20:45
"Berekella" diýsene
“BEREKELLA” DIÝSENE

Ynha, howlymyzy tämizläp çykdym,
Eje, maňa “berekella” diýsene.
Seret, seniňki deý gyzgyn nan ýapdym,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Şol sözüňi küýseýä-le, ýüregim,
Neden gözden gaýyp bolduň geregim,
Mähri umman, syrdam boýly deregim,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Gel, ikimiz bişireli çapady,
Goý, çöşlensin ýatlamalaň sapagy,
Bolup Arşyň ýere düşen çapary,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Uýalarym bilen ýatlap otyrys,
Hakyda depderin gatlap otyrys,
Çagalyk ýyllara ätläp otyrys,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Ak towuklar käkeleýär ketekde,
Ala göle bökjekleýär ýatakda,
Iň bolmanda, Arşdan yşyklap bak-da,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Berekellaň bilen ulaldyk bagtly,
Şol sözüňi eşitmek neneňsi bagtdy,
Neýleý, pelek şol bagta gussa gatdy,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Dursun TEKÄÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Aksary | Теги: Dursun Tekäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Инквизитор / Goşgular - 24.01.2022
Базар / Goşgular - 19.02.2022
Ömür / Goşgular - 22.02.2022
Eňňerede / Goşgular - 24.01.2022
"С моею царственной мечтой..." / Goşgular - 26.01.2022
Майор / Goşgular - 24.01.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
Aldawaç / Goşgular - 26.01.2022
Дьявол / Goşgular - 21.01.2022
Goja tut / Goşgular - 30.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Edebiyatcy   [Материал]
BEREKELLA

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]