03:38
"Bahar geldi..."
"BAHAR GELDI..."

Bahar geldi,
Şahalarda ýapraklar
Düzüm-düzüm şelpe deýin asyldy.
Şemally gün galgadylar şemala,
Ýelsiz güni geçirdiler asylly.

Ýyldyzlary sanap gysga gijeler,
Tüp yssyda saýa boldular olar.
Mäkäm asyldylar şahalaryndan
Diýip ynam bilen: "Kim bizi ýolar?"

Howa çigrän wagty welin, olarda
Galmady ozalky şowhun-şagalaň.
Kem-kemden saralyp, solup hem tänip,
Ýerinde biri hem galmady olaň.

Wepa PIRNEPESOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Mähriban | Теги: Wepa Pirnepesow | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Муза / Goşgular - 21.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Men Aý bilen söhbet etdim / Goşgular - 11.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Şemally gün galgadylar şemala,
Ýelsiz güni geçirdiler asylly.
asylly ýapraklar - gyzykly bolupdyr.

Mäkäm asyldylar şahalaryndan
Diýip ynam bilen: "Kim bizi ýolar?"

ol şahalaryndan hiç gaçmajak ýaly mäkäm asylýan asylly, asylsyz ýapraklary güýz gelip tändirýär-ä....
ine, şoň üçinem ÝAŞASYN GÜÝZ!

wepa daýada sag bolsunlar aýdýan.
5 ýyzzyl.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]