11:48
Baýramçylyk gutlagy

BAÝRAMÇYLYK GUTLAGY

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylyk toýyna ildeşlerimize gutlag sözlerim!

Bagt guşy bolup girsin gapyňdan,
Alyp gelsin mähir bilen söýgini,
Penjiräňden agzybirlik girsinde,
Alyp gitsin gussa bilen gaýgyňy.

Öýlerňize bagt nuruny çaýsyn,
Gülki dostuň bolsun, üstünlik hemraň,
Esasy zat polat deýin jan-saglyk,
Başyň dikläp gezip ýörgün sagaman.

Ömrüň derýa ýaly, durmuşyň süýji,
Mertebäň daglar deý bolsun belentde,
Adamkärçiligiň, akyl, paýhasyň,
Bilen mydam illere bol görelde.

Baýramyňa sowgat bolsun bu goşgym,
Ruhuňa ruh goşsun, belentde parlap,
Ýürekden çykan söz ýürege barýar,
Sözler çemenini bogupdym saýlap.

Gurbanmämmet MEREDOW.






Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 3.6/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Gysgajyk goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Syrajetdin Nagyşbendi / Goşgular - 14.04.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Bakylyk / Goşgular - 15.03.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 16.03.2021
Perwana / Goşgular - 11.02.2021
Yşgyñ eýesi / Goşgular - 08.02.2021
Palaw atar, eje / Goşgular - 10.02.2021



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
Bagt guşy bolup girsin gapyňdan,
Alyp gelsin mähir bilen söýgini,
Penjiräňden agzybirlik girsinde,
Alyp gitsin gussa bilen gaýgyňy.

1) Bagt guşy bolup girsin gapyňdan...
bagt guşy bolup kim girmeli?

2) Näme sebäpden agzybirlik penjireden girýär? gapy barka penjireden girmek etika ters. "gapydan kowsalar penjireden gir" diýilýän aýtgam bolmaly. ýagny, işiňi bitirmän gitmezlik, gapydan kowsalar, ikinji girişi (penjiräni) ulanmak....
indi nähili düşünmeli agzybirligiň penjireden girişine?

---

Ruhuňa ruh goşsun, belentde parlap,

şu ruha ruh goşulyşyna-da düşünip bilemok.

hemem, bu goşgyňy "dostuma gutlag" diýip ozalam ýaýradan ekeniň.
(seret: http://www.talyplar.com/index.php/posts/77980 )
häzir bolsa "garaşsyzlyk gutlagy" bolup du...
goşgy kime?

0
1 Aksary   [Материал]
Penjiräňden agzybirlik girsinde,
Alyp gitsin gussa bilen gaýgyňy.

Penjireden agzybirlik girenden soñ gussadyr gaýgylary kowup özi galsa gowy bolardy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]