21:07
Baku gijeleriniñ birinde
BAKU GIJELERINIÑ BIRINDE

Ol gije beslenip täk başyma men,
Deñiz gyrasyna seýle çykýardym.
Kä halka garyşyp ileri gidip,
Käte-de asmana durup bakýardym.
Bakdygymça ýene-ýene bakýardym.

Çünki gök ýüzünden kümüş gözli Aý,
Altyn zülplerini deñze dökýärdi.
Göýä ol gözeliñ aşygy - deñiz,
Galkyna-galkyna ýene çökýärdi,
Gaýtadan ýene-de zülpün öpýärdi.

Emma durdugyça, ol näzli melek,
Ýygnap zülplerini göge galýardy.
Bu gözel görnüşi duýdukça ýürek,
Bir otly söýgini ýada salýardy.
Aý peri düýrlenip ýene galýardy.

Käte-de süzülen humar gözüni,
Äleme bildirmän gizlin gypýardy.
Göýä wada berip gypanda gözün,
Ýarynyñ elinden zülpi sypýardy,
Aý peri gözüni ýene gypýardy.

Men-de gözelligiñ aşygy Gara,
Göz güldürip gaşlarymy kakýardym.
Kä gökdäki Aý perige ýüz tutup,
Kä-de deñiz tolkunyna bakýardym.
Bakdygymça ýene-ýen bakýardym.

Gara SEÝITLIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Haweran | Теги: Gara Seýitliýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Базар / Goşgular - 19.02.2022
Gözleg / Goşgular - 17.01.2022
Прости сердце / Goşgular - 25.02.2022
Мерцающий свет / Goşgular - 22.02.2022
Şemala / Goşgular - 18.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]