14:42
Baýramçylyk gutlagy / satiriki hekaýa

BAÝRAMÇYLYK GUTLAGY

• “Siziñem, aýalyñyzyñam, nyýazyñyzyñam, öten-geçenleriñiziñem...”


1965-nji ýylyň bir günüdi. Işe girenime ýaňy iki hepde bolupdy. Edaralaryň birinde müdiriň kömekçisi bolup işleýärdim. Baýram gününiň gelmegine on gün galanda müdirimiz keselledi. Ertesi gün müdir meni iş otagyna çagyrdy.
- Gulak asýan, başlyk!
- Gutlag hatlary taýynmy, oglum?
- Haýsy gutlag hatlary, hojaýyn?
- Içigar galmyş! Şükri saňa aýtmadymy näme? Baýram ýakynlap gelýär, gutlaglary ugratmaly. Bireýýäm poçta oklap gaýtmalydyk.
- Habarym ýokdur, hojaýyn.
- Çaltlaş, çaltlaş, çaltlaş! Ertire çenli üç müň sany gutlag hatyny ýazyp, poçta okla.
- Baş üstüne, hojaýyn! – diýip, onuň ýanyndan çykyp gaýtdym. Emma üç müň sany gutlag hatyny ýekän-ýekän nädip ýazaryn?
Müdir gutlaglaryň syýa bilen haşamlanyp ýazylmagyny isleýär. Şonuň üçin üç müň kartyň iki müň sanysyny wezipesi özünden aşakdakylara şeýle görnüşde ýazjakdym: “Baýramyňyzy gutlap, gözüňizden öpýärin.”
Galan müň sanysy-da özünden ýokarky wezipelilere: “Siziň we ýanýoldaşyňyzyň baýramynyň hormatlamak bilen gutlap, sagdyn we üstünlikli günleri nyýaz edýärin” görnüşinde ýazjakdym.
Wagt ýitirmän ýeňimi çyzgap, stoluň başyna geçdim. Öňümde gutlag hatlary dag ýaly üýşüp ýatyrdy. Iş wagtym gutaryp, biraz salymdan soň öýe gaýdaryn diýip durkam, ertire çenli oturyp, üç müň sany gutlag hatyny ýazmaly boldum. Zeýrenip oturmakdan peýda ýok, işe başlaýyn:
“Baýramyňyzy gutlap, gözüňizden öpýärin.”
“Baýramyňyzy gutlap, gözüňizden öpýärin.”
5, 10, 20, 50, 100, 750, 875. Ýazýan, ýazýan, hiç gutararly däl! Gije ýarymdan agdy gitdi. Meni şeýle bir ýadawlyk basdy welin, söz bilen düşündirip bilemok.
Ýazýan, ýazýan, ýazýan... gutaranok.
Ahyrsoňy aşakky wezipelilere ugratmaly hatlary dyndym. Ýöne menem dyndym. Daň agaryp gelýärdi. Dynan hatlarymy stoluň üstünden alyp, başga ýere goýdum. Emma öňümde ýene müň sany gutlag haty ýatyrdy. “Siziň we ýanýoldaşyňyzyň baýramynyň hormatlamak bilen gutlap, saglykly we üstünlikli günleri nyýaz etmäge” başladym...
Durman ýazýardym. Gabaklarym şeýle bir agraldy welin, her ýazýan gutlag hatymdan soň gözümi açyp durmam kynlaşdy. Görgi ýamanyny gördüm.
125, 279, 400, 689... ýazdym, ýazdym, ýazdym. Belli bir wagtdan soň men galama däl-de, galam maňa diýenini etdirmäge başlady. Ýöne şonda-da ýazýardym:
“Siziň we ýanýoldaşyňyzyň baýramynyň hormatlamak bilen gutlap, saglygyñyzy we üstünlikli günleri nyýaz edýärin”.
“Siziň we ýanýoldaşyňyzyň baýramyny hormatlamak bilen gutlap, saglygyñyzy we üstünlikli günleri nyýaz edýärin”.
“Nyýaz edýärin, üstünlikli günler siziň bilen aýalyňyzyň baýramyny gutlanda...”
“Gutlanda aýalyňyzyň baýramyny hormatlamak bilen saglykly günler dileýärin, Nyýazy ikiňizi bilelikde ederin...”
“Nyýazy bilen birlikde siziň we aýalyňyzyň baýramyny gutlanda aýratyn saglyk ederin...”
“Ilki baýramyňyzy edeýin, soň aýalyňyz bilen Nyýaza üstünlikli günler diläýin...”
“Siziňem, aýalyňyzyňam, Nyýazynyňam baýramyny hormat bilen edýärin, saglygyñyzy dileýärin...”
“Saglykly aýalyňyzyň baýramyny hormat bilen gutlap, Nyýaza-da üstünlik arzuw edýärin, şol bir wagtyň özünde özüñem ederin...”
“Baýramyňyzy etmänkä ilki aýalyňyzy hormat bilen gutlap, Nyýazynyň gözlerinden öpýärin...”
“Siziňem, aýalyňyzyňam, Nyýazynyňam, baýramyñyzam, dynjyñyzam, öten-geçenleriñizem... hormat bilen edýärin...”
Ertesi iş başlamanka gözüm gan guýlan ýaly ýagdaýda gutlag hatlaryny ýazyp gutardym. Müdir hatlaryň birküç sanysyna seredip:
- Berekella! Dynanyň gowy boldy. Derrew bukjalaň! – diýdi.
Derrew bukjaladyk.
Üç günden soň ilki müdirimizi, yzyndanam men pahyry bukjaladylar.

