14:10
Bahar gülleri
BAHAR GÜLLERI

Ýaşyl maýsalara bagryñy oýkap
Bahar güllerinden çemen bogsana.
Gülälekleñ giñ sährada dogşy deý,
Gün bolup kalbymda baky dogsana.

Bahar şemalynyñ yzyna düşüp,
Ketenimi geýip barsam ýanyña.
Ikinji klasda, partada bile
Oturanmyz, belki, düşer ýadyña.

Gör, asmanda gara bulutlar gaýýar,
Hä diýmän döküler ýere bereket.
Bagtyñ gapdalyñdan geçenni duýman,
Gijä galaýmagyn, edäý hereket.

Ýok, derkar däl señ saýawan tutanyñ,
Boljak bolsañ bol sen ömürlik pena.
Bilýän bahar pasly uzaga çekmez,
Biraz biynjalyk bolýaryn men-ä...

Gunça ÝOLDAŞOWA.

"Garagum" žurnaly, 7/2011 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Haweran | Теги: Gunça Ýoldaşowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Первый снег / Goşgular - 16.02.2022
Bagban / Goşgular - 22.02.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Hoş geldiň ylham / Goşgular - 19.01.2022
Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
"Ложится на рассвете легкий снег..." / Goşgular - 21.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]