17:52
Baýguşlar
BAÝGUŞLAR

Biri-birisini başda bir goldap:
"Seniñki rast-da, seniñki rast".
Köne tama gelip gondular bile,
Ýaşaldy biraz.

Bir gün aýjyn sesli biri gygyryp,
Beýlekiñ ukusyn bozdy oslagsyz.
- Gerekmejek wagty ses etme how, sen!
- A sen, biwagt çagy ýatma islegsiz.

- Maña "sen" diýýärmiñ, gowsy gümüñ tap.
- Ýok, asla bu köşki taşlap gitmerin.
- Hä... seniñ bir... ine, taşlap gitmeseñ!
Şagallara şam ederin etleriñ.

- Gözüñi akdyryn, ynha, gör-de dur.
- Men seniñ diliñi sogyryn şeýdip.
- Men seni ganatdan aýraryn anyk
- Sesiñ çykmaz ýaly ederin gaýdyp.

...Aý, garaz, henizem şo köne tamy,
Özara paýlaşyp bilenokmyşlar.
Oña derek bir-biriniñ etini
Iýýärmişler...
Ýöne ölenokmyşlar
Baýguşlar!

Ahmet MÄMMEDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Ahmet Mämmedow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022
Ve “Ut Pictura Poesis” Adıdır Onun / Goşgular - 03.02.2022
«Фаусту прикидывался пуделем...» / Goşgular - 18.01.2022
Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022
Güýmenje / Goşgular - 26.01.2022
Ejeme hat / Goşgular - 23.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]