01:23
Başlangyç
BAŞLANGYÇ

Gijeler üstüňe abanyp dursa,
Itleriň üýrüşi ýaksa içiňi...

Gitseň,
Goştorbaňa salmasaň hiçzat,
Seni ýatlaýanyň ünjüsi bilen.
Yzyňda umydyň umytsyz galsa
Görüp ýer dyrnaýan ganatlaryňy.
Eýse nä?
Dogrudyr öýden kararlaryňam
Gargalaň garasyn ganatmadymy?!

Sen aldyň boýnuňa bu soňlar ýokka
Senden garaşylan günäleriňi.
Hany, mert bolsana,
Gelme özüňe!
Syrtyndan ýarala duýgurlygyňy,
Alga alynanok indi gözýaşyň.
Kemsindiň, jübileň gazapdan doldy.
Doldurdylar boşan bulgurlaryňy,
Damagyň doldy.
Lolular doldy,
Dolular doldy,
Bilmedik.
Bilenleriň soňam
Saç ýoldy boldy.

Gijeler üstüňe dursa abanyp,
Adamlaň boluşy ýaksa içiňi.
Täze dogan Aýy tutawaç edip,
Asmanyň gapysyn açsaň içine.

• Gorky

Gorkýan ähli zadymy
Unutdym.
Biraz ejir,
Tersi howp.
Reňkleri tüme boýadym,
Sesi ýitdi ýürekdäki reňkleriň.
Söýdüm aşmagy hetdimden,
Gursagmy ýyldyrymdan bogdum.
Her çatrykda, duralgada
Ýygnap ýörler ölimi.
Şo wagtlar men geýimlerimi çykaryp,
Gar tozganyň kölegesinde ýylandym.
Ýylanýardym.
Ýylan ýardy bäbenegimi,
Umyt bolup.
Gidip, jemendäniň içinde
Üç gezek bedenimiň talagyn berip
Gygyrdym açyp gulaklarymy.

Unudan ähli zadymdan,
Gorkup ýörün indem men.

• Çakylyk

Ruhum çuň pikirdir bedenmi basan,
Ybaratdyr pikirlerim ölümden.
Gökden injek gudrat bolsaň gel basym,
Başlamankam ile gelip gönimden.

Tolkunyň men bir damjasyn ýel alan,
Gahryna opuran daşly kenaryn.
Ýüregime talaň saldy alaman,
Ýara yzyn seň yşkyňa çenärin.

Takdyrymdan gyrkyp berdim bagtyma,
Düşnüksiz ýaşadym düşündigimçe.
Sen bir maňa "Gowy bor" diýp magtama,
Sen bir pese düşme düşürdigiňçe.

Dogrular süňňümden geçmese kaýyl,
Ýalanlaň ýolumdyr, dakdym halkasyn.
Şundan ötri şatlyk bolmaz, herdaýym
Gökden injek gudrat bolsaň gel basym.

Rahat ŞYHYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: Burgut | Теги: Rahat Şyhyýew | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022
Bäbejik / Goşgular - 12.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022
Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 8
0
8 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ine hakyky şygyr, Rahat Şyhy doganym ýaşyñ uzak bolsun! Hem-ä durmuşyñ, bolşuñ şahyrana bolmaly hem-de ÿiti zehiniñ sungat dünýesinde seýr edÿän bolmaly. Diñe ÿekeje haÿyşym: Şol üç gezek gygyran perÿadyñy indi bir gaÿtalamaweri! Türkmen şygryÿetiniñ hatyrasyna!

0
7 mango   [Материал]
Çakylyk.

Gökden injek gudrat bolsaň gel basym,
Başlamankam ile gelip gönimden.

Öňem bir içi ýanandan “gowumy ýagdaýlaň?” diýip sorasalar: “dogrymy aýdaýynmy?” diýýämiş…
:-) onuň ýagdaýy “gönüsinden gelse” - erbetmiş.
Goşga doly düşünmesemem haladym.
Üstünlikler,

0
6 mango   [Материал]
‘Gorkyň” etdirmejek zady ýog-ow.
Reňlerden gorkup ähli rekleri tüme boýamak.
Reňkleri tüme boýadym, (reňkleri aga boýadym, reňkleri reňksiz etdim….)
Sesi ýitdi ýürekdäki reňkleriň. reňkleri gepledip “hetden aşyp” bilipdir.
Üç gezek bedenimiň talagyn berip (bedeniňe talak berip ruhuňy azat etmek….)
Gygyrdym açyp gulaklarymy. (gykylygyňy eşitmegiň üçin gulaklaryňy açmagyň gowy usul, ýogsam öz gykylygyňy özüň eştmeseň, gykylygyň biderek….)

Gorkýan ähli zadymy
Unutdym.

Unudan ähli zadymdan,
Gorkup ýörün indem men.


Peýdasyz unutmak. Unutmak bilen gitmeýän gorky….
Goşgyň stilini haladym. Özünem haladym.

0
5 mango   [Материал]
Gijeler üstüňe abanyp dursa,
Itleriň üýrüşi ýaksa içiňi...

Gijeler üstüňe dursa abanyp,
Adamlaň boluşy ýaksa içiňi.

Içiňi ýakmajak bo:run
It bolup üýrmejek bo:run
Içiň ýanjak bolsa, adamam bolmajak bo:run
Içiň ýanmasyn…
Ýa-da ýansa ýansyn…

0
4 Mähriban   [Материал]
Üstünlik hemraňyz bolsun, Rahat!

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Täze dogan Aýy tutawaç edip,
Asmanyň gapysyn açsaň içine...

Jümşüldetdi ini...

0
2 Alaýabyly   [Материал]
Her goşgyň iň soňky bendinde däl-de, arasynda hem ýitije pikirler bolmaly. Edil B.Orazowyňky ýaly. Ýogsa, samrama adamy ýadadýar.

0
1 Haweran   [Материал]
"Duman daganda"...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]