17:32 Bar zat öňküsi ýaly bo:r | |
BAR ZAT ÖŇKÜSI ÝALY BO:R Bar zat öňküsi ýaly bo:r. Üýşürip mellegiň çöpün-çalamyn, Ekenje mekgämi çöpläni üçin Hüňürdärin kepderilere, Ýene biparh gararyn Ömrüm çilýän hepdelere. Ýaz geldi, Ýaýla parç boldy... Hemme zat öňküsi ýaly bo:r... Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz. Bilýän bar zat gowy bolar, Garşy alaryn Güneşi, Gözüm gider gumrulara Jaýymyzda höwürtgelän, Ýumurtga bermäni üçin Käýinerin towuklara, Dirilige gark bolaryn Ýüzin düşüp gumaklykda... Bar zat öňküsi ýaly bo:r... Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz. Gynanmaryn, gyýylmaryn Yssyň öýmüze girenne, Enesine akyl berip, Nan bererin gijenine, Käte haýbat atan bo:run Goňşyň üýren köpegine, Elimden ak towuk çokar Iýmli girsem ketegine, Kaýyl bolaryn ejemiň iňirdisine, Inilermiň kötegine... Hemme zat öňküsi ýaly bo:r... Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz. Az-u-köp-u gussa dörär Garap Günüň ýaşanyna, Ýalta sygyr gaýdyp geler, Tünegine-ýatagyna, Ýene-de okap başlaryn Orun bermän ýaltalyga, Gijäm rahat bolar hökman Sag egnime ýatanymda... Bar zat öňküsi ýaly bo:r... Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz. *** Saňa jennet diýeýinmi Ýa-da obam diýeýinmi? Men seň bagtygelen gyzyň, Nädip özgäni söýeýin? Gözlermiň agyn görýärmiň, Garasynda-da öz roýuň. Başgalaram söýýär diýip, I:dip goýberm-ä Suraýyň. Nätjek, ýaradylşym şeýle, Söýmek alna ýazylypdyr. Ak owuz deý çaga söýgim Dowzahlarda ýakylypdyr. Obam, obam, obagähim, Göwün dagy küýsese-de, Asmanlara suwsasa-da, Daşdan şäheri söýse-de, Senden gaýry gidere ýerim ýok, Bilýänsiň. *** Narpyz goşup saçym ördüm, Ellerimi ýuwdum çopantelpege. Ýüze-de ýumurtga çaljakdym welin, Gysyk towuk ýumruk çenäp, Gaçyp gitdi ketege. Ýapraklar ýassygym boldy, Ýorunjalar düşejigim. Ýabyň boýundan mytdyllap, Geldi äwmezek pişigim. Baglaň arkasyn sypalap, Gözün öpdüm gaýta-gaýta. ... "Ýitdim" diýip ýördüm, asyl Gömlüpdirin tebigata. Suraý BABANYÝAZOWA. | |
|
√ Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Aýralyk / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Последний человек на Земле / Goşgular - 04.02.2022 |
√ Алоэ / Goşgular - 18.01.2022 |
√ Gysga şygyrlar / Goşgular - 27.02.2022 |
√ Men ak daglary gördüm / Goşgular - 13.02.2022 |
√ Öýke / Goşgular - 15.01.2022 |
√ Морской пейзаж с солнцем и орлом / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022 |
√ Стихи / Goşgular - 25.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |