03:13
Soñky kelamym
SOÑKY KELAMYM

Kämil mesgeninde tapyp dowamat
Bir pursatlyk gülüp bakan ykbalym
Altyn Dagym, küýsäp geldim delalat
Keramatly goýnuñ ruhy lukmanym-
Sarap seýik tutmaz ganatlarymy
Melhem eýläp merhemetli deräñde
Baş egdigim mährap bolduñ seždegäh
Täleý oýun oýnap hazan syranda
Pena bolup, galkan bolup, goraglap
Çirk ýetmegne ýol bermediñ şanyma
A men bolsa badyhowa bulutlañ
Çyrpynşyna saýyl bolup, alnyña
Arza gelip hünübirýan boluplar
Agras nazaryñdan okap müñ many
Õz õzümi umman içre uruplar
Gark bolup gitmänkäm ýalan salgyma
Synlap synlap, synlap gõzel jemalyñ
Tebil tapyp zer bürelen husnuñdan
Ýetip ruhy mekanyma hemayat
Soñky demde diýjek ýalñyz kelamym:
Görkli Dagym, başyñ bolsun salamat!





Просмотров: 357 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.4/8
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
1
1 Garaýolly   [Материал]
Ажап гошгы

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]