00:50
Baýram han Türkmen hakynda
BAÝRAM HAN TÜRKMEN HAKYNDA

XVI asyrda dünýäde jemgyýet ösüşi ugrunda Gündogar we Günbataryñ arasyndaky ýaryş özüniñ aýgytly döwrüni başdan geçirýärdi. Gündogar gadymy beýikligini saklamak üçin harby ýeñişler ýaly serişdelere daýanýan bolsa, Günbatar tilsime, heniz barlanmadyk dünýäniñ syrly we düýpsüz baýlyklary bilen gyzyklanýardy. Gündogarda şol ýaryşyñ esasy ganatlarynyñ biri Hindistandaky beýik Teýmiriler (Bahadyrly türkmen döwleti -t.b.) imperiýasy. Şol imperiýanyñ döremeginde, berkemeginde, rowaçlanmagynda Teýmir hanedany bilen bilelikde türkmen serkerdesi Baýram han Türkmeniñ hem örän uly goşandy bardyr. Alymlar M.Aýdogdyýew bilen A.Nazarowyñ 2004-nji ýylda çap etdiren "Baýram han Türkmen we onuñ döwri" diýen kitaby şol şahsyýete bagyşlanan.
Baýram han Türkmen ýa-da şoña belli bir derejede degişli meseleler hakynda dünýäniñ, esasan-da Orta Gündogaryñ ylmy edebiýatynda ep-esli kitap ýazylypdyr. Türkmenistanda bu şahsyýet barada az iş edilmändi. Ylmy maslahatlar, konferensiýalar hem geçirilipdi. Türkmen okyjylary, taryh höwesgärleri olardan habarlydyrlar.
Ýöne häzirki gürrüñini edýän kitabymyzyñ awtorlary olara geregiçe belet bolmak bilen birlikde, Baýram han mowzugyny täzeçe, has doly işlemäge synanyşypdyrlar. Munuñ şeýledigini peýdalanylan çeşmelere seredeniñde-de, kitaby okanyñda-da görmek bolýar. Köpsanly çeşmeleriñ birinde Sukutar Reýiñ "Baýram han" (Karaçi-1990), Ram Kişar Pandeýiñ "Baýram han Türkmeniñ ömri we döredijiligi" (Hyrat-1989), Kepal Ramyñ "Tezkiratul Umara (Deli-1985) diýen kitaplary, başga-da birnäçe işler has täze maglumatlary özlerine jemleýändikleri, köp meselelere tankydy çemeleşýändikleri bilen aýratyn bellenmäge mynasyp. Mysallara ýüzlensek, şu wagta çenli Baýram hanyñ ilkinji aýaly Selime begim diýlip görkezilýän bolsa, awtorlar täze kitapda onuñ ilkinjisi Jemal han Mewatyñ gyzy (ady görkezilmändir) berýärler. Selime begimiñ garagoýunly-çagataý nikasynda bolup, Mewatyñ gyzy diýilýäniñ owgan maşgalasy bolandygy bu işde bellenilip geçilýär. Awtorlaryñ bu meseläni gün tertibine girizmekleriniñ özüne ýetik sebäbi bar. Ozal tagty elinden aldyran Humaýun şa Baýram han Türkmeniñ arada durmagy bilen, Sefewi türkmenleriniñ şasy Tahmaspdan ýardam soraýar. Şonda ýeterlik ýardam bilen Humaýuny üpjün eden Tahmasp Humaýuna hem-de onuñ hökümdarlygynyñ janköýeri Baýram hana täsirli owgan hanlarynyñ biri bilen gudaçylyk gatnaşygyny girişmekligi maslahat berýär. Bular şu teklibi kabul edipdirlerbse soñky hökümdarlyk döwründe ýañky guralan maşgala gatnaşygyndan köp peýdalar görüpdirler. Soñky wagtlarda Baýram han Türkmen Selime begime öýlenipdir. Kitapda Baýram han Türkmeniñ bir uýasy bolup, ondan hem iki sany ogluñ bolandygy aýdylýar. Olar Ysmaýylguly we Hüseýinguly. Soñky wagtlarda imperiýada görnükli ýerlerde gulluk edipdirler hem-de mydama Baýram han Türkmen bilen gatnaşykda bolupdyrlar.
Baýram han Türkmeniñ bir çowlugy Munym han öz wagtynda Hindistanyñ günorta sebitleriniñ biri bolan Bidarda Teýmiriler imperiýasynyñ dikmesi bolup işläpdir.
Baýram han Türkmeniñ imperiýanyñ öñündäki hyzmatlary hakynda kitapda has giñişleýin maglumatlaryñ berilýändigini aýtmak gerek. Patyşa Humaýun 1555-nji ýylda aradan çykandan soñ, mirasdüşeri, emma entek ýaş ýetginjek Akbaryñ atalygy bolan Baýram han Türkmeniñ özi döwleti dolandyrýar. Ol ýurtda, köşkde bidüzgünçilige, isripçilige, adalatsyzlyga ýol bermeýär. Döwletiñ merkezi dolandyryş wezipelerini alyp barýanlary berk tutýar. Bu ýagdaý uly emeldarlara ýaramaýar. Olar patyşanyñ entek "gögeleliginden" peýdalanyp, ony Baýram han Türkmeniñ garşysyna "terbiýeläp" başlaýarlar. Şuña garamazdan, "Hanlar hany" Baýram han Türkmene uly we harby unwan ýene-de berilýär. "Hanlar hany" adyny alaýmak añsat däl. Onuñ hormat-sylagy hem örän uly. Ýanynda 15 müñden 20 müñe golaý leşger saklamaga oña hukuk berilýär. Baýram han Türkmen ýanyndan 30 müñ adamlyk leşger saklapdyr. Olar bolsa agzybir, wepaly ýigitler eken.
Beýik Teýmiriler imperiýasy XVII asyryñ başlaryna çenli özünij kuwwatlylygyny saklapdyr we dünýäniñ iñ beýik döwletleriniñ biri bolupdyr. Şu beýik döwletiñ gurulmagynda, durkunyñ şeýle sagdyn tutulmagynda, uzak ýaşamagynda başarjañ, edenli we ukyply Baýram han Türkmeniñ hyzmatynyñ çäksizdigini kitabyñ awtorlary nygtaýarlar. Göräýmäge ýönekeý, emma dykgat bilen seredeniñde çuññur manyly bir mysaly getirmek hem artykmaçlyk etmese gerek. Teýmiriler köşgünde Baýezit Baýat diýen sene ýazary bolupdyr. Ol köp işler ýazyp galdyrypdyr. Bu ýazaryñ häsiýetli bir tarapy bolup, ol hem hiç kimden ýüz görmändigidir. Onuñ hatda patyşa Akbara hem "dinsiz" diýen ýerleri bar. Emma onuñ hiç wagtda Baýram han Türkmen hakynda tersin, ýakymsyz pikir aýdan ýeri ýok. Iki uly diniñ, uly medeniýetiñ arasyna düşen Akbar şanyñ musulmançylyk ygtygatynda daşky täsirleriñ köp bolandygyny ýazar aýtman durup bilmändir.
Kitabyñ ähmiýetli taraplarynyñ kändigini aýtmak bilen, okyjylaryñ öz beýik kowumdaşlarynyñ biri bolan tanymal döwlet işgäri, serkerde we şahyr Baýram han Türkmen hakynda öñküden has köp zatlary öwrenjekdiklerine, indi ony has hem ýakyndan tanajakdyklaryna ynanýarys.

Orazpolat EKÄÝEW-BAHARLY.

# galkynys_2004





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 337 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Orazpolat Ekäýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]