02:32
Bendiniň nalyşy
BENDINIŇ NALYŞY

Sen meni zyndana atdyň
o zyndanda hemme zat bar
gül
aýdym
köýnek
monjuk
gurjak
aýdýan-a, hemme zat.

Sen meni zyndana dykdyň
o zyndanda diňe men ýok.

***

Güýz diýdim
G.Eziz diýdim
geçensoň.
ýetişdimmi ýa geçmänkä?!
Güýz - sary däl,
onuň ýüz müň reňki bar.
ýeterlik gussasam
şatlygam bol-telki bar.

Belki, güýz bolmak eýgertmez
ýa-da G.Eziz.
ýöne güýz dälleňem,
G.Eziz dälleňem
gadyryny bileýin
heniz...

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 113 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Jigime nesihat / Goşgular - 13.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Edebiyatcy   [Материал]
Bäş ýyzzyl basdym menem

0
4 Mähriban   [Материал]
Taňryýalkasyn, Ybraýym aga, Mango!

0
2 mango   [Материал]
Hiç kim ýyllyz basmandyr, geň…
“Bendiniň nalyşyna” ýerimden turup ýyldyzlaň bäşisin basdym.
“Sen meni zyndana atdyň, o zyndanda hemme zat bar, menden başga….”
Diýmek, ruhlar zyndana gabalmaýar.
—-
Güýz-Eziz hem gow ken.
(G.Eziz diýmän Eziz diýseň gowy ýaly).

Üstünlikler.
Ruhumyzy begendirip dur.

0
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ýyldyzly hukuk mende bolan bolsady, birki ÿydyzly goşgular bu ÿerde ÿaman köp! Bäş ÿyldyzly-a tapaÿmak çetin bolup dur!? ÿek-ÿarym bolaÿmasa!?

0
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Gowy goşgular! Ýazyp duruñ!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]