Eziz NESIN.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 155 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 5.0/1
Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 11
0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şu hekaýadan soñ arada biri:
- Maska ü.n (Adm.kodeks 78-nji mad.) ýazylan 1500-den gowrak protokollara başlygyñ ýerine gol çekip bolyançam golum başky 500-inde birhili, ortasyndaky 500-de başga hili, soñky 500-inde-de düýbünden başga hili bolup gitdi, ilkibada barmaklañ ruçkany oynadyan bolsa, soñabaka ruçka barmaklaryñy süyräp oynayan eken - diýip gülýär... ))

0
10 mango   [Mowzuga geç]
Düzediş funksiýasy bolmansoň gaýtadan girýän:
…Gadymky ýaşlar (gullukdaky agalarymyz) hatlaryny salam-helikden soň “SSSB ki” ýagny, “salamdan soňky sözüm budur ki”…. :-) diýip başlardylar…..

2
2 mango   [Mowzuga geç]
Gowy terjime bolupdyr.
Ikije bellik:
1) “Sizin ve eşinizin bayramını saygıyla kutlarken, sıhhatli ve başarılı günler niyaz ederim”.
“Siziň we ýanýoldaşyňyzyň baýramynyň hormatlamak bilen gutlap, sagdyn we üstünlikli günleri nyýaz edýärin”

“baýramynyň” diýen ýerini “baýramyny” bolmaly öýdýän.

2) Derrew bukjalaň! – diýdi.
Derrew bukjaladyk.
Üç günden soň ilki müdirimizi, yzyndanam men pahyry bukjaladylar.

Postalamak - poçta ugratmak bolany üçin “bukjalaňlaryň” ýerine “ugradyň” diýilse-de boljak eken. Pikirimçe.
Derrew ugradyň.
Ugratdyk.
Bizem ugratdylar - diýen ýalyrak.

Ýöne, elbet terjimeçi has gowy biler.
Gutlagyň ýerlerini çalyşyp ýazýan ýerlerinde-de az owlak bellik edip boljak welin, kän möhümem däl.
Umuman terjimeçä berekella.
Üstünlikler.

-1
3 olyarecep27   [Mowzuga geç]
bukjalaňlaryň” ýerine “ugradyň” diýilse-de boljak eken. Pikirimçe.
Derrew ugradyň.
Ugratdyk.
Bizem ugratdylar - diýen ýalyrak.

