09:09
Bes ediñ indi, haýp dälmi...
BES EDIÑ INDI, HAÝP DÄLMI...

Eziz Nesin...
Ideal jemgyýete barýan ýoluñ ideal nesil kemala getirmekden geçýändigine ynandy. Çagalar üçin öwredijilik toruna düşmezden batyrgaýlygyñ we dogruçullygyñ gymmatyny açyp görkezýän on dört kitap ýazdy: "Reñklenen tilki hakda erteki" ("Boyalı Tilki Masalı"), "Gowzadylan bal" ("Pırtlatan Bal"), "Ýadygärligi dikilen siñek" ("Anıtı Dikilen Sinek"), "Indiki çagalar eýgerer ýaly däl" ("Şimdiki Çocuklar Harika"), "Meniñ tanşym badam agajy" ("Arkadaşım Badem Ağacı")…
Ol şeýle diýipdi:
"- Söýgüli balalarym, ömürboýy hakykatçyl bolmagyñyzy, hakykatlary agtaryp öwrenmegiñizi arzuw edýärin, çünki diñe hakykatçyl adamlar özlerine, ýurtlaryna, halklaryna, adamlara we dünýäge hakykatdanam peýdaly bolup bilerler..."
Ýazyjy mümkinçiligi ýok garyp çagalary jemgyýete peýdaly şahslar bolup ýetişdirmek maksady bilen 1973-nji ýylda fond gurdy.
Fonduñ çykdajylary Eziz Nesiniñ eserleriniñ gonoraryndan, gozgalmaýan emläklerden gelýän kärende pullaryndan, haýyr-sahawatdan toplanan pullardan edildi.
Stambuluñ Çatalja raýonynda esasanam Anadolyda okamaga mümkinçiligi ýok çagalaryñ kabul edilýän umumy ýaşaýyş jaýy guruldy.
Çagalar umumy ýaşaýyş jaýynda bolup, töwerekdäki döwlet mekdeplerinde bilim alýar. Okuwynda tapawutlanmagy başaran zehinli çagalar üçin ýöriteleşdirilen hususy mekdeplerden goşmaça okuw talap edilýär...
Nesin fondunyñ ýaşaýyş-durmuş kadalary bar. Meselem:
- Çagalaryñ otagyna gapyny kakman we çaganyñ rugsady bolmazdan girilmeýär;
- Otaglarda döküş geçirmek, okalýan kitaplary barlamak gadagan;
- Kötege, gorka, jeza, aýratynam indiwidi ýok saýýan köpçülikleýin temmi çäresine ýer ýok;
- Çagalara hormat goýulýar, olaryñ düşünjeleri, duýgulary, gözlegleri, sungat we ylmy ugurlarda ýasan zatlaryna göwnüýetmezçilik edip at dakylmaýar;
- Çagalaryñ arzy diñlenýär, olaryñ meselelerini çözüp bolaýjak ýollaryñ öñi bentlenmeýär mümkingadar meseleler çözülmäge synanşylýar...

• DÖREDIJILIKLI MEKDEP

Fondda döredijilikli zähmet Eziz Nesinden bäri dowam edip gelýän däp.
Ilkinji nobatda çagalaryñ täze iýmitlere öwrenişmegi üpjün edilýär. Munuñ bilen baglanyşyklylykda tebigata sazlaşykly permakultura ekologik sistema durmuşa geçirilýär.
Fond otuz gektarlyk meýdanda birnäçe janly-jandary saklaýar. Hiç hili himiki madda ulanylmaýandygy üçin bu janly-jandarlaryñ sany sagdyn ekosisistemalarda bolşy ýaly barha artýar.
Bu asylly işlere meýletinlerem gatnaşýar...
Şeýle-de:
Çataljadaky fonduñ binasy özünde birgiden taryhy gymmatlyklary saklaýar. Onda Eziz Nesine degişli hekaýalaryñ, romanlaryñ, pýesalaryñ garalamalary, ýörite bloknotlar, hatlar, neşir kolleksiýalary, suratlar, fotosuratlar ýaly gymmatly materiallar bar.
Fonduñ 35 müñe golaýy Eziz Nesine degişli 70 müñ kitaplyk kitaphanasy bar. Kitaphana her gün diýen ýaly baýlaşmak bilen. Aradan çykansoñ professor Serwer Tanilliniñ 15 müñ kitaby we žurnal kolleksiýasy kitaphana tabşyryldy. Ylmy barlagçylaryñ gelip bu ýerde arkaýyn işlemäge ýagdaýy bar...
Galyberse-de:
Eziz Nesiniñ ogly professor Aly Nesine wesýeti: Matematika şäherçesini gurmakdy.
Matematika ugrundan ylmy-barlag işlerini alyp barýan edara 2007-nji ýylda Izmiriñ Şirinje raýonynda fonda degişli 55 gektarlyk ýerde guruldy.
Nesin fondunyñ indiki göz öñüne tutýan maksady Matematika şäherçesine ýanaşyk Nesin liseýini gurmak...
Mugallymlar bilen okuwçylaryñ bir ýerden örýän, bir ýerde ýaşaýan, dost-dogan ýaly gatnaşýan, "hemmämiz bir gämide barýas" duýgusyny oýandyrýan bilim ojagyny Şirinjede gurmak...

• BIR MEKDEBI SYGDYRMADYLAR

Nesin fondy meýletinçileriñem goldawy arkaly öwrenmegi, düşünmegi, agtarmagy, pikirlenmegi, derñemegi ýaşaýyş formasyna öwren bilim ojagy bolmagy üçin birnäçe ýyldan bäri gaýratyny gaýgyranok...
Üns beriñ:
Türkiýede aglabasy dini jemagatlara degişli okuwçy okadýan 4.406 sany umumy ýaşaýyş jaýly mekdep bar.
Bu hususy mekdeplerde 442.245 okuwçy okaýar.
Ýagdaý şular ýaly ortadaka kimdir birileri bary-ýogy kyrk çagany terbiýeläp ýetişdirýän Nesin fondunyñ çagalara niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýyna gözüni dikmän durup bilmedi! Nesin fondunyñ bankdaky hasaplary Stambul şäheriniñ häkimligi tarapyndan "sosial mediýada kadadan çykma haýyr-sahawat toplamakda" aýyplanyp bloklandy!
Fond otuz sekiz ýyl bäri meýletinlerden haýyr-sahawat pullaryny toplap ýören halyna, edil nämüçin şumat şeýle karara gelindi? Sebäbi soñ ýüze çykdy:
Nesin fondunyñ degişli ýeriñ ýanyna 2020-nji ýylyñ maý aýynda medrese tertibinde okadýan ysmaýylaga jemagatynyñ garamagyndaky "Rabita" fondy göçürildi! AKP-li şäher sowetiniñ abatlaýyş üýtgeşmesi bilen bikanun gurlan binasy halas bolan "täze goñşy" demini dürsän badyna Nesin fonduny didiwana mündürdi. Olar fonduñ ýaşaýyş-durmuş formasyndan biynjalykdylar! Ara býurokratiýany sokdy we 1984-nji ýyldan bäri okuwçy ýetişdirip gelýän Nesin fondunyñ ýüpüni çekdi!
Bankdaky hasaplaryñ bloklanandygy az bolýan ýakynda mülküñem döwletiñ hasabyna geçirilmegine we Nesin fondunyñ jogapkär işgärleriniñ jezalandyrylmagyna garaşylýar...
Professor Ali Nesin perýadynda hakly dälmi:
"- Bes ediñ indi! Nesinler maşgalasy bu ýurduñ duşmany däl."
FETÖ-nyñ mekdeplerini, umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin düýn bolmadyk tagallalary edenler bu gün muña meñzeşini başga tarykatlar üçin edýär.
Haýp. Akyllanaýanoklar.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 11.04.2022 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 69 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]