03:06
Baýar Öwez kim bolupdyr?!
BAÝAR ÖWEZ KIM BOLUPDYR?!

Yzymyza ser salyp otursak, gör nämeler bolup geçmändir?! Öz döwründe atlary äleme meşhur bolan adamlar diýermiň, soň bir sebäp bilen dünýä inmedik ýaly, atlaryny tutmak hem gadagan edilen adam ykballary diýermiň, aý, garaz, her hili wakalar bolup geçipdir-dä.
Şu ýazgymda hem men şeýle ykballaryň biri hakda söhbet açmakçy. Oňa Baýar Öwezow diýýärler. Ol öz döwründe diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin ýurdumyza belli adamdy. Köneürgenç raýonynyň «8-nji mart» kolhozynyň başlygy, Sosialistik Zähmetiň iki gezek Gahrymany Baýar Öwezowy bu günki gün ýaşuly nesil tanaýmasa, şindiki ýaşlar, ol hakda ýagşydan-ýamandan hiç bir zat bilenok.
Gowusy, söhbetimizi başdan başlalyň.
Ol sekiz ýaşyndaka ýetim galýar. Barly adamlaryň gapysynda batrakçylyk edýär. 1933-nji ýylda Şamyrat baý obasynda kolhoz gurulýar. Oňa­da Baýar Öwezi başlyk saýlaýarlar. Şol ýyl ol Aşgabada ýygnaga gelende Aga Ýusup Ala Baýar Öwezi görkezip: «Pagtany nädip ýygmaly, şuňa-da öwret» diýýärler. Aga Ýusup Alam degşip: «Aý, palaw kädi iýip ýören daşhowuzly, pagtany bilýämi?» diýýär.
Otuz dördünji ýylda olar ýene-de Aşgabatda sataşýarlar. Şo ýyl Baýar Öwezowyň kolhozy pagtadan köp hasyl alypdyr. Täze başlyk Aga Ýusuba ýüzlenip: «Ýaşuly, meňki ýaly pagta berjek bolsaň, onda senem palaw kädini köpräk iý» diýip degşipdir.
1938-nji ýylda oňa ilkinji gezek Lenin ordeni gowşurylýar. Oňa münmek üçin «Ýemka» ýeňil maşyny sowgat berlipdir. Kolhoz üçin bolsa üç tonnalyk ýük maşyn berilýär. Uruş başlananda bolsa, ol bulary fronta iberipdir.
filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Tagan Baýarow bilen söhbetdeş boldum. Şonda ol öz kakasy hakda şu zatlary gürrüň berdi.
- Uruşdan soňky ýyllaryň ekişi ýadymda. Dädem ekişi bir hepdeden uzaga çekdirmezdi. Özem traktor az bolany üçin düýe bilen hem ekerdiler. Ekin ekilýän ýer biziň öýümizden ýüz metr çemesi aralykda, emma şo wagt adamlar nämüçindir atyzyň içinde ýatýardylar. Dädem öýe gelip ýatmazdy. Atyzyň içinde ýatýardy. Gije-gündiz işlenerdi. Brigadiriň aýaly birinji işe çykmalydy. Başlygyň aýaly «Atyzda bamy ýa ýokmy?» Şony sorardylar. Ejem mydama kolhozda işledi. Ýadymda, kyrk ýediň açlygynda başlygyň öýünde iýmäge zat ýok. Nury şagal diýip, gurplurak adam bardy. Dädem şondan karzyna alty batman dary getiripdir. Ýaňy öe gelip otyrka, Atjyk aga diýip goňşymyz bardy, zwenowod, öe girip: «Başlyk, biziň-ä iýmäge zadymyz ýok» diýdi. Dädem öz diläp alyp gelen darysyny goňşymyza berip goýberdi. Ejem «Özüňde-de iýmäge zat ýok» diýse, «Taparys» diýdi. Şondan soň dädem, Baýjan diýip bir brigadir bardy, şoň ýanyna barýar. jöwen sorap. Ol başlyga jöwen bermändir. Boş goýberipdir.
Biz kiçijik bolamyzsoň açlygy kän duýmadyk. Ýöne soň-soňlar ejem gürrüň edýärdi: gazana suw guýup, şoň içine-de kerpiç taşlap aşagyna-da ot ýakar ekenler. Çagalar ýatsyn diýip.
Kolhozçy şo döwürler hor ýaşaýardy. Ýöne biziň ýaşaýşymyzyň kolhozçyňkydan hiç tapawudy ýokdy. Obada düýe zat soýulsa, başlygyň ogly diýip, şoň söbügini bererdiler. Şondanam çaryk ýasap geýerdik.
Kyrk dokuzynjy ýylda, ýadyma düşýä, ongünlüge kolhozçylar şo döwrüň puly bilen dokuz ýüz manat alýardylar. Kolhoz şol ýyl hasyllylygy 300 prosente ýetiripdir. Kolhozçy köp girdeýji aldy. Ýylda bir gezek oňa «Ine, seň girdeýjiň» diýip, iki bölekmi ýa­da üç bölek pul berilýärdi. Aşgabada gaýdanda köne puldan iki-üç ýüz manat bilen gelýärdi. Puluň ähmiýetine düşünmeýärdi. Öýümizde, ýöne, günortan, giçlik hökman nahar bişmelidi. Goňşularymyzam ýygnanmalydy. Her gezegem on-ýigrimi adamdan az bolanokdy. Köplenjem palaw iýlerdi. Özem gije sagat 10-dan soň palaw berlerdi. Adamlar ýygnanyşyp, indi başga adam gelmez diýlenden soň, nahar çekmäge rugsat bererdi.
Obada aýagy ýalaňaç gezerdi. Gara kemzoly bardy. Kellesine şypyrtma telpek geýerdi. Kemzolynyňam bir burçy oda ýanykdy. Diňe ordenlerini dakýan bir kostýumy bardy. Ýygnaga diýip oblasta, Aşgabada gaýdanda şony geýerdi. Gelibem ýygnap goýardy. O wagtlar toýda at çapyşygy bolardy. Ýakyn bolsa, at çapyşygyna eşek münüp giderdi. Her ýyl täze içmek tikdirýärdi. Şonam at çapyşygyna geýip gidýärdi. Kolhozyň aty çyksa, içmegi seýise serpaý berer gaýdybererdi.
«Baýar aga, atyň çykdy, gözüň aýdyň» diýip, başga biri telpegini alýa. Onsoň kellesine ýaglyk daňynyp gaýdyberýär. Jübüsinde bäş-üç manady bolsa, begenjine ile paýlaýar.
Kyrk dokuzynjy ýylda ýedi kolhozy birikdirip, bir hojalyk edildi. Ini on kilometr, boýam altmyş kilometr. Şoňa-da ýabyly aýlanýardy. Üç-dört günläp öýe gara bermezdi. Bir gezek obadan Aşgabada okuwa gaýtjak bolamda, ony uzak brigadalaň birinden tapdym. Ýol puly gerek. Şo wagtlaram samolýotyň bilediniň bahasy dört ýüz on üç manatdy. Kolhozyň kassasy-da, edarasam öýümiziň ýanynda. Ýöne şondan soralman zat alnanok. Kassirem berjek däl. Bizem baryp biljek däl. Elli kilometr gumuň içi bilen gidip, «Däde, pul gerek» diýip, aýdyp gaýtmalydy. Şonda özi aýdýar: «Bar, Atege aýt, saňa alty ýüz manat bersin». Hat, hiç zat ýok. Menem gelip Atege aýdýan, kassire. Kassirem maňa alty ýüz manat berýär.
Ynanylýar. Şeýdip okuwa gaýtdym. Kämahal öýde bir manat ýok. Üç gün-dört gün gidýärdi. Ekiş, bejergi wagty bäş-alty günläp gelmeýärdi öe. Şo wagt oba kino dagy gelse (aýda bir gezek gelýärdi), şoňa öýde pul ýokdur. Öýdäki sandygy ejem hiç wagt gulplanokdy. Içinde zat ýok. Ýöne şoň içinde onuň sapançasy bardy. Çaýam gu­ tarýar. Özi ýok bolsa «Bize bir kilo çaý gerek» diýip, baş buhgaltere aýtmaly. Magazinden dädemiň adyna ýazdyryp alýardyk şo çaýy.
Aty gowy görýärdi. Kolhoz üçin gowy atlaryň gözlegindedi. Bir gazakdan kolhoz üçin at satyn alany ýadymda. Iki müňe bahalaşypdyrlar. Gazak öýümize myhman boldy. «Aty berjek» diýensoň, dädem oňa hyzmat baryny edýär-dä. Ertir ol hoşlaşyp gaýdanda dädem oňa öýdäki ýekeje halymyzy hem sowgat berip goýberdi. Ýogsam, haly biziňki, atam kolhozyňky.
Obada diňe bizde demir flýaga bardy. Agyz suwuny şoň bilen daşaýardyk. Ine, aýdaly gyra, çopanlaryň ýanyna gitmeli, suw hem alyp gitmeli. «Bar, öýde dört sany flýaga bardyr. Şony alyp gaýdyň» diýer. Ejem «Biz näme bilen suw daşamaly» diýse, «Aý, sen taparsyň» diýer. Öýde suw kädisiniň bardygyny bilýär. Kolhozyň işi üçin bar zadyny berip goýbererdi.
Jaýymyz dört otaglydy. Çig kerpiçden salnan, on bir başam maşgala. Şonuň ýekeje otagynyň poly bardy. Olam gelýän myhman-mediwan üçin niýetlenendi.
Baýlyk toplaýyn diýen pikiri ýokdy. Kolhozyň adyny galdyraýyn, adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyraýyn niýet bilen işleýän adamdy. Ýogsam köşk ýaly jaýam gurduryp biljekdi, beýleki başlyklar ýaly. Dädemiň dogan-garyndaşlarynyň ählisi goňşy kolhozda ýaşaýardy. Şolardan ýekejesinem getirip, kolhozda olara emel berip, howandarlyk etmedi.
Men özüm birinji klasda üç ýyl okadym. Başda kän bir okuw bilen ugrum ýokdy. Şoň üçinem mugallym klasymdan geçirmedi. Üçünji ýyly «Ogluň ýaramaz okaýar» diýip, dädemi raýkomyň býurosynda diňläpdirler. Şondan soň ol meni berk kontrollyga aldy. Üçünji ýyly okap geçmeli boldum.
Uruş ýyllaram, soňam bize Ahaldan argyşçy kerwen köp gelerdi. Köp barýanynyň sebäbi, Baýar Öwez eline hat berip goýberse, milisiýa ol adamlara degenokdy. Ýogsa olary milisiýalaram geçirenok.
Baýramalyly Degiş aga bir gelende sowgat diýip bir keçe getiren eken. Gara öýde otyrdyk. Degiş aga: «Başlyk, şu keçe menden sylag bolsun» diýdi. Dädem şonda oňa «Taňry ýalkasyn, seniň häzirki ýagdaýyňda, men senden sowgat alyp bilmerin. Keçäňi geçen ýerine berip, olara galla äkit. Çagalaryň çörekden doýsa, şol maňa uly sowgat» diýdi.
Kerwen bilen gelenler ilki bilen dädemiň ýanyna gelýärdiler. Dädemem «Sen pylanyň öýünde, sen onuň öýünde borsuň» diýerdi. Çöregini tapýan o wagtlar bäş-alty öý bardy. Şolaňka bölüşdirerdi. Myhmanam iki aý bolýarmy, üç aý bolýarmy. Ýüklerini tutýança boluberýär. Her kerwende­de ýigrimi-otuz düe bar. Şo düýeler bilen gumdan öýüne odun getirmekçi bolýan adamlara ýol bermezdi. «Myhmanlara azar bermäň. Eger olaryň özleri odun getirip, satyp peýdalanjak diýseler, onda başga gep» diýerdi.
Instituty gutarmazymyň öň ýanynda komsomolyň Daşhowuz obkomynyň birinji sekretary Bally Ýazgulyýew meni kabinetine çagyryp: «Seni Köneürgenje, raýkomyň birinji sekretary edip iberjek» diýdi. Men: «Dädem, näme diýse, şo hili bor» diýdim. Bally Ýazgulyýew dädemden sorapdyr. Dädem: «Sekretar edip bu gün goýarsyňyz. Ertir kowarsyňyz. Şoň üçinem meniň aýdanym bolsa, entekler okatjak» diýipdir. Ine, sowady ýok dädemiň aýdany. Okuwa gaýdamda, dädemiň aýdany şu sözler boldy: «Arak içme. Hepdede bir gezegem hammamda suwa düşün». Onuň wesýetine eýerip, okuwy gutarýançam, arak diýlen zady agzyma almadym.
1961-nji ýylyň noýabrynda dädemi işden çykardylar. Bir gezek raýkomyň birinji sekretary dädemi ýanyna çagyryp: «Raýon üçin alty ýüz tonna pagta satyn al» diýipdir. Dädemem oňa: «Bolýar» diýmändir. Şo ýylam raýkomyň birinji sekretaryny artdyryp ýazma üçin işden aýyrdylar. Ol raýkomyň birinji sekretary bolup bary-ýogy bir ýyl işledi.
Aýdylany geçmänsoň, gahar atyna münen birinji sekretar dädemi ýok etmegiň ugruna çykdy. Onuň tabşyrygy bilen galp wedomost düzülýär. Aşagyna-da dädemiň goluny çekipdirler. Şo wedomostyň nomerini arza bilen Aşgabada iberýärler. Ozal şol galp wedomost bilenem otuz müň manat alnypdyr. Kolhozçylaryň ýerine­de gol çekilipdir. Soň ekspertiza berlende-de «kolhozçylaryň goly däl» diýen netije berdi. Kolhozçylaram «aldym» diýip, bilenok. Dädemi halas eden zat, wedomosta onuň gol çekmänligi boldy. Ekspertizada bu doly tassyk boldy.
Barlag dört ýyla çekdi. Kolhozy hemme taraplaýyn barladylar. Maldarçylykdan ýekeje kemçilik tapylmady. Pagtadanam ýekeje gram kemçilik tapylmady, Moskwadan bir aýal gelip, bazadaky pagtany ölçedi. Bazalar dogry çykdy.
Emma, barlag kolhozda buhgalter bilen kassiriň günäsi bilen 160 müň manat ýok edilipdir diýip, tapdy. Şonuň üçin kolhozyň buhgalterem, kassirem sud edildi. Dädemiň, pul iýdiň diýip, ýüzüne duran bolmady. Şonda-da dädemi dört ýyllap günde-günaşa prokuror sorag etdi. Türmä düşmese razy bolduk. Bada-bat obada dädemiň býusty aýryldy. Şondan soň raýispolkomyň başlygy öe gelip, dädemiň ordenlerini, Gahryman nyşanlaryny alyp gaýdýar. Dädem şonda raýispolkomyň başlygyna «Aý zyýany ýok, berýänem hökümetiň özi, alýanam. Bu zatlaň maňa altmyşdan soň geregem ýok» diýipdir...

• Meniň başga bir söhbetdeşim Orazmuhammet Saparow

Ol taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent. Baýar agany golaýdan tanaýan adam.
- O wagtlar Baýar aga Aşgabada gelende, maşynly öňünden çykýan adamlar indi ýüz öwürdiler.
Başga barara-da ýeri ýok. Aşgabada saglygyna seretdirmäge gelen Baýar aga «Gel, bizde boluber» diýdim. Dädem Sapar Beki bilen bile öýe geldiler. Şo gezek Hangeldi Bekmyradow (oňam şo wagtlar entedilen döwrüdi) dädem, Baýar aga biziň öýümizde oturyp, maslahat etdiler. Hangeldi:
- Baýar aga, seniň bu gezip ýörşüňe seni basarlar (basjaklaram çyn), meň Ýokary Sowetde işleýän gowy ýoldaşym bar. Brežnewiň ýanyna barybilýän adam (Brežnewem o wagtlar Prezidiumyň başlygydy). Seni Moskwa äkideýin. Mümkin bolsa, seni Brežnew bilen duşurjak bolaly - diýdi. O wagtlar Baýar aganyň Gahrymanlygy alynmandy. Ýöne partiýadan çykarylypdy.
Gahrymanlygam şu gün-erte alynjak. Özem ýygnaljak-da. Moskwa gitdiler. Ýokary Sowetiň ýuridik bölüminiň müdirine, Kalinyçew Fýodor Iwanowiç diýýärdiler. Gowy adamdy. Hangeldi ýaşulyň ýagdaýyny şoňa düşündiripdir.
Moskwadan gelenden soň, gürrüňden gürrüň çykdy. Çaý başynda Hangeldi:
- Baýar aga otuz ýyl başlyk boldy. Soýuzda tanalýan adam. Munuň bir daşary çykanda bäş-üç manat sowar ýaly puly bardyr - diýip, pikir eder ýörerdik weli, myhmanhanada bärden äkiden gaty çöregini çaý bilen ezip, iýip otyr - diýip, gürrüň berdi. Birtopar ýyl başlyk bolsa-da zady ýok eken. Oňa bolsa kolhozyň baýlygyny iýdi diýip, ýörler. Ine, bile ýoldaş bolanyň gürrüňi - diýip, Orazmuhammet Saparow gürrüň berdi. Baýar aga şo Moskwaly waka barada ogly Tagana gürrüň beripdi: 
SSKP MK-da Türkmenistan bilen meşgul bolýan iki sany işgär bulary kabul edipdir. «Işimi çykaryp, öňünde goýdy. «Ynha seň işiň. Biziň mundan habarymyz bar. Saňa hiç zat diýdirmeris. Hruşýowyň ýanyna barmak zerur däl» diýipdirler. Hruşýowyň aýryljagyny olar öňünden duýýan borly. Dädemem «Hruşşýowyň ýanyna barmasam, yzyma dolansam, meni basýarlar» diýipdir. Olar «Bizden birugsat basyp bilmezler» diýipdir. Hemme gürrüň gutarandan soň, olar «Sen myhmanhanada boluber. Biz özümiz senden habar tutarys» diýipdirler. Şol iki adam Brežnewe we şol wagtky SSKP MK-nyň sekretary Flor Romanowiç Kozlowa dädemiň ýagdaýyny aýdypdyrlar. Soň dädeme «Sen gidiber. Bizden rugsatsyz seni basyp bilmezler» diýip, aýdypdyrlar.
Soň SSSR-iň Baş prokuraturasyndan iki sany adam gelip, barlap, dädemiň işini ýapyp gitdiler.
Bu zatlar hakda biz anyk zat bilemzok. Näme ýazypdyr, näme günä ýöňkelipdir, anyk bilýän zadymyz ýok. Dädem pahyram döwletiň, halkyň öňünde näme günä edenini bilmän, ölüp gitdi.
Ýöne şondan soň «Prawdada», «Baýar Öwezowyň synmagy» atly makala peýda boldy. Makala çykandan soň onuň Gahryman nyşanlaryny aldylar.
Soň wagt geçip bir gezek makalanyň awtory Rahym Esenow bilen otluda bir küpede Çärjewe konferensiýa gitdik. Şonda ol maňa:
- Tagan, sen menden öýkeläp ýörme. Meni şol gezek gije sagat ikide turzup, äkidip ýazdyrdylar. Şo wagt men Moskwada, Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndadym ' diýdi. Men oňa:
- Meniň senden öýkäm ýok. Seň zakaz bilen ýazanyňa düşünýän - diýdim. Geň galmaly zat, şo makalada Öre Berdi diýip bir ýaşulynyň ady getirilýär. Ol biziň garyndaşymyz. «Sosialistik Zähmetiň Gahryrmanlary» diýen kitapda dädem hakynda makala bar. Şo makalada Öre Berdi ýaşuly hökmünde dädeme akyl-nesihat berýär. «Prawdadaky» makalanyň awtory bolsa şo kitapdan okan adyny getirip, oňa dädeme «Aý, sen azgynlyk etdiň» diýdirýär. Öre Berdi bolsa, şo wagtlar aýat-da ýok, birwagt ölüp giden adam.
Dädem altmyş sekiziň 28-nji iýunynda altmyş sekiz ýaşynda aradan çykdy. Ilki Daşhowuzda gan basyşy ýokary diýip, keselhanada ýatdy. Keselhanadan çykyp gelip, howludaky teläriň aşagynda oturan eken. Günortan jaýa girjek bolup ýerinden galýar. Jaýa girip barýarka, ýykylypdyr. Beýnisine gan inipdir.
Işläp ýörkä pensiýa alardy. Işden boşadylandan soň ondanam kesdiler. Oňa ýigriminji ýyllarda basmaçylara garşy göreşýän otrýadda gulluk edeni üçin pensiýa-da bellenipdi.
Men aspiranturada. Menden kiçisi goşun gullugynda, üçünji inim Aşgabatda student, dördünjimiz sekizinji klasda. Galanlaram aşaky klaslarda, mekdep ýaşyna ýetmediklerem bar. Hiç hili gazanç ýok. Nädip eklenmeli?
Hawa, inisi çopan bolansoň, käwagt bir goýun berýärdi. Arazgylyç diýip, brigadir bar, şoňa «Biraz bugdaý ekip ber» diýýär. Bugdaý ekip berýär. Ýöne obaň adamlary işsiz ýatan wagty, kesel ýatan wagty, onuň töwereginden aýrylmadylar. Ýeke goýmadylar. Halyny soramaga gelýärdiler. Ol diýseň degişgen, wäşi adamdy. Gelenlere degşip, gürrüň tapyp berýärdi. Dädeme menem kömek edip bilemok, aspirant, şo wagtam dört çagam bar. Ýöne ejem Gahryman ene. Kyrk manat pensiýa alýardy.
Dädemden soň kolhoza Gurbangeldi Gajarow ýolbaşçylyk etdi. Ol dädeme köp kömek etdi. Özi baryp näme haýyş etse, «ýok» diýmedi. Başga bir obada toý-märeke çagyrylsa, pyýada gitme diýip, öz maşyny bilen dädemi ugradyp goýberýärdi.
Ýogalanda, ullakan karzy-ha ýok eken. Zerur bolan wagtynda goňşudan alynýan karzlar bolýar. Elli manat, ýüz manat, alan karzlary bar eken. Soňra üzdük ony.

• Partiýa weterany Baýramdurdy Ataýew ellinji ýyllaryň ahyrlarynda partiýanyň Daşhowuz obkomynyň birinji sekretary bolup işläpdir. Ol Baýar aga hakda gürrüň bermäge göwünjeňlik bilen razylyk berdi

- Baýar Öwezowy men 1945-nji ýyldan bäri tanaýardym. Şo ýyl men partiýanyň Farap raýkomynyň birinji sekretarlygyna saýlandym. Respublikanyň oba hojalyk ugrundan işleýän işgärleri ýylda azyndan iki gezek Aşgabatda dürli ýygnaklara gatnaşýardy. Men şol ýygnaklaryň birinde Baýar Öwezowy gördüm - diýip, ol öz gürrüňine başlady.
- Ykbal çekip, elli ýedinji ýylyň ahyrlarynda partiýanyň Daşhowuz obkomynyň birinji sekretarlygyna saýlandym. Şondan soň maňa Baýar Öwezow bilen ýakyndan tanyşmak miýesser boldy.
Baýar Öwezow diýlen adam - sada türkmen adamydy. Halka edibilse ýagşylyk etjekdi. Ýamanlyk etjek däldi. Dana adamdy. Şonuň üçin obasynyň, raýonynyň adamlaram, bir işde kynçylyga duçar gelseler, ýa-da kyn bir işi çözmeli bolsalar, Baýar aga bilen maslahatlaşýardylar. Ondan akyl soraýardylar. Kolhozynyň işini bolsa, özüniň bäş barmagy ýaly bilýär. Daýhançylygyna-da, maldarçylygyna-da beletdi. Şol hatarda-da halk hakyndaky aladany ýadyndan çykarmaýardy. Kolhozda ýekeje adam mellegini wagtynda ekmän galdyrsa, şony baryp üstünde durup diýen ýaly ekdirerdi. «Sebäbi mellek kolhozçynyň ikinji girdeýji çeşmesi ahyry. Kolhozçynyň kömekçi hojalygy» diýip, aýdardy. Şonuň üçin Baýar Öwezi halk gowy görerdi. «Baýar aga» diýip hormat bilen adyny tutýardylar.
Kolhoz planlaryny ýylyň-ýylyna artygy bilen doldy. Elli dokuzynjy ýylda şeýle bir waka-da boldy. Şo ýyl oblastymyz pagta planyny dolmady. Üç prosent ýetmedi. Şonuň üçin bärden komissiýa bardy. Baýar Öwezowyň başlyklyk edýän «8­nji mart» kolhozynda-da barlag geçirdiler. Artel ustawynyň ýerine ýetirilişi barlandy. Şonda az-kem ustawda bellenendäkisinden kolhozçylara artyk ekdiripsiň diýip, Baýar aga gepem ýetirildi. Emma, hakykatyna garanyňda ol şeýle hem bolmalydy. Şeýle goşmaça çeşmelerden peýdalanmasak, kolhozçyny gurply, kolhozlary bolsa, hakyky kolhozlar etmek müm­ kin däldi.
Men obkomyň sekretary hökmünde, Baýar aganyň kolhozynda ustawdan artyk ekilipdir diýlen we beýleki raýonlarda artyk ekilipdir diýlip, çykarylan netijäni uly bir günä diýip, hasap etmedim. Obkomda-da muny ýöne ara alyp maslahatlaşmak bilen çäklendik.
1960-njy ýylda meni TSSR Ministrler Sowetiniň garamagyndaky Ýerli senagat baş uprawleniýesiniň naçalnigi edip bellediler.
Menden soňky obkoma baran ýoldaşlar, bilmedim nirden tapdylar, nädip tapdylar, altmyş birinji ýyl bolsa gerek, kolhozda näçe müň manat ýetmezçilik tapypdyrlar. Men şol wagt aýtdym: «Hä, şol kemçiliklerde Baýar aganyň-a öz gatanjy bolmaly däl. Eger men adam tanaýan bolsam». Çünki Baýar aganyň şunça ýyl kolhoz başlygy bolup, bir oňly ýaşaýyş jaýam ýokdy. Men oňa «Sen bir atly-abraýly kolhozyň başlygy. Özüňem Sosialistik Zähmetiň iki gezek Gahrymany. Saňa adamlar gelip dur, gidip dur. Munyň ýagşy däl» diýip, özüm bir iki otagly jaý saldyrdym, şoňa. Myhman zat gelende kabul eder ýaly.
Baýar aga şeýle arassa, päkize adamdy. Ol düýäniň çalyndan güýçli zady içen adam däl.
Bir gezek men Aşgabatda, myhmanhanadamy ýa-da köçede duşamda oňa «Bi nähili gürrüňler bolýar, Baýar aga?» diýip sorasam, ol maňa «Şu näme - diýdi - obkom? «Ak kagyz» diýdim. «Şuňa gara diýeniň bilen gara bormy?» diýdi. Men «Ýok, bolmaz» diýdim. «Onda şu şeýle» diýdi. «Maňa näçe gara ýöňkejek bolsalaram, men gara däl, ak. Ýöne meniň kör sowatlylygymdan peýdalanyp, kagyzda näme edilen bolsa, biljek däl. Barlag biler» diýdi.
Ýöne men bir zady aýdyp biljek. Baýar aga bilen bile işleşen kolhozçylardan, ony tananlardan «Baýar Öwez nähili adamdy?» diýip, sorasaň: «Ýaramaz adamdy, iliň hakyny iýýärdi, iliň namysyna degýärdi» diýen, meniň pikirimçe tapylmaz.
Soňky wagtlar respublikada köp ýyllar kolhoz gurluşygyna zähmet siňdiren adamlaryň atlaryny, ýolbaşçylyk eden kolhozlaryna dakmak ýaly gowy işler durmuşa geçirilýär. Ynha, Halaçda Jumaguly Mähremowyň, Daşhowuzda Orazgeldi Ärsaryýewiň, Maryda Gurbandurdy Atamyradowyň atlary dakyldy. Baýar aga-da ine, şolar ýaly adamlaryň biridi.
Gurbandurdy Atamyradow bilen Baýar aga ikisi gepde biri-birini ýeňmek üçin, degişmede bäsdeşlik edip ýören adamlardy.
Baýar aga hakynda sowady kemräkdi diýäýmesem, başga kemçilik aýdyp biljek däl. Başgalaram, tanaýan bolsa, hakykatçy bolsa, belkem aýtmaz - diýip, Baýramdurdy aga aýtdy.
Ine, gadyrly okyjy, indi Baýar Öwezowyň kimligini azda-kände göz öňüne getiren bolsaň gerek. Ol, özüniň otuz ýyl töweregi başlyk bolup işlän döwründe halk bilen dem alan, daýhan adam. Onuň aç ýerinde aç, dok ýerinde dok. Başarsa adamlara hemaýat eden adam. Şo döwrüň kolhoz başlyklarynyň käbirine mahsus, asla adamlary gorky astynda saklamandyr. Olaryň üstüne gamçysyny aýlamandyr. Öz ýüreginiň emrine garşy gitmändir. Raýkomyň birinjisiniň öňünde ýaýaplamanlygy üçin, onuň aýdanyna däl diýenligi üçin, ýaşynyň soňunda agyr günlere sezewar edilen Baýar Öwezow hakdaky söhbetimize şu ýerde nokat goýsagam boljak. Ýöne... Ýöne şeýle agyr jeza berer ýaly onuň eden etmişi nämedi?! Ine, şu sowal meni otursam-tursam biynjalyk etdi. Onuň jogabyny gözledim. Ony ýakyndan tanaýan adamlar bilen, onuň obadaşlary bilen bu hakda içgin söhbetdeş boldum. Olaryň hiçisi-de Baýar aga hakda ajy söz aýtmady. Käbirleri bolsa: «Nätjek-dä. Döwrüň özi şeýle boldy-da! Ýolbaşçylar çalyşýar, sen şolaryň birisiniň göwnünden turmasaň, öňki ähli zähmetiň bir köpük. Bir kemçiligiňi tapyp, galmaz ýaly edilýädi-dä» diýip, aýtdylar.
Döwür şeýlemişin! Ýöne döwri döwür edýänem adamlaryň özi ahbetin. Belki Baýar aga hakdaky meseläni başga hili hem çözüp bolardy. Ellinji ýyllaryň ahyrlarynda partiýanyň Daşhowuz obkomynyň birinji sekretary bolup işlän Baýramdurdy Ataýew söhbetiniň bir ýerinde: «Barlag geçirilende raýonlarda, şeýle hem Baýar aganyň kolhozynda-da kolhozçylara artykmaç ýer berlenligi anyklanyldy. Biz şonda munuň üçin olara günä ýöňkemedik. Ýer daýhanyň çöregidigine gowy düşünýärdik» diýdi. Haçan-da döwlet ýerleri daýhanyň öz eýeçiligine bermek hakdaky dogry syýasaty alyp barýan şu günki günde Baýramdurdy Ataýewiçiň pikiri has-da derwaýys ýaňlanýar. Bi, özbaşdak pikir ýöredip bilýän, daýhanyň tabyna has çuň düşünip bilýän adamyň pikiri. Şonuň üçinem biz bu günki gün öz döwründe daýhan horlanmasyn, topraga hyzmat etsin diýen adamkärçilikli maksatdan ugur alyp, kolhozçylara artykmaç ýer ekmäge hemaýat eden Baýar Öwezowy günäkärlemäge hiç bir jähtden hakymyz ýok.
Durgunlyk döwründe şeýle maksatdan ugur alyp işlän kolhoz ýolbaşçylarynyň gör, näçesi (muny men soýuzymyzyň möçberinde alýan) türmä basyldy. Soň olaryň aklanandygynyň hem şaýady bolduk. Olaryň täleýiniň ters bolmagynda hem gara ýürekli adamlaryň gara elleri ýatyr. Muny aýyl-saýyl etmek gerek! 1963-nji ýylyň 25-nji aprelinde TKP MK-nyň Prezidiumy B.Öwezowy SSKP-niň hataryndan çykarýar. Prezidiumyň 1964-nji ýylyň 6-njy fewralyndaky mejlisiniň karary bilen tanşyp otyryn. Onda «8-nji mart» oba hojalyk arteliniň kolhozçylary ýoldaş B.Öwezowdan ikinji «Orak we Çekiç» altyn medalyny gaýtaryp almak, onuň kolhozyň territoriýasynda oturdylan býustyny aýyrmak hakda teklip aýdýarlar diýen jümlä gözüm kaklyşýar. Ýüregim jigläp gidýär. Munda ömür boýy kolhozyň we onuň adamlarynyň aladasy bilen ýaşan adamyny ýene-de şol adamlaryň ady bilen garalamak niýeti ap-aýdyň görnüp dur.
Baýramdurdy Ataýewiň aýdyşy ýaly, Baýar Öwezowyň ýekeje kemçiligi bardy, olam onuň hat-sowadynyň ýoklugydy.
Ellinji ýyllarda özüniň bu kemçiligi hakda ýaşuly az oýlanmandyr. Döwür ösýärdi, sowatly ýerli kadrlar ösüp ýetişýärdi. Kolhoz-sowhozlara ýolbaşçylyk etmek üçin indi sowatly adamlaryň gerekligi mese­mälim duýdurýardy. B.Öwezow şonuň üçinem özüniň işden boşadylmagyny haýyş edip, degişli guramalara birnäçe gezek ýüz tutupdyr. Soňky gezek onuň haýyşyna partiýanyň Köneürgenç raýkomynyň býurosynda 1957-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda seredilipdir we oňa şeýle jogap berlipdir:

«Raýkomyň býurosy häzir siziň başlyklyk wezipesinden boşadylmagyňyz baradaky haýyşyňyzy kanagatlandyryp bilmeýär». 

Şo ýyl bolsa oňa kolhozyň gazanan zähmet ýeňişleri mynasybetli ikinji gezek Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent at dakylýar. Ol bu ada ilkinji gezek 1947-nji ýylda mynasyp bolupdy. Baýar aga Zähmet Gahrymanynyň toýuny geçirmek üçin kolhozyň kassasyndan 2.900 manat pul karz alýar.
«Eger-de ol baýlyk üçin ylganlygynda kolhozyň kassasyndan pul karz alarmydy?» diýen kanuny sowal hem ýüze çykýar. Emma, Baýar aganyň üstüne gara bulut inen wagty muňa kim ähmiýet bersin?! Barybir, ol puly kassa tabşyrsa-da, barlagçylar muňa başgaça reňk beripdirler. Garalamak üçin ony has çişiripdirler. Baýar aga bilen baglanyşykly materiallar bilen tanşyp, barlagçylaryň başga bir niýet bilen, ýagny raýkomda ýa­da obkomda oturan uly bir hojaýynyň görkezmesi bilen hereket edendiklerine ymykly göz ýetirýärsiň. Her etmeli, hesip etmeli, Sosialistik Zähmetiň iki gezek Gahrymany Baýar Öwezowy ortadan aýyrmaly. Olaryň bu gara pirimleri başa-da barýar. Ine, indi onuň adynyň gadagan edilmegine otuz ýyl geçipdir. Ýöne weli, ajy günlerem, süýji günlerem onuň bilen deň paýlaşan ýönekeý kolhozçylar öz hormatly ýaşulularyny - Baýar agany hiç haçan ýatlaryndan çykarmadylar.
Ýene-de bir zat meň üçin düşnüksiz bolup galýar. Olam TKP MK-nyň Prezidiumynyň kararynda B.Öwezowyň ikinji «Orak we çekiç» altyn medalyny gaýtaryp almak hakda SSKP MK-dan, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumyndan haýyş etmeli diýilýär. Emma, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazy bilen Baýar Öwezowyň Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen adyny, iki «Orak we Çekiç» altyn medalyny, Lenin ordenleriniň ikisini, Zähmet Gyzyl Baýdak ordenleriniň ikisini, Gyzyl Ýyldyz ordenini gaýtaryp alynmaly edilýär. 1964-nji ýylyň 15-nji iýunynda bu Ukaza SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy L.I.Brežnew gol çekipdir.
Ol Ukazyň gol çekilenine ýigrimi ýedi ýyl geçipdir. Ýöne B.Öwezowyň otuz ýyla golaý ýolbaşçylyk eden kolhozynyň kolhozçylary Baýar agaly meselä dolanyp gelinmegini isleýärler. Häzirki aýanlyk döwründe, gara gara, aga-da ak diýilýän döwürde, halk köpçüliginiň isleg-arzuwyna, talabyna diň salynar, mesele adalatly çözüler, diýen ýagşy umyt bilen, ýazgyma nokat goýdum.

aprel, 1991.





Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 636 | Добавил: Нawеran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Garaýolly   [Материал]
Örän inçeden ýazylan makala. 1986-ýylyň ýazynda bir juwazçy ýaşuly şeyle gürrüň beripdi: "Baýar aga meniň ýanyma künji ýag almaga köp gelerdi. Gaňňasynyň her ýanyna kiçeňräk ýag kanistir atylan eşegi bardy, şony münüp gelerdi. Meniň bn sagatlap gürrüňleşip oturardy. Pahyr, geçen günlerini ýatlap, häzirki entedilip ýörülşini aýdyp aglaýardy. Nähäk ýerden şu gara günleri görmeli boldym diýip juda hapa bolýardy. Ozal öňüňde lepbeý diýip durýan adamlar indi tananak, kese bakýarlar diýip gözlerini ýaşlap nalaýardy. Men oňa göwünlik bermeden başga delalat etmage ejizdim".

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]