21:35
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara”

"BARSAÑ, "DÖWRAN ÖTDI" DIÝGIL DAGLARA"

“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
(“Görogly” eposyndan)


Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym,
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
“Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn
Başyna täç etdi” diýgil daglara.

“Özün aýamady, çekdi ah baryn,
Diňe maňa diýip bildi ahwalyn,
Arzuwy gezmekdi arşy, asmany,
Onsam çüte bitdi” diýgil daglara.

“Deňizde gulaçlap, ýeňip tolkuny,
Ýaşajakdy yşkdan ýasap ýelkeni.
Zer kimin lowurdap, seçip ýalkymy
gezjek ýanar o:tdy...” diýgil daglara.

“Ýellere harpyk deý sowruldy” diý sen,
“Söýgüde armanly gowruldy” diý sen,
“Maksady ullakan oglandy” diý sen,
“Şatlyk hem hesretdi” diýgil daglara.

“Aý kimin arzyly, Gün deý ýagtydy,
Arzuwçyldy... Hyýallary tagtydy,
Behişti gözeliň duşjak bagtydy,
Bagtydy...
Bagtdy!” diýgil daglara.

Sapa HOMMADOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Bahar toý tutýar / Goşgular - 20.03.2021
Ýaşasyñ gelýar / Goşgular - 31.03.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Şonda... / Goşgular - 11.02.2021
Hudaý adyl / Goşgular - 12.01.2021
Aýtsana / Goşgular - 12.02.2021
Что ты любовь моя… / Goşgular - 04.04.2021
Всего комментариев: 3
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Sapa daýy, diýýän goşgyň şu bolmalymy?
----
Arzuwy gezmekdi arşy, asmany,
Onsam çüte bitdi” diýgil daglara.


çüte bitmek nämekä?
eştmedik sözüm.
---
Sapa kaka, birinji kupletde yşkyňy "başyna täç edýäň” üçünji kupletde-de ol "yşkyňdan ýelken ýasajak" bolýaň. два в одном. yşkyňy kalbyňda otlap göýberseň три в одном bolardy.
---
Zer kimin lowurdap, seçip ýalkymy
gezjek ýanar o:tdy...” diýgil daglara.


глянцевый zatlar (metal ýaly ýylmanak, parlak zatlar) ýalkym seçip ýalpyldaýar,....
hmmmm... "lowurdamak" bilen "ýanar ody" ýan-ýana getirmegiň.... bir sözlemde, bir pikirde getirmegiň.... ynjyk okujylar üçin ýerine düşmedik ýaly....
----
Behişti gözeliň duşjak bagtydy,
Bagtydy...
Bagtdy!” diýgil daglara.


soňlamada reklama gidipdir.
"men, MEN... ol gözeliň bagtydyryn. maňa duşan meni sypdyrmasyn! asla men bagtyň özi".

“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara” - owadan setir. dertli setir.

goşgy gowy däl diýsem - göwnüň çöker,
goşgy gowy diýsem - özüňe uly baha berip, özüňe zyýan berersiň.
indi men näme diýsemkäm?

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
Mango daýy çüte bolanda suwy iýmiti ýetmän göýdük galan ösümliklere aýdylýar.

0
3 Pegas   [Mowzuga geç]
Kiçijek belligiňize hem begenýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]