00:36
Bahar Tosyýewa bilen döredijilikli söhbet
BAHAR TOSYÝEWA BILEN DÖREDIJILIKLI SÖHBET

Her bir ynsan dünýäni öz dünýägaraýyşy, düşünjesi boýunça kabul edýär. Kalbyna guýlan zehin arkaly wasp edip, dünýäniň gözel keşbini döredijiliginde beýan edýär. Zenan dünýäsi, zenan mertebesi her bir döredijilik eserinde öz mynasyp ornuny tapyp, zemin we asman ýüzünde şöhlelenýär. Şeýle şöhläniň sebäpkäri we döredijilik äleminiň şygryýet sahypasynda özüniň yşky we durmuşy mowzuklarda kalp joşgunlaryny setire geçirip, ynsan durmuşynda mynasyp orun alan şahyr türkmen gelni Bahar Tosyýewa bu gün biziň saýtymyzda myhmançylykda.

- Bahar, ilki bilen döredijilik toparymyzyň çakylygyny kabul edip, biz bilen gürrüňdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gürrüňdeşligimiziň başyny zenan kalbynyň gözelligini beýan edýän setirleriňizden başlaýsak.

- Zenan kalby bakylygyň gözbaşy,
Zenan kalby ýaşaýyşa dowamdyr.
Eger aýdym bolsa, bu goja zemin,
Zenan kalby şol aýdyma owazdyr.

Zenan kalbynyň gözelligi meniň pikirimçe wepa-ygrarynda, mährem ýüzünde we hoş sözünde bolsa gerek.

- Şahyrana döredijilikde zenan dünýäsiniň waspy.

- Zenan dünýäsi bu syrly dünýä, ol dünýä näzikligiň, päkligiň, mähremligiň, söýginiň, gaýduwsyzlygyň, mertligiň, wepalylygyň dünýäsidir. Şahyrana döredijilikde zenan dünýäsi gaýtalanmaýan gözellik, söýgi hem ygrar.
Zenanlaň dünýäsi gülden näzikdir,
Daýanjy halallyk, tugy söýgidir.
Ynam, söýgi hüwdi bilen gülleýän,
Zenanlaň dünýäsi syrly duýgydyr.


- Türkmen gelni bolmak nähili duýgy?

– Türkmen gelni arzuwlardan baglanan bir desse çemene meňzeýär. Ol çemende gaýyn atanyň mertebesi, gaýyn enäniň buýsanjy, baldyzyň süýji hyýallary, ýüwürjiniň begenji, saýlan ýaryň söýgüsi bar. Şolara mynasyp bolmak, şol owadan çemeni soldurman saklamak bolsa «gelin» adyna mynasyp bolan zenanyň borjy.
Bu duýgyny düşündirip bolmaýar,
Hem süýji, hem syrly gelin dünýäsi.
Ojagyň ýylysy, öýüň bezegi,
Arzuwlardan doly gelin dünýäsi.


- Maşgala mukaddesligi.

— Zenan hökmünde maşgala mukaddesliginiň binýady bir-birege bolan ynam hem hormat diýip düşünýärin. Ynam hem-de hormat ýok ýerinde söýgä orun bolanok. Agzybirlik bilen başlanan ynam duýgysynyň bar ýerinde şatlyk hem bagt bar.
Bir-birege söýgi hem sarsmaz ynam,
Saglyk-agzybirlik bolsa islegi.
Bir-birini goldap düşünişmeklik,
Ine maşgalanyň mukaddesligi.


- Milli lybaslarymyza garaýşyňyz.