Belki güldürmek maksady bilen bukjalamak has ýerinde ýaly ☺

1
4 mango   [Mowzuga geç]
Ýyl 1965. Şo döwürler dünýede (belki häzirem) открытка diýilýän şol kartlaryň arkasyna gutlag ýazylyp açyk görnüşde, bukja salynman iberilýärdi. Onam göz öňünde tutmak gerek.
Ýadymda bizem täze ýylyň öň ýanynda poçta ylgardyk, 3 köpüklik otkrytkalary almaga.
8-nji martyň öň ýany oglanlar poçtadadyr, 23-nji fewralyň öň ýanam gyzlar…. :-)

1965-de ýazylan türk otrkytkasyndan nusga:
https://www.kitantik.com/product....pfl18gk

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hekaýanyñ gozgaýan düýp meselesini - hemme döwürlere (ylaýta-da, häzirki döwrümize), hemme (dogrusy, käbir) jemgyýete mahsus "urra-urralygy", harsallygy, birmeñzeşligi, adamlary (Zähmet kodeksinde) bellenen iş wagtyndan artykmaç işledeñde getirjek netijesini... we ş.m başga-da birnäçe jemgyýetçilik nogsanlyklaryny mümkin boldugygyndan asyl nusgasyndaky ýaly we häzirki döwüri-de teýeneleýän şekilde berip bilendirin diýip hasap edýärin (her bir eseriñ gymmaty-da ýazylan döwrüne baglanyp galman, soñky döwürlere-de degişli bolup bilýänliginde bolsa gerek). Onsoñ bu "kart-mart, otkrytka-matkrytka..." meñ ü.n-ä möhüm däl (köpler üçinem şeýledir diýip pikir edýärin).
"Bukjalamak" sözi hem şoñ ýaly (güldürmek maksatly).

0
Sen 1960 bir zat dagy bolmaly da

1
7 mango   [Mowzuga geç]
Tehologiýa ösensoň, indi bukjaly hat, ýa açyk-kart (otkytka) ulanyşdan galan bolmaly.
Ýöne, köpler mekdepde bir-birekden ol gutlag kartlaryny alyp görendirlermikä diýýän.
1990-larda ulanylan bolmaly.
——
“paketlenmek” barada doktordan eşden gara ýumorym:
"Ötüşdirseňiz iki gün ýatarsyň, üçünji günem paketlenip öýüňüze gaýdarsyňyz…”

-1
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýurdumyzyñ edaralarynda ýolbaşçylar biri-birlerine gutlag hatlaryny konwertläp (bukjalap) häzirem ugradýarlar. Gutlag hat alşyp-berişmäniñ tehnologiýa dahyly ýokmuka diýýärin.

0
9 mango   [Mowzuga geç]
Hawa. Tehnologiýa üýtgedi diýýänim, ozallar esgerdäkilere poçtadan hat iberilerdi. Bu gowy zat, hat ýazýana-da alýana-da. Sebäbi hat ýazaňda, beýni, pikir, el…. işleýär, indi bilemok hat ýazman telefonlaşýalar, imolaşýalar…. Şony aýtjak boldum.
Hat ýazmak gaty gowy zat. Gadymky ýaşlar (gullukdaky agalarymyz) hatlaryny salam-helikden soň “SSSB ki” ýagny, “salamdan soňky sözüm budur ki”…. :-)
Elbetde. Hat ýazmak taryha garyşanok entek…. Daşary ýurtda okaýan çagasyna, ýa gullukdaky çagasyna hat ýazmasa-da adamlar türmede oturanyna ýazýandyrlar. Diýmek, poçta köne-täze tradisiýalary bilen diri we gerek zat.

-1
1 olyarecep27   [Mowzuga geç]
Aziz Nesin, Türk edebiýatynda öz ornuny sosialistik düşünjesine we durmuşyna bolan garaýşyna laýyklykda ýazylan hekaýalarynda ulanýan özboluşly gülkünç sözleri bilen eýeleýär. Ol tapawutly ýazyjy. Tankytlaryny we garaýyşlaryny, hekaýalarynda hakyky durmuş işjeňligi bilen görkezýän ýazyjy. Jemgyýetçilik özgerişleriñ kämilleşmesi üçin korrumpirlenen ulgama işjeň garşylygy görkezýär. ( Gülmemek elde değil ☺)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]