14:51
Berkarar bolsun
BERKARAR BOLSUN

Bizden salam bolsun Garaoglan hana,
Döwletiñ eliñde berkarar bolsun.
Arap at, goç ogul, zynatdyr saña,
Söýmek, münmek saña ygtyýar bolsun.

Dünýä pany saraý, başga jaý degil,
Müñ ýyldyz jem bolsun, dogan aý degil,
Dünýä ýalan her haryslar han degil,
Her ýerde seýranyñ lälezar bolsun.

Gelinler gaşynda gaşlary ýaýdyr,
Her haýsy bir surat, Gün bilen Aýdyr,
Ak öýüñ otagdyr, tagtdyr, saraýdyr,
Seniñ bu destgähiñ kimde bar bolsun.

Riýaýy mollalar sözlär ýetişmän,
Ol sözünden tañla köp eder puşman,
Pil bolsa hasymyñ ger bolsa duşman,
Gaşyñda peşe dek bimydar bolsun.

Zynat üçin gelmiş pany jahana,
Hasanat depderiñ çykmyş asmana,
Çar tarapdan gelen azyz myhmana,
Geýip, iýip-içmek ygtyýar bolsun.

Iki dünýä Alla bersin myradyñ,
Arşyñ her künjünde ýazylmyş adyñ.
Tiliñde zikri sen ýakynyñ-ýadyñ,
Hakyñ söwer guly medetkär bolsun.

Her kim zyýan kylsa sud-y-suz bilen,
Gara köñül bilen, sadyk söz bilen,
Bir duşman gözlese ýaman göz bilen,
Tilleri lal bolsun, gözi kör bolsun.

Özüñ deýin bolmaz deñi-duşuñda,
Döwlet guşy mekan tutmuş başyñda,
Her iş tutsañ nazaryñda gaşyñda,
On iki ymam gaýyp gerek är bolsun.

Ruzy magşar sünnüleriñ ýarydyr,
Garyplar gamhory, howandarydyr,
Senden dogan ogul äriñ äridir,
Ondan dogan ogul meger är bolsun.

Ryzkyñ bostanynda açylmyş rizwan,
Bäş gün miýesserdir bu döwri-döwran,
Ýigitlik çagynda eýleseñ seýran,
Dowamat düýrdügiñ alma-nar bolsun.

Nepes diýr, halka, ýara sözüm ýok,
Bir näkesem, gaýratym ýok, ýüzüm ýok,
Mydam gaflatda men, gyşym-ýazym ýok,
Gamhorum kerem bagş, Biribar bolsun.

Mollanepes.





Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Haweran | Теги: Mollanepes | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Ömrün Boyu Sevilesin / Goşgular - 18.02.2022
Зима / Goşgular - 21.01.2022
Потомки / Goşgular - 23.02.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Garaňkylykdaky dessan / Goşgular - 29.01.2022
Teklip / Goşgular - 22.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]