23:29
Baýdeniñ halypasy aññalak gapdyrdy
BAÝDENIÑ HALYPASY AÑÑALAK GAPDYRDY

Bir taryhy ýatlatma: Amerikan goşunyna degişli "Apaçi" wertolýoty 2007-nji ýylda yrakly žurnalistleri oka tutup, ýönekeý raýatlary pürreläpdi. Munuñ subutnamalaryny orta çykaran WikiLeaks-yñ gurujysy Žulian Assange tussag edildi. WikiLeaks maglumatnamalary Yrakda bolup geçen gyrgynçylyklary ýüze çykarypdy, ýöne muny hiç kimse agzamak islemedi. Olary paş edenem Angliýada tussaglykda saklanýar we azatlykçy ABŞ onuñ kellesini isleýär!
Dowam edeliñ...
Günbatar mediýasynyñ we analistleriniñ jogap gözleýän sowaly şu: Halkara sanksiýalar Russiýany Ukrainada togtadyp bilermi?
Mysal üçin...
ABŞ-nyñ daşary syýasatyny kesgitleýän we Baýdeniñ häkimiýete gelmeginde uly roly bolan "The Council on Foreign Relations" (CFR) - Daşary aragatnaşyklar geñeşi-de şu sowalyñ jogabyny gözleýänlerden.
CFR-nyñ ykdysady hünärmenlerinden Anşu Siripurapu öññin şu kesgitlemäni berdi:
“…Krymyñ Russiýa birikdirilmeginden soñ amerikan sanksiýalarynyñ Russiýanyñ ykdysady ösüşini haýalladandygyny, emma onçakly köp haýalladyp bilmändigini görkezýär. Emma Moskwany sagdan-soldan urýan soñky sanksiýalar düýpli netijeleri döretjege meñzeýär."
Ýeri, Russiýanyñ sanksiýalara garşylyklaýyn hemleleri nähili bolup biler. Siripurapudan okalyñ:
“…ABŞ we Ýewropa koordinasiýaly sanksiýalar Russiýanyñ dünýäniñ iñ populýar rezerw pul birliklerine bolan ilteşigini kesendigini añladýar. Russiýa kömek üçin Hytaýa ýüz tutup biler, bu iki ýurt dollarsyz söwdany ýola goýmak üçin birnäçe ýyllap bilelikde iş alyp bardy, emma ýuan Hytaýdan başga ýerde ulanylýan pul däl."
Emma...
Beýleki analitikler sanskiýalaryñ bir özüniñ taryhy taýdan Eýran we Demirgazyk Koreýa ýaly döwletleriñ ümzügini üýtgetmäge mejbur etmändigini öñe sürýär. Amerikan syýasatyny kesgitleýän şahslardan CFR-iñ başlygy Riçard Haass "Sanksiýalar esasy zat, emma her derde dowa däl" diýip ýazýar. Riçard Haass diýlende bürgütler ýada düşmeli dälmi? Nämüçin diýlende?
Çünki… Türkiýede häzir amerikan ýaýrawçylygyny ýa-da NATO-nyñ üsti örtülen operasiýalaryny gürrüñ berýänlere "rusparaz" diýýänler şu ikiýüzlilige näme diýerlerkä eýse?

• ABŞ-nyñ "beýnisi" aç-açan ýazdy

24-nji fewralda "New York Times" gazetinde çykan makalasynda Haass Russiýanyñ çozuşynyñ üstünden Wýetnam, Yrak, Owganystan operasiýalaryny esasly görkezmäge synanyşdy:
“…Iki dürli uruş bar: Ikinji jahan urşy we 1991-nji ýylyñ Pars aýlagy urşy ýaly wajyp döwlet bähbitlerini goramak üçin we soñky çäre hökmünde harby güýç ulanylmagyny öz içine alýan mejbury uruşlar... Hem-de seçgi uruşlary, ýa-ga wajyp döwlet bähbitleriniñ ýoklugynda ýa-da harby güýji öz içine almaýan seçgileriñ iş ýüzündedigine garamazdan geçirilen ýaragly operasiýalar. Wýetnam, Yrak we çäkli başlangyç tapgyryndan soñ Owganystandaky uruşlar bu kategoriýa girýär."
Haassyñ "Wýetnam" tutarygyna biziñ "intellektuallarymyz" näme diýerkä, eýse? Ýatladalyñ:
ABŞ-nyñ dört prezidenti... Duaýt Eýzenhauer (1953-1961), Jon Kennedi (1961-1963), Lindon Jonson (1963-1969), Riçard Nikson (1969-1974)…
1965-nji ýylyñ 1-nji noýabrynda Demirgazyk Wýetnam bilen Günorta Wýetnamyñ arasynda başlan uruşda ABŞ Günortanyñ ýanyndady... 5 milliona golaý ýönekeý raýat wepat boldy. ABŞ-nyñ 66 müñ esgeri "wýetnam batgalygyndan" çykyp bilmän öldi.
ABŞ-da wýetnam urşy döwrüniñ Goranmak ministri Robert Maknamaranyñ ýolbaşçylygyndaky ýörite komissiýa 1945-1967-nji ýyllardaky amerikan-wýetnam gatnaşyklary boýunça ähli maglumatlary öz içine alýan gizlin beýanat taýýarlady. Harby analitik Daniel Ellsberg amerikan döwlet işgärleriniñ we ýolbaşçylarynyñ halka dowamly ýalan sözleýändiklerini gördi. Maglumatlar prezident Lindon Jonsonyñ diñe halk köpçüligine däl, Kongrese-de dygysyz ýalan sözleýändigini subut edýärdi. Bir ýarym ýyllap maglumatlar Ellsbergiñ elinde galdy, hiç kimiñ çap etmäge bogny ysmaýardy. Ahyrynda bir žurnalist orta çykardy...

• Kelläñi guma sokma indi

2003-nji ýylyñ 20-nji marty... Okkupasiýanyñ başlanyna kän wagt geçmänkä yrak goşuny ýeñildi, Saddam Hüseýin ölüm bilen jezalandyryldy. ABŞ-nyñ öñbaşçylygyndaky koalizasiýa güýçleri Yrakda dilujy "demokratiýany" ornaşdyrma synanşyklaryna başlady. 2007-nji ýylda geçirilen barlaglara görä Yrakda takmynan 1 million raýat wepat boldy. 4.7 million yrakly ýerini-ýurduny üýtgetdi...
ABŞ-nyñ häzirem arkasynda duran yrak okkupasiýasyndan öñinçäsini-de unutmalyñ: Uruşdan öñ amerikan we iñlis hökümetleri Yragyñ köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyñ bardygyny we bu ýaraglaryñ koalizasiýa ýurtlary bilen hir hatarda birnäçe ýurduñ howpsuzlygyna düýpli howp abandyrýandygyny "intellektuallaryñ" üsti bilen jemgyýetçilige habar berdi! Saddam Hüseýiniñ "El-Kaidä" ýardam edýändigi ýazyldy! Emma... Bütin bu aýdylanlaryñ ýalandygy ýüze çykdy. Munuñ ýalandygy hut operasiýany gurnanlaryñ özleri tarapyndanam boýun alyndy. Näme boldy? "Intellektuallar" näme etdi? Kellesini guma sokdy we "Günbatar - medeniýetdir" diýip käkelemäge dowam etdi.
Eýse häzir näme?
Kim uruşyñ bolmagyny isleýär?
Kim meseläniñ diplomatiki ýollar arkaly çözülmegini islänok?
Riçard Haass şeýle diýýär:
“… Russiýanyñ Prezidentiniñ tutaryklary ýeterlik däl: Ukrainany öñümizdäki on ýylda ýa-da has soñ NATO-nyñ düzümine goşmak meselesinde belli pikire gelemzokdyk. Ukrainaly ruslar üçinem hiç hili howp ýokdy…”
Hiç kimse soraýyn diýenok:
ABŞ-nyñ, Angliýanyñ we Ysraýylyñ okkupasiýanyñ, operasiýalarynyñ we uruşlarynyñ bahanasy ýeterlik tutarykmydy? Soraýanlara-da "rusparaz" ýarlygy dakylýar.
Çünki… Ankaradan seretmäni unutdyrdylar!
Uruşa nälet, emma hemmesinden öñ imperialistik uruşa nälet!

Aýtunç ERKİN.

"SÖZCÜ" gazeti, 04.03.2022 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 182 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýtunç Erkin | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 9
0
3 Revo   [Материал]
Russiýanyň iň uly ýalňyşam, ýigrimi ýyllap urşa taýynlyk görüp hiç zada taýyn bolmazlygy. "Eder-eder, özüne eder."

0
2 Revo   [Материал]
"Uruşa nälet, emma hemmesinden öñ imperialistik uruşa nälet!"

Türk birligi, Osman imperýasyny gurmak düşünjesi we duýgusy bilen ýaşaýan žurnalistiň dilinden "imperialistik uruşa nälet!" kelemesi ýaňsylaýjy eşidilýär. Birem haçana çenli şu güni geçmiş bilen aklajak? Amerika Weýtnam urşunda-da, Yraga girende-de ýurt içinde tolgunşyklar boldy, adamlar köçä çykyp urşuň ýatyrylmagyny talap etdiler, köp çaknyşyklar amala aşdy, habar beriş serişdeleri Amerikan goşunlarynyň eden etdiliklerini paş etdiler we ýokary wezipeli adamlaryň köpüsi ýalňyş alan netijeleri üçin köpçülikleýin ötünç soradylar hem-de käbirleri işinden çetleşdirildi. Ol wakalar elbetde ýalňyş, adamçylyga, azatlyga, garaşsyzlyga garşy edilen zulum, ony ýatdan çykarmak bolmaz, ýöne haçana çenli geçmişiň hatalary bilen şu günki hatanyň ýüzüni ýuwjak?

0
4 Gökböri   [Материал]
Haçan gülesiñ gelse @Revonyñ teswirlerini okaýmaly.
Aýtunç Erkin we onuñ işleýän gazeti Türk birligi, Osman imperiýasyny gaýtadan gurmak ýaly boş arzuwlardan 77 million km daşdaky organ.
Hem düýnüñ amerikan imperial syýasatyndan şugünki gün nämeler üýtgedi? Aýdyp bilersiñizmi?
Ilki öwren, bil. Soñ ýaz.

0
5 Revo   [Материал]
Söner Ýalçin, Nejati Dogru, Aýtunç Erkin, Ýilmaz Özdil ýada beýleki "Sözçü" gazetiniň, öz ýurdunyň syýasy-ykdysady şowsuzlyklaryny (ýa-da dünýäniň syýasy-ykdysady kartasynda isleýän üstünliklerini gazanyp bilmeýänini) Amerikany garalamak arkaly özlerini aklamana çalyşýan içi kitüwli habarçylaryň ählisi meň gözümde birwagtky dünýäniň merkezi bolan Osman imperiýasynyň nostalgiýasynda ýaşaýan adamlar toplumyna girýär. Ýogsa köre aýan hakykatlary geçmişiň gümürtik wakalaryna garman, şu günüň anyk analizleri bilen açyklamana çalyşardylar. Haýsy bir geçmişde bolup geçen wakany şu güne çatjak. Amerikanyň daşary syýasytyna doly derejede düşünmesemem häzirki Russiýanyň alyp barýan syýasatyny, taryhyny, içerki wakalaryny türksümük özleriniň şahsy utulyşlaryny (Ilki Ýewropa birleşigine goşulyp bilmezlik, soňra Yslam birligi, indem Türk birligi atly hyýaly fantastik planlarynyň amala aşmazlygyny) Amerikadan görýän habarçylaryndan-a kem bilýändirin öýdemok.

0
6 Gökböri   [Материал]
Ýene bir sapar güldüreniñ üçin ýene bir sapar minnetdar. :)

0
7 Revo   [Материал]
Derdiňe derman bolýanyma begenýän. :)

0
9 Gökböri   [Материал]
Gülýän mendigime görä dert kimdedigi belli.

0
8 baharaliyeva39   [Материал]
İçi kitüwsiz jenap Revo!
Ol sanaýan gazetijelerden bilimiňiz ylymyňyz ýokary muňa şek şübhe ýokdyr. Teswirleriňiz görkezýär hemme zady. Ortada käşke olaryň dyrnagy ýaly bolup bilseňiz, içiňiz bular ýaly kitüwli bolmazdy....

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Berekella Aÿtunç ERKIN. Örän sagdyn netijeli pikirleri aydypsyñ. Gowy, düşnükli terjime edilipdir.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]