary!»
Bu söz möjekler ordasynyñ baş şygaryna öwrüldi.
Ýaşuly möjek soñra sözüne şeýle dowam etdi:
— Biziñem koloniýalarymyz bolmaly ahyry. Şoñ üçinem şuny teklip edýärin: Goýunlary «Beýik Goýun imperiýasyny» gurmaga ynandyralyñ. Goýunlar öz imperiýalaryny gurmak üçin bir baýra ýygnanarlar welin, biz ol baýryñ daşyny gabarys. Ajygan wagtymyzam tä gerk-gäbe bolup doýýançak goýun iýeris.
Bu teklip möjekler ýygnagynda oñlandy. Teklibi durmuşa geçirmek üçin ýaşuly möjeklerden ýörite topar düzüldi. Topar teklibiñ ýerine ýetirmeli ugurlarynyñ üstünde işledi.
Ýaşuly möjekleriñ biri şeýle diýdi:
— Hemme zatdan ötri olary arkaýyn iýmek üçin bir ýere toplamak gerek.
Başga bir möjegem:
— Örän dogry - diýdi. — Külli janly-jandarlar ýaly goýunlaram howp abananda bir ýere jemlenişýär, üýşýär. Şoñ üçinem bir howp toslap tapalyñ. Goýunlaryñ howp içre gezýändigine ynandyralyñ. Meselem, bu howp Galapintop bolup biler...
Gepe gulak salyp duran möjekler Galapintop howpunyñ nämedigini soradylar.
Ýaşuly möjek bular ýaly zadyñ ýokdugyny, muny özüniñ toslandygyny aýtdy. Hakykatda ýok howpy hakykatda bar bolan howpdan has eýmendiriji edip gürrüñ berip bolýar. Çünki bar bolan zat barada az ýa-da köp bilinýär. Emma ýok zat barada hiç kim hiç zat bilenok.
Möjekler goýunlara Galapintop howpunyñ ýakynlap gelýändigini aýtmalydy. Bu aldym-berdimli howpa garşy möjekleriñ hemişe we hemme ýerde goýunlaryñ arkasynda durjakdyklaryny mälim etmelidi.
Teklip biragyzdan kabul edildi. Soñra başga bir ýaşuly möjek söz sözledi:
— Goýunlary birleşdirmek, bir ýere jemlemek üçin uly howpuñ garşysynda durandyklaryny aýdyp, olary aldamak diýseñ ýerlikli. Ýöne bu ýeterlik däl. Olary örän beýik maksatly ideýa ynandyrmak gerek. Bu ideýa hiç mahal amala aşmajak, hyýaly, süýji düýş mysaly bir zat bolmalydyr.
Muny aýdan möjege beýleki möjekler:
— Nähili ideýa tapyp bersekkä goýunlara, olaram muny hakykat ýüzüne geçireris öýdüp, şol ugra bakan süri-süri bolup gider ýaly? - diýdiler.
Ýaşuly möjek soraga şeýle jogap berdi:
— Olara «Beýik Goyun imperiýasynyñ» gerekdigini aýdarys. Bu ideýanyñ ady «Goyunçylyk» ideýasy bolar.
Karary gurultaýda kabul edilen badyna ýerine ýetirmäge girişdiler. Möjekler goýunlaryñ arasyndan iñ bähbitçillerini, iñ egoistlerini, iñ akmaklaryny gözläp tapdylar. Olara şepelik etdiler. Möjeklere ýakyn durýan goýunlara berim hökmünde iñ gowy öri meýdanlary, otly-suwly ýerleri görkezýärdiler. Ine, şeýdip goýunlaryñ arasynda «goýunçylyk» akymy ýaýrap başlady. Goýunçylyk akymyna degişli kitap bary ýazyldy. Şol kitaplaryñ birinde şeýle sözler bardy: «Biz goýunlar, başga haýwanlaryñ barsyndan öñdediris. Ýolbarsyñ, gaplañyñ tüýi derege ýaraýan däldir, a biziñ ýüñümizden bolsa mata dokalýar. Hatda biziñ pohymyzam peýdalydyr, ol dökün hökmünde ulanylýar. Emma ýolbarsyñ, gaplañyñ pohy bu owadan dünýäni hapalamakdan başga nämä ýaraýar? Biz goýunlara taý geljek haýwan ýokdur. Şonuñ üçinem bize Beýik Goýunlar imperiýasyny gurmak gerek. Bu beýik imperiýany gurmak üçinem goýunçylyk ideýasynyñ daşynda birleşmelidiris. Duşmanymyza garşy agzybir bolmaly. Ýok bolsun Galapintop! Biz hökman Beýik Goýun imperiýasyny gurmalydyrys. Sümme tokaýlar, çaýyrly-çemenli meýdanlar biziñki bolar. Galapintopyñ kellesini mynjyradarys..»
Möjekler şular ýaly pikirler üçin goýunlary goldaýardylar, olara ellerinden gelen kömegi edýärdiler. Bu goldawyñ netijesinde käbir goýunlar şeýle pikire gelip başlapdyrlar:
«Biz möjekleri ýalñyş tanapdyrys... Eýsem möjekler şeýlekin ýagşy gylykly, nähili hoşniýetli jandarlar eken. Möjekler biziñ dostumyzdyr.»
Möjekler has tejribeli, has dana, has guramaçylykly bolandygy üçin goýunlara ýörite hünärmenleri, maslahatçylary ugradyp durupdyrlar. Maslahatçy möjekler goýunlara ugur-ýol salgy beripdir, öwüt-ündew edipdir.
Möjekler bulardan başga-da goýunlaryñ arasyna öz jansyzlaryny ugradyp başlapdyr. Bu jansyzlar goýun derisine giren möjeklerdi. Olara gowy tälim berlensoñ, edil goýun ýaly mäläbem bilýärdiler. Goýunlar bu jansyzlary özleri ýaly goýundyr öýdüpdir. Jansyzlar her bir sözüne «Hemme wagtdakysyndan has agzybirlige we jebislige zerurlyk duýulýan şu döwürde» diýip başlap, goýunlary agzybirlige çagyrypdyrlar.
Goýunlaryñ arasynda ýaýran "beýik goýun imperiýasy" ideýasy bir goýun sürüsinden başga bir goýun sürüsine çaltlyk bilen ýaýraýardy. Ähli goýun sürüleri duşman Galapintopa garşy birleşmek isleýärdi. Olar öñi-ardy görünmeýän çaýyrly-çemenli öri meýdanlarynyñ ýerleşen Beýik Goýun imperiýasyny arzuwlaýardylar. Goýun sürüleriniñ barsy birigip ol ýere eñjekdiler we özlerine päsgel berjek bolýan duşmanlary Galapintopy ýok etjekdiler.
Möjekleriñ tapan toslamasyna ynanypdyr diýip möjekleriñ barsyny akmaklykda aýyplamak ýalñyş bolar. Olaryñ arasynda akylly goýunlaram bar eken. Bular Galapintop diýen duşmanyñ ýokdugyny, bu "duşman howpunyñ" möjekleriñ toslan zadydygyny, olaryñ bar maksadynyñ toslama howp döredip, hakyky howpuñ özleridigini göze ilmez ýaly bukmakdygyny aýdyp, jynsdaşlaryny oýarmaga jan etdiler. Munuñ bilenem çäklenmediler. Beýik Goýun imperiýasynyñ boş hyýaldygyny-da düşündirdiler. Şol hyýaly "imperiýada" otly-suwly, çaýyrly-çemenli meýdanlarda agynanlarynda hamlarynyñ sypyryljakdygyny we aç gurtlara şam boljakdygyny aýtdylar. Öñdengörüji goýunlaryñ bu duýduryşlary hiç netije bermedi. Sebäbi Galapintop duşmanyna garşy birleşmek, bir ýere üýşmek, Beýik Goýun imperiýasyny gurmak pikiri giñden ýaýylypdy. Muña garşylyklaýyn pikirini aýdýanlara dönük we "goýun duşmany" gözi bilen seredilýärdi. Beýik Goýun imperiýasyñ çaýyrly-çemenli meýdanlary gyşyñ añzagynda-da, garyñ astynda-da göm-gök öwsüp durýardy. Ol ýer durşuna jennetdi - goýunlaryñ jenneti...
Beýik Goýun imperiýasyny gurmak üçin alnyp barylýan işler barha güýjedi. Duşman Galapintopy ýeñmek üçin goýunlaryñ goşun birikmeleri döredildi. Goýunlar indi birmahalkysy ýaly goýun şekilli goýun bolup hereket etmeýärdi, özlerini möjek kimin alyp barýardylar. Öñküsi ýaly goýun bolup mälejek bolýanam ýokdy, uludan-kiçisi möjek bolup uwlajak bolýardy.
Bu işleriñ netijesinde aýgytly taryhy gün hem alkymlap geldi. Sürüden sürä habar ugradyldy we dünýäniñ çar künjündäki goýun sürüleri ganym duşman Galapintopy ýok etmek hem-de Beýik Goýun imperiýasyny gurmak, bir ýere üýşmek üçin aýaga galdylar.
Ýöriş örän agyr geçdi. Goýunlaryñ barsy maslahatçy möjekleriñ salgy beren uzyn we giñ deresinde ýygnandylar. Ýygnanlaryñ biriniñem agzy duranokdy:
— Ýok bolsun Galapintop…
— Hemme wagtdakysyndan has agzybirlige we jebislige zerurlyk duýulýan şular ýaly günde…
— Beýik Goýun imperiýasyny gurjakdyrys!
Ähli aç möjekler deräniñ uzaboýyna jemlenen goýunlaryñ daş-töweregini gurşap alypdylar. Möjekler goýunlary añsatlyk bilen parçalap, bogup iýýärdiler. Çünki indi goýunlaryñ ýanynda ne-hä çopanlary bardy, ne-de olary goraýan itleri bardy. Goýunlar hakyky howpuñ nirden gelendigine, hakyky duşmanyñ kimdigine, nähili aldawa düşendiklerine akyl ýetirdiler, emma indi iş işden geçipdi. Goýunlaryñ akmaklygy sebäpli şondan soñ möjekleriñem ýaşaýan ýeri, koloniýasy döräpdi. Indi möjekleriñem agalyk sürýän ýerleri bardy.
Bu ýalan pyrryldaga ynanmadyk, bu duzaga düşmedik käbir akylly goýunlar o taýda-bu taýda gizlenip galypdylar. Olar goýun jynsyny täzeden emele getirdiler. Eger şolar bolmadyk bolsa, goýun diýlen jandar dolulygyna ýok bolup gitmelidi.
Goýunlaryñ taryhynda şu gürrüñ berlen waka ýazylgy duranam bolsa, möjekleriñ bu aldawçylykly oýny dünýäde häzirem dowam edip gelýär. Çünki hernäçe gynansagam, dünýäde häzirem goýunlaryñ arasynda-da, başga jandarlaryñ arasynda-da, bähbitçiller, akmaklar we pes gylyklylar az däl.

