18:57
Başbermez Jelaleddin
BAŞBERMEZ JELALEDDIN!

Gowgaly eýýamda jahana inip,
Döşüň gerdiň tupanlara, gaýlara,
Söweşlerde öwrüldiň sen baýdaga...
Il saňa daýandy serdary saýyp.

Çingiz han haýygyp gyljyň badyndan,
Telpek goýdy, batyrlygňy halady.
Seniň badyň hut ýyldyrym ýalydy,
Döwüş gurduň iliň-günüň adyndan.

Duşman tupan ýaly süýşüp gelende,
Güýçli gollaň kuwwatyny synady...
Depäňde gerlen ölüm ganaty

Kürtüň külbesinde girä salanda,
Ajalyň garagna bakdyň öleňde, —
Horezmiň soňky şasy, zynaty!

Makalaň çapa çykan ýyly: Aşgabat "Magaryf" 1992 ýyl


Goşmaça bellikler: Wasiliý ÝANyň "Jelaleddin" kitabyndan alyndy
Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Gurgencli | Теги: Wasiliý Ýan | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021
Hyýal dünýäsinde hyýaly däl oýlar / Goşgular - 09.02.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Söýgi söhbeti / Goşgular - 19.03.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]