21:41
Başgyrt pähimleri
BAŞGYRT PÄHIMLERI

Sowuk söz ýürege ýetinçä buza döner.

* * *
Akylla aýtma - özi biler, ýagşydan dileme - özi berer.

* * *
Perzent üçin enäniñ ýüregi agyrar, atanyñ - bili.

* * *
Akylla maslahat berseñ - minnetdar bolar. Akmaga maslahat berseñ - gülküsi tutar.

* * *
Ýigit ýarasyz bolmaz.

* * *
Nähoş bir sapar öler, akmak her gün.

* * *
Ýylan bilen dost boldugyñ - sokar.

* * *
Myhman az bolar, köp görer.

* * *
Işleýäne - çörek, işlemeýäne - uky.

* * *
Ýigit bir sözi iki sapar aýtdyrmaz.

* * *
Asylly kişi maksadyna ýeter.

* * *
Barmak bilen barmak deñ däl, ynsan bilen - ynsan.

* * *
Agyz egri bolsa-da, sözi düz bolsun.

* * *
Çaga atadan ýetim galanok, eneden ýetim galýar.

* * *
Boýuñ bilen däl, akylyñ bilen öwün.

* * *
Öte ätiýaçly bolmagam gorkulydyr.

* * *
Ýylanyñ guýrugyna basma, başyna bas.

* * *
Söze bakma - işe bak.

* * *
Ýöremäni bilmeýän ýoly horlaýar, geplemäni bilmeýän sözi.

* * *
Hassalyk put-putlap geler, mysgal-mysgallabam gider.

"Watan" gazeti, 1995 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Sözler | Просмотров: 83 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 3.0/2
Sözler bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]