06:22
Bagym
BAGYM

(Gyzylgül Annagylyjowa)

Bagym!
Sygmamda aldawçy dünýä,
Batan günüm gara-aga.
Agy goýup sähere,
Garany goýup gahara
Bagym, seň ýanyňa geldim
aglamaga...

Ýöntem gelse agşam-saba,
Howalaly bolsalaram
Men daglary gördüm gara.
Tämiz saýsamam ak süýdi
Siňňin-siňňin bakan çagym
Päk süýdem göründi gara.
Eý, jennetden nyşan bagym,
Geldim saňa - aglamaga.

Eý, bag!
Meňem saňa meňzäsim,
gülläsim,
miweläsim,
solasym,
günleň birem merdem doňasym gelýär.
(ahmal entek humaýguşy
Erem bagyn agtarýandyr
saýasynda saýalara
ýa-da az-kem tolgunýandyr
her demine höwür boljak
agras baga baglanmaga.)
Bagtymy sepip sähere,
Bagymy ekip bahara...
Eý, bagym! Bu gün saňa geldim
aglamaga...

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 106 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.7/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ykbalym baglydyr..." / Goşgular - 16.03.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Dostsyz başym - duzsuz aşym / Goşgular - 05.04.2021



Всего комментариев: 3
1
3 Pegas   [Материал]
Tüweleme, Suraý, gaty gowy.

1
2 mango   [Материал]
has halan ýerim:

Eý, jennetden nyşan bagym,
Geldim saňa - aglamaga.

Eý, bag!
Meňem saňa meňzäsim,
gülläsim,
miweläsim,
solasym,

günleň birem merdem doňasym gelýär.

"Bagym, seň ýanyňa geldim aglamaga..." diýýär-ä başda, şony hasam çuňlaşdyryp ol aglamaga baran bagyny "jennetden nyşana" deňeýär.
aglamagy bolsa - jennet islegli aglamaga meňzetdim.
jennetiň agysy.
sebäbi yz ýanyndan "güllemegi, miwelemegi, solmagy" isleýär...
ol agysyny aglan bagynyň ýoly şol agzan zatlaryndan geçýändigini gizlinden-äşgärden beýan edýär...
umuman, her erkegiň pikir edip bilmejek pikirlerini pikir ediberýär...
bize-de berekella diýmek galýar...

1
1 Bilbil   [Материал]
Tüweleme, Suraý! Hakyky ýürekden çykan mähribanlyk bilen gowy ýazylan goşgy. Ýüregiňe kuwwat elleriňe güller bitsin!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]