12:11
Bedewler
BEDEWLER

Külli türkmenleriň uçar ganaty,
Aslyny ahaldan alan bedewler.
Üstüne müneniň päli-niýeti,
Ýagşymy-ýamanmy bilen bedewler.

Toý-baýramda ýüpek ýaly daralan,
Suw ýerine maýa süýdi berilen,
Säher turup ataňdan soň görülen,
Ata-baba miras galan bedewler.

Waspyňyzy ile ýaýdy Mätaji,
Gerçek goç ýigitleň seriniň täji,.
Göroglyň golunda düýrme gylyjy,
Ganym sary ýüzün salan bedewler.

Ahal topragynyň gudraty kändir,
Görküňizi gören messi haýrandyr,
Owazaňyz ýedi yklyma ýaýrandyr,
Ýedi yklymdan arşa galan bedewler.

Seýran eden bu türkmeniň iline,
Nazar salsa döwlet dolan duluna,
Gara dutar bilen tylla nalyňa,
Gözi düşen ýüze sylar bedewler.

Geldi BÄŞIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Gurban | Теги: Geldi Bäşiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ненаписанные стихи / Goşgular - 25.02.2022
Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
Ýaşasyn parahat durmuş! / Goşgular - 26.02.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022
Забытый секс / Goşgular - 03.02.2022
Сон / Goşgular - 21.01.2022
Goşgular / Goşgular - 23.02.2022
Снег идет / Goşgular - 02.02.2022
Речка Руза / Goşgular - 29.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]