06:24
Bägülüme suw berjek
BÄGÜLÜME SUW BERJEK

Men-ä bägülüme suw berjek
bedre bilen,
kürüşge bilen,
ýok, ýok, goşawuçlam bilen
ýuwjak onuň ýüzlerini,
gözlerniň ýaşyn süpürjek,
çöküme düşüp oturjak,
bägül göwnüni göterjek,
derdi nämekä gursakda,
biljek şindi pursat barka
aýdymlary näme hakda
agylary näme hakda
hoş bolýarmy säherlerde
şoh bolýarmy baharlarda
soraman syry barada,
syr gizlindir mydama-da...

syçanlar Aýa uçýarka,
dünýeler öte geçýärkä,
şemal sepleri açýarka,
peşmekler herýan göçýärkä,
goýberilip durka honda
samanlaryň astyndan suw,
çaga bedenniň üstünde
gyzyşýarka uly satuw,
ýüregimde agrap ýatyr
dünýäni özgertjek arzuw.

Arşa ellerim sermesem,
gaýry zat ýok elden geljek.
Içim lowlap gelýär...
Bor-da...
Men-ä bägülüme suw berjek.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022
Исповедь / Goşgular - 24.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 10
0
10 Mähriban   [Материал]
Salam, @Jemal! Özüm-ä elekton poçta ulanamok. Başga-da nähili ýol bilen habarlaşjagymyzy bilmedim-dä (Bagyşlaň!)! Uzagyndan ulanyp başlasam, öz poçtaňyzy goýsaňyzmy ýa.. kynrak-da garaz.. gaty göräýmäweriň!

0
9 Mähriban   [Материал]
Ýagşy sözleriňiz üçin köp sag boluň! Taňryýalkasyn!

0
8 Jemal   [Материал]
Suraý, siz bilen habarlaşyp bilerinmi?

0
7 Jemal   [Материал]
Salam.

0
6 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Bägüliñi (şygyryñy) suwaryber Suraý jan! Sazyny keç kakýan bu gahba pelekde, biçärelikden, elimizden hiç zat gelmeýän zaman, bägülleri şeýdip suwaraýmasak, olaryñ gözÿaşlaryny süpürip özümize, ilimize teselli beräýmesek, elimizden iş gelmeýär!?

çaga bedenniň üstünde
gyzyşýarka uly satuw,
ýüregimde agrap ýatyr
dünýäni özgertjek arzuw.


Şujagaz bendiñ on goşga degÿâr jigim. Ylham guşy gerşiñe gondumy, ony emaý bilenjik