06:06
Benewşe gül alyp gelme
BENEWŞE GÜL ALYP GELME!

Benewşe gül alyp gelme,
äkel tozganyň ýa
çopantelpegiň
saryja gülün.
Sary güli yrym edýän
senli geljegim
sary Gün deý yssy,
sary çörek deý arassa,
sary altyn deý lowurdyly bor diýip.

Hem gitaraly gel
çalybilmeseňem,
sary gitaraňy dyryň-dyryň çalyp.
men käbir akkordlar-a bilýän,
eýderis-beýderis heň ederis,
goşgymyz aýdym ederis.
Soň gideris sary altyna
bir dünýä gül satyn alyp,
sary çöregmizi horjuna salyp
Günüň ýanyna.

.. Benewşe gül alyp gelme
ýa-ha çopantelpek,
ýa tozgaň gülün
getir geleňde,
... men yrym edýän.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Uçur meni / Goşgular - 10.01.2022
"Nowaýy perdesine galdym..." / Goşgular - 16.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 mango   [Материал]
eýderis-beýderis heň ederis,
goşgymyz aýdym ederis.

eýtdiň-beýtdiň heň etdiň
goşgyňy aýdym etdiň. :-)

Yrym, yrymdyr weli, sary reňk aýralygyň hem reňki hasaplanýar….
Ýöne, bu ýazylan bir kanun däl.
Şo sebäpli sary reňki gowuşmak bilenem baglanyşdyryp bolar.
Ýene-de bir ýöne…. Sary we gyzyl reňkli geýimi pygamberimiz erkekleriň geýmegini halamandyr (diýip eşitdim). Aýala bolýa.
Goşgy barada.
Ýyzzyla degýär.

0
4 Alaýabyly   [Материал]
Gowy, janly goşgy eken

0
3 Bagabat   [Материал]
2. Ýelena Kimowna Nemolýaýewa "Çopantelpekden gültäç".

0
2 Bagabat   [Материал]
1. Çopantelpekler we gyzjagaz.
Hudožnik: Andreý Alekseýewiç Şişkin.

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Liriki gahryman ruhy-magnawylykdan real maddylygyñ ähmiyetini ileri sürýär. Adamzat ýaşaýşynyñ gözel manzarasyny yrymyñ barlygynda görýär. Ymtylyş őñe tarap-nurly, nurana gelejege sary. Berekella Suray gyzym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]