23:06 Başlan-a men... | |
BAŞLAN-A MEN... Başlan-a men, gutaranam özüňdiň, Oň üçin bolmasyn gussadyr-kinäň. "Oskaryny" alanyňa bagtlymyň, Süýji ýalanlardan düşürlen kinoň. Ol kino arzuwym hem-de durmuşym, Ýatlap ony her gün, oturlar görlip. Sen şugla saçarsyň göwherden beter, Men poslan demir deý ýataryn gömlip. Dünýä baky bahar bolanda näme? Gussa bolsa kalba garlar ýagarmyş. Belki bir gün deňleşerin dünýäme, Bahar güneş bolar, garlar ýagar gyş. Bugdaý ekilmänkä iýip çöregin, Düýşde eken "bagtym" diýip eşdenim. Menem bir gün ykbalma gulak goýup, "Sen ýalňyz däl" sözlerini eşderin. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ «Ты никогда меня не спросишь...» / Goşgular - 23.01.2022 |
√ Georgiy Şengeliden goşgular / Goşgular - 23.02.2022 |
√ Первый снег / Goşgular - 16.02.2022 |
√ Снегопад / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022 |
√ Waspnama / Goşgular - 16.01.2022 |
√ Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022 |
√ "Bagty — bagtlylardan soraň gidiň-de!" / Goşgular - 23.01.2022 |
√ Клянусь / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Джульетта / Goşgular - 04.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |