02:43
"Barybir bagyşlamajak ekenim..."
"BARYBIR BAGYŞLAMAJAK EKENIM..."

Barybir bagyşlamajak ekenim,
Barybir degdiler göwne.
Söz okundan ýagyr bolup,
Eşigim sal-sal bolup,
Dolanaryn tünegime.

Barybir dünýäm daraldy,
Ýene-de uçup bilmerin.
Göripler bilen deň bolup,
Men-menler bilen deň bolup,
Olardan arany açyp bilmedim.

Bahaňy wagt kesgitleýär,
Biweçleň, azgynlaň sözün
Diňlemesemem boljak eken.
Olary Alladan başga
Hiç kim düzetmejek eken,
Şoň üçin doganmyň göwnüne,
Degmesemem boljak eken.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Ümlük / Goşgular - 22.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Garga dilinden öwrenje terjime / Goşgular - 19.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 permanh2206   [Материал]
Kalba batýan sozler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]