- Milli lybaslarymyza garaýşym, olara bolan üýtgeşik duýgymy taryp etmäge söz ejiz. Millilik halkymyza Hakdan berlen uly peşgeş. Dünýä ýüzünde ýaşaýan ähli halkaryň milli lybaslaryna hormatym uly, emma halkymyzyň buýra-buýra ak telpegine, gyrmyzy donuna, aýna gonç ädigine, zerrin guşaga, milli keşdeli zenanlarymyzyň lybaslaryna, mundan başga-da köz ketenisine, şagyzlaryny aňk eden şagupbalaryna, yhlas bilen sünnälenip ylham çaýylyp ýasalan şaý-seplerine bolan garaýşyňy beýan etseň, bularyň waspyny ýetirseň hersi bir dessan. Bu ajaýyplyklar göreni haýrana goýup, döredijilik dünýäňe ruhy güýç berýär.
Milli lybaslarmyz giden bir bossan,
Bir-birinden gözel nepis suraýy,
Goç ýigitler geýse Siz Göroglydyr,
Gyzlarymyz geýse Ýunusyň taýy.

Ene-mamalaryň beýik yhlasy,
Ata-babalaryň ykrar-güwäsi.
Geljek nesillere alyp gideliň,
Milli lybas türkmeniň baş mirasy.


- Ynsan üçin dünýädäki gudratly söz.

- Ynsan üçin dünýädäki iň gudratly söz, meniň pikirimçe ol söz Eje bolmaly. Adam her bir pursatda şu jadyly sözden güýç alýar. Bu söz aljyradygyň goldap, azaşsaň ýola salýar.
Dünýäde gudrat köp haýrana goýýan,
Ýöne bir söz maňa gudrat-keremdir.
Näçe ulalsaňda, näçe össeňde,
Şol söz saňa sarsmaz güýji berendir.

Ol söz «eje», ähli dilde düşnükli,
Ýykylsaň galdyrýar, derdiňe derman.
Bu söz meni arzuwlara atarýar,
Bu söz maňa ylham bolýar, güýç berýän.


- Elbetde zenan dünýäsini wasp etmekde çetde durýan döredijilik adamsy ýok bolsa gerek.

- Ýaradanyň ýaradyjysy bolan zenanlarymyzyň päkize kalby, mährli nazary elmydama bahar bägülleri mysaly töwrege ýalkym we owadanlyk çaýsyn.

- Bahar, size hem döredijilik äleminde galamyňyzyň ujy ýiti bolup, zenan mertebäňiziň daglardanam belent, hyýaly dünýäňizdäki arzuwlaryňyzyň wysal bolmagyny arzuw edýäris.

- Sag boluň!

Gürrüňdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,
žurnalist.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 139 | Добавил: Haweran | Теги: Şaperi Otuzowa | Рейтинг: 0.0/0
Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 6
0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Türkmen gelin-gyzlary geýnip bilenok, daşyndan seretseň olar hatar-hatar bolup gelyan düýelere meñzeýär.

0
4 Aksary   [Mowzuga geç]
Şu teswiriñ bir ujy özüñe degmeýärmi?

0
5 Haweran   [Mowzuga geç]
Aman, bagyşla, siz düzelerli däl, birnäçe gezek duýduryş berildi beýleki agzalaryñ (esasanam, gelin-gyzlaryñ), il-günüñ ar-namysyna, mertebesine dil ýetirýän teswirleri ýazmazlyk barada, emma siz dogry düşünmediñiz, ýa-da göz-görtele düşünmediksirediñiz.
Bize köşek berip biljek ýa bilmejek ähli düýe-maýalarymyzyñ jany sag-başy dik, mertebesi belent bolsun, olaryñ ar-namysyny, at-abraýyny gorap saklajagam biziñ ýaly özüni iner saýyp ýören ner ýigitlerdir...
Birnäçe zatlary aýdyp biljek, ýöne şumada çenli almadyk terbiýäñizi, edebiñizi meniñ aýtjak iki agyz sözümiñ düzedip bilmejegini bilýänim ü.n peýdasyz boljagyny bilýärin.
Netije: agzalygyñyz çäklendirildi (bloklandyñyz).

0
6 Aksary   [Mowzuga geç]
...

0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Söhbetdeşligiň maksady, söhbetdeşligiň amala aşyrylmagy.

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Döredijilik hakynda-da bir zatlar soraýmaly eken-dä. Ýöne "zenan, gelin, maşgala" boldy durdy...
Saýtymyz diýýä welin Şaperi diýilýän şu saýtda barmy? Haýsy saýt hakynda gürrüñ gidýärkä?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]