Eziz NESIN.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 210 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 4.5/4
Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 6
0
6 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Goýunlaşýan adamlar hakynda tersleýin gytaklaýyn ýazylan zat. Dogry aýdylan zatlar...

0
5 Tokmak   [Mowzuga geç]
Hawa. Durmuşda ýygy duş gelýän oýun.

0
3 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Mmbää... "Olaryň arasynda akylly baranlaram bar eken". Möjekleşen baranlar ýokdumykaýym...
Şo bir many gaýtalanýan sözlemler köpräk. Soňky sözlemini aýtmasa-da bolardy ýa-da başgaçarak alsa. Hekaýaň özi bingo(mtyk) diýdirse-de, jemlemesi ýuwanrak.

0
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Eziz Nesin başda goşgy ýazýan eken-ä...
Emma, Nazym Hikmet oña şygyr ýazmazlygy teklip edýär... Onuñ goşgularynyñ täsirsizligini duýdurýar. Özüni proza eserlerinde barlap gõrmegi haýyş edýär. Eziz Nesin hem ol aýdylanlary kabul edýär.
Ýõne, rus dilinde okan bu goşgymy- Eziz Nesiniñ bu goşgusyny men-ä haladym..

Я чувствую, что ты уйдешь, Я не могу тебя умолять, не могу бежать за тобой, Я лишь прошу — оставь мне свой голос.

Я знаю, что ты порвешь со мной, Я не могу коснуться твоих волос, Я лишь прошу — оставь мне свой запах.

Я понимаю, что ты покинешь меня, Я уже разрушен, поэтому не могу упасть, Я лишь прошу — оставь мне свой цвет.

Я чувствую, что ты потеряешься, Это будет моей самой невыносимой болью, Я лишь прошу — оставь мне свою страсть.

Я могу догадаться, что ты позабудешь, Боль — это безбрежный серый океан, Я лишь прошу — оставь мне свой привкус.

Ты уйдешь все равно, У меня нет права просить тебя остаться, Я ЛИШЬ ПРОШУ — ОСТАВЬ МНЕ СЕБЯ...

0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
SEN AÝTMASAÑAM BILÝÄN...

Añybam otyryn, gidersiñ gaçyp...
Ýalbarmaryn, ylgamaryn yzyñdan
Emma pyşyrdyñy goýup git mende.
Bilibem otyryn, gidersiñ gopup,
Sypalap bilmerin mymyk saçyñdan
Emma gül ysyñy goýup git mende.
Düşünibem durun, gitseñ aýrylyp,
Büdreññeç bolsam-da ýykylmaryn men
Emma elwan reñkiñ goýup git mende.
Duýubam otyryn, gidersiñ ýitip,
Iñ uly hasratym özüñ bolarsyñ
Emma müşk ysyñy goýup git mende.
Üzñeleşip barýan, undar gidersiñ,
Çyrpynýar gurşun deý agyr okean
Emma tagamyny goýup git mende.
Her niçik bolsa-da, bilýän gitjegñi,
Hiç hili hakym ýok sägindirmäge
Emma sen özüñi goýup git mende...
http://kitapcy.com/news/2018-06-16-482

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Satiriki hekaýalar" toplumynda goýulan hem bolsa, ýylgyryp bilmedim...
"Möjekler goýunlary añsatlyk bilen parçalap, bogup iýýärdiler".
Eziz Nesin- syýasatçy bolan bolsa, ýazyjylygyndan pes bolmazdymyka diýýän... Gozgaýan meseleleri çuñ hem koptaraplaýyn. Bu ýazyjynyñ eserlerini, köplenç, terjime edýan Has TÜRKMENDE Eziz Nesine meñzeşlik duýýan. Ikisiniñ eserleriniñ añysynda-da ykballara, ynsan durmuşyndaky problemalara juda janygýan ýürek duýulýar... Aslynda bir söz bar-a: "Sen maña nähili kitap okaýanyñy aýt, men kimligiñi aýdaýyn"..
Biraz tapawudy Eziz Nesin agyryny ýylgyryp, kabul etmegimizi isleýär... Has TÜRKMEN içimizdàki agressiýany cykarmaga kömek edýär... ))
"Goýunlaryñ taryhynda şu gürrüñ berlen waka ýazylgy duranam bolsa, möjekleriñ bu aldawçylykly oýny dünýäde häzirem dowam edip gelýär" - bu bolsa ikisiniñ hem SESI...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]