19:45
Bedew
BEDEW

(Mätäjä nezire)

Men bu gün bolşuñy aýdaý, betbagt nyşanly bedew,
At ýylynda bolmadyñ arassa ganly, bedew.
Aýda bilmen aslyñyzy kakaşan hamly bedew,
Athanañ deşik-deşik, gyşda şemally bedew,
Bakylyp beslenjek indi, haçan kemally bedew.

Toýda toýnaklañ ýerine "Žiguliler" ýaryşdy,
Ahal-teke atlary iñlis bilen garyşdy,
Gamly günde bedewler duşman bilen uruşdy,
Kä hojalyk halyñy düzetmäge girişdi,
Gadyrlykañ bolduñ sen, bigadyr hally bedew.

Ölüp hem-de horlanyp az sanyñyz galypdyr,
Gassaplar gazap bilen göz astyna alypdyr,
Baýdak ýaly görküñiz garantga dek bolupdyr,
Men diýen meleguşlar gör, nirede ölüpdir,
Toý gününde şatlanman, bolduñ matamly bedew.

"At çapandan, it çapsañ gowy görýän" diýýän bar,
Bilmedik nä sebäpden, bu gün bizde bolduñ har?
Dogrusyny dogry diýsek, soñ ugrunda köýýän bar,
Bahañyz müñ tümendi, bäş köpük boldy bedew.

Haýwanlaryñ içinde iñ akylly, başy sen,
Ýow gününde ýigitleñ wepaly gardaşy sen.
Bu gïn hossar gerek güni tapañok syrdaşy sen,
Kylsa Begmyrat beýanñy, meñ göwnümiñ hoşy sen,
Heý, ýene bolarmykañ, öñki dek belli bedew?

Begmyrat TÄÇMYRADOW.

"TOKMAK" žurnaly, 1991 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Haweran | Теги: Begmyrat Täçmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Men uçmak isläpdim / Goşgular - 30.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Туркменистан / Goşgular - 25.02.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022
Потомки / Goşgular - 23.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]