09:31
Bähri Melike
BÄHRI MELIKE

Seni görgeý süjäp gidýär gözlerim,
Asmanyñ düýşünden çykan hüýrsüñ sen.
Uçmah ummanynda aby-köwseriñ
Owsun urup, suwa düşüp ýörsüñ sen.
Seni görgeý dünýäm dönýär heýjana,
Aklym çaş eýleýär müşki-enweriñ.
Al saba bedeniñ sypap nazarlam,
Al saba bedeniñ görýär ellerim.
Eý, bähri melikäm, apatsyñ jana,
Hyýaldan owadan,
Yşkdan beýik sen.
Ýyldyrymdan bina bolan synaña,
Heserli-heýjanly deñzi geýipsin.
Sen owsunsañ, däli umman möwç urup,
Aşyk ýanýar,
asman ýanýar,
suw ýanýar.

Eý, yşkyñ hudaýy, ummandan däl-de,
Al asmanda ýüzüp ýörsüñ gulaçlap.
Eljireýäñ,
yşkdan çeñläp,
güjeñläp
Şuglaýy kamatyñ-kaddyñ uýalman.
...Otuz ýyldyr kalbym içre owsunýar
Suwperili,
Yşk-heserli şol umman.

Nobatguly REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Haweran | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Позови меня / Goşgular - 17.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Ybraýym daýy, dogry aýtdyñyz. Ýöne Nobatguly agañ waspnamalarynda ulanýan şahyrana dili, söz baýlygy başga şahyrlarda seýrek görülýändir. Edil şu ýagdaýy men Saparmyrat Türkmenbaşyñ döredijiliginde-de görüpdim:

"Bir bakyşda meni ýesir alan ýar
Ýesiriñ men, näme diýseñ bereýin
Bu jahana söýgi bolup gelen ýar
Ýesiriñ men, näme diýseñ bereýin
Elenýär jigerim, bagrym elenýär.

Howwa, men aýdýan däldirin kän, ýöne şahyranalygyñam aşygydyryn. Meselem Mätgurban Mätgurbanow:

"Sen gideliñ demirgazyk kösenýär
Ýoklugñy aklyna sygdyryp bilmän
Gijelerne ukusyndan kesilýär
Aýy öz wagtynda dogduryp bilmän".

Kakamyrat Rejebow:
"Men saña hiç haçan ýarym diýmändim
Saña owalbaşdan barym diýipdim
Ömrüme nur bolup garyl diýipdim..."

Aşyr Hanow:
"Gözleriñi gözlerime garat-da
Sen bir söz diý elewresin hyýalym
Men seniñ yşkyñdan serhoş bolaýyn
Bir ömür söýülip görmedik ýaly..."

Iñ meşhur mysal:
"Maña seniñ gözleriñden gitme ýok"

Romantika! Men şu zeýilli romantizmiñ dälisi.

0
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Çeper goşgy, halan zadymam: çuñ mazmuny bolmasa-da (diñe wasp), güÿçli, tapawutly jemlemesi bolmasa-da (Mahym ýegene ähmiýetli faktorlar) çeper gośgy ýazyp bolýan ekeni!? Meniñ pikirimçe bu goşguda haÿran galdyryjy faktorlar, bir-ä ony bezeýän abstrakt suratlandyrmalar (teswirler) hem-de ulanylan arhaik sözler we söz düzümleri. Ýöne, bir gosgynyñ düzüminde şunça köp gadymy alynmalary ulanmak dogrumy ýa nädogry, ol heniz jedelli mesele. Okyjy hasam türkmeniñ ýaş nesli goşgy okaÿan wagty birki sözi düšünmän, sözlügi agtarsa gošgynyñ hezili gaçman okap biler, ÿöne başdan ayak her bentde birki gezek sözlük açmaly bolsa, ol goşgudan lezzet tapyp bilermikän? Elbetde men Türkmenistanyñ ýaşlaryny bilmeýärin, belki olaryñ dili šu goşgynyñ derejesinde çeperleşendir, ýöne ýurduñ daşyndaky ýaşlar üçin-ä bu gošgyny okap düşünmek añsat bolmasa gerk!? Şahyr men diñe akademiýada oturan goja alymlar, sözlüge togap edÿän ýaşuly ýazyjy-şahyrlar üçin ýazýaryn diýse, onda düşnüki bolÿar.

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Bu goşguny öñ okamandym. Täze tapyldymyka ýa öñem bar bolup gazetde çap edilip, soñky çykan kitabyna (Kalbymyñ senasy) girizilmedimikä?
Kä ýerlerinde beýlekije goşgularyny ýatladyp gidýär. Meselem: Saña bagty nämä gerek pelegiñ, Söýgüden owadan, bagtdan beýik sen" diýen setiri bolmaly bir goşgusynda. Munda bolsa, "Hyýaldan owadan, yşkdan beýik sen" diýýär.
Gowulygyna welin söz ýok. Nobatguly aga türkmen edebiýatyna gelen iñ zehinli şahyrlardan biri.

0
1 Revo   [Материал]
Nobatguly aga gadymy Gresiýada doglan bolsa, gadymy grek mifologlaryndan müň esse ajaýyp, aklyňy haýran edeji, çeper mifleri dörede bilerdi. Bu goşgudaky tebigy hadysalar bilen gözel gyzyň keşbiniň utgaşdyrylşy we çeper beýan edilşi hem onuň şeýle potensiýala eýedigine subut etýär. Goşgunyň gowy emosiýal duýgulary oýaryp, ýüregiňi heýjana salmasy bolsa, öz hünäriniň inçeliklerinden gowy baş çykarýan hünärmeniň, halypanyň elinden çykan senetdigini görkezýär. Gowy goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]