21:26
Bentler
BENTLER

Serhede ýetmesin hiç bir duýgy-da,
Arasynda çäk saklansa, gowy eken.
Meni senden jyda düşüren günler
Gül ömrümiñ ýazylmadyk towy eken.

* * *

Çal sepipdir saçlaryma bu ýyllar,
Ýürek gartaşmasa, çalarmasa bor.
Goý, agarsyn ähli garalyk munda,
Diñe gara gözler agarmasa bor.

* * *

Men saña ýazaýyn ganatly sözler,
Didelerim didaryñdan ganmasyn.
Gözi gidip baksyn synlaýan gözler,
Aýryp bilmän, goý, aýralyk aglasyn.

* * *

Meni ynjaldyran sensiñ, gerçegim,
Saña bagly meniñ ýagty geljegim.
Sen "Uçaly" diýseñ, uçar giderin,
Näme munda senden galyp görjegim.

* * *

Akar suw hiñlenýär ýaşaýyş hakda,
Oña yranyplar goşulýar gamyş.
Kümüş Aý synlaýar akarda keşbin,
Gör, juda owadan, gözel ýaşaýyş.

Enejan HANGULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Haweran | Теги: Enejan Hangulyýewa | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltansöýünden 40 gazal -2 / Goşgular - 08.02.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]