03:16
Başga-başga
BAŞGA-BAŞGA

Titrär ýüregiňde dagyň depesi,
Gözlere sereder göz başga-başga.
Durlanar köňlüňde sesiň nepesi,
Demiňe sygmaýan söz başga-başga.

Garagum möwç urýar, dumanly seri,
Goýnunda gizleýär bar derdeseri.
Seni gynandyrýan iň erbet ýeri,
Bir ýoldan ýöreýän biz başga-başga.

Şäher gaçdy gözümiziň içine,
Myhman bolduk her bir gelen-geçene.
Oturýarys, wagt ýeter bir çene,
Köplükden döreýän az başga-başga.

Owadan güllere kim neneň dözer?
Bir ýerde asuda akýandyr güzer...
Uzakdan seretsek hemme zat gözel,
Depeden inäýsek, düz başga-başga.

Ikilenç gijeler başlandy sowap,
Güýzekini gyşda bolanok çolap.
Kagyz, galam, pikir, bukulýar jogap,
Duýgyň owazyny ýaz başga-başga.

Ters soraga dürs jogabyň geňlenýär,
Ak sahypa reňkli kagyz ýelmenýär.
Ýeller alyslarda nagma hiňlenýär,
Aýdym başga-başga, saz başga-başga.

Seýran OTUZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Aksary | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 3.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Ýatlama / Goşgular - 14.01.2022
"Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mähriban   [Материал]
Ýeller alyslarda nagma hiňlenýär,
Aýdym başga-başga, saz başga-başga.

Gowy goşgy!

0
1 Revo   [Материал]
Örän gowy goşgy. Berekelle awtor!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]