21:15
Başlanmanka soñlanan ömür ýa-da jemlemesiz şygryñ ykbaly
BAŞLANMANKA SOÑLANAN ÖMÜR ÝA-DA JEMLEMESIZ ŞYGRYÑ YKBALY

Ine-de, öñümde nämedir bir zatlar çyrşaşdyrmagyma garaşyp duran bitakat kagyz. Onuñ sahabyny ýürek dagymy böwsüp çykan çeşmepisint setirlerden doldurasym gelýär. Dogrusy "meni ýaz-da, meni ýaz " bolşup beýnimde hyñ berýän pikirlerim barmak büküp sanardan kän. Haýsysynyñ ujundan barsañam, edil düýrlenen ýumak kimin setirleriñ çöşlenip gidiberjekdigi äşgär. Ah, olar darajyk dünýämiñ ýeke-täk göwheri, hazynasy ahyry. Heý, olaryñ jilwesine, kereşmesine göwnüni gidirmedik, yşgynda sergezdan bolup, gijelerini çirim etmän geçirmedik galamgär barmyka? Menem şol söz yşgynda awara bolup, akyl sandygyny lükgeligine setirleriñ eline gowşuranlaryñ biri-dä. Onsoñ ajaýyp pikirler seni öz gujagyna dolmaga çagyryp durka, ýüzüñi sowup gidibermäge ýüregiñ ysjakmy? Wah, men barjak-la. Näler barjak. Ýöne, haýp. Haýp bireýýäm uly hyjuw bilen gyrasyndan gädilip, soñky nokady goýulmadyk şygyrlaryñ yzasy täze şygyrlaryñ başyna barmakdan çetleşdirýär. Ýok, olar wagt tapman, ýa-da nepis setirlerine göwnüýetmez garap çete taşlan şygyrlarym däl. Olaryñ her jümlesini setirini zehin daragtymda bitip, akyl şahasyndan sallanyşyp duran datly miwelerden doýurdym. Doýuramda näme?! Ylham çeşmesiniñ beýhuş eýleýji suwundan ganmasa, şygyr diýmäge diliñ barmajagy aý dogan ýaly. Ylhama-da günä ýöñkäsim gelenok. Olam soñky günlerde çagyrsam-çagyrmasam ýygy-ýygydan gapymy kakyp,"Meni gereklediñmi?" diýip geliberýär. Gelişine sözüm ýok. Ýöne haçanda gitmeli müddetinden has öñ ertekidäki Küllbikäniñ alñasap gidişi kybap gözden gaýyp bolanda, kejebämi darykdyrýar. Külbike aýakgabyny galdyrýar. Ylhamam ine, şu didelerime gözgyny garap duran jemlemesiz şygyrlary. Menem edil ertekidäki şazadapisint bialaçlygyma bagrymy oýkap galýan.
Göräýmäge, ýazyp oturkañ şygryñ özi ýüzugra jemlenip gidiberjek ýaly. Hany, şony gel-de men deý pikrine nokat goýup bilmeýäniñ ýanynda agza-da. Teý başaramok. Käte birsydyrgyn akyp duran durmuş akabasynyñ içinde howlukmaç ýüzüp ýörşüñe içki dünýäñe ser salmaga maýam tapañok. Jemlemesiz şygyrlara-ha asla. Onsoñ yşk kybap süýjilikde başlanan şygryñ soñy dahanda aýralyk kybap ajy tagam goýýar.
Jemlemesiz şygyr - başlanmanka soñlanan ömür, gunçasyny açmanka şahasyndan tänen bägül. Her gezek öñümde üýşüp duran kagyzlary tertipleşdirenimde, jemlemesiz şygyrlaryñ ýazylan kagyzyna gözüm düşýär-de, inim jigläp gidýär. Hamala diýersiñ, ýetginjekligimde goýberen säwliklerim saý-sebäpden ýaşlygymyñ ýoluna çykan ýaly. Ne-hä zyñyp bilýän, ne-de il ýûzüne çykaryp. Ne okap bilýän, ne-de okaman. Dogry, käte olary betbagt takdyryndan halas etmek üçin beýnime agram salyp, jemleme-de agtarýan. Tapýanam. Barybir, bir ýola göwnüñ suw içmedik jemlemäñ soñ-soñlaram ýüregiñe jüñk bolanok. Jemlämäniñ şygryñ iñ täsirli ýeridigini özümden öñki halypalaryñ şygyrlarynda Şeýde-şeýde olardan sowaşýan. Täze pikirlerem näme başda ýañzydyşym ýaly zol-zol akyl kerwensaraýynyñ kaşañ gapysynda gara berip dur. Menem öñki söýgiden galan hesretli ýatlamalarynyñ alawyny täze söýgiñ şatlygy bilen söndûrjek bolýan aşyklar mysaly setirlere sary atygsaýan.
Emma, ýene şol yza.

* * *

Jemlemesiz şygryñ ykbaly hakyndaky oýlanmama başlanymda muny bir şolaryñ gününe düşüräýmäbilşimdendir diýip böwrüme diñ saldym. Göwnejaý jemlemäni az agtardym diýsem ýalançy.
Radioda "Döredýän her bir eseriñde öz zehin perzendiñi dünýä indirýäniñi ýatdan çykarmaly dälsiñ" diýen jümlä diñ salypdym. Onsoñ her gezek jemlemesiz şygyrlarymy zibil bedräniñ düýbüne oklaýjak-oklaýjak bolup durkam,şu sözler ýadyma düşüp, netimden el çekýän. Barybir, olaryñ bu ýaşaýşy ýaşaýyş däl ahyry.
Ah, jemlemesiz şygyrlarym. Ebeteýsiz ýazaryñyz sizi nä güne duçar etdi? Gymmatly neşirleriñ bezemen sahaplarynda keşde bolmaly halyñyza, düşen ahwalyñyz nä? Haýyş edýän, göreçlerime naýynjar nazaryñyzy gezäp, mundan artyk müýnli duýdurmañ özümi. Nädeýin, ýazgydyñyz şudur-da. Bagyşlabilseñiz bagyşlañ. Geçip bilseñiz geçiñ günämi. Bir zady welin berk belläñ: Her täze ýazan setirimiñ, soñky nokady goýlan şygrymyñ şatlygy bilen bilelikde siziñ hesretiñizem gursagymda göterip gezýändirin.

Mahym NURGELDIÝEWA.

Makalaň çapa çykan ýyly: 10.2021 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Nesil" gazeti

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 107 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 2.3/3
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
Ýazjak bolup heläk ekeni. Sen Mahym redaksiyada işle. Saña peydaly bolar. Biziñem zatlarymyzy çap et

0
3 mango   [Материал]
Ine-de, öñümde nämedir bir zatlar çyrşaşdyrmagyma garaşyp duran bitakat kagyz. Onuñ sahabyny ýürek dagymy böwsüp çykan çeşmepisint setirlerden doldurasym gelýär.

mahym hanym, sahab - переплёт, обложка bolýar, ýagny kitabyň daşy. ol ýerde kitabyň ady we awtoryň adyndan başga zat ýazylanok. ol ýer "çeşmepisint setrileriň" ýeri däl ahyry.
aşaky sözlemde-de şol sahaby agzaýaňyz.

Gymmatly neşirleriñ bezemen sahaplarynda keşde bolmaly halyñyza, düşen ahwalyñyz nä?

umuman, oýlanmaňyz gaty çuňa çümmändir.
üstünlikler.

0
2 permanh2206   [Материал]
Dogry

0
1 Aksary   [Материал]
Jemlemesiz galan şygryñ ykbaly

Şeýledi şunuñ ady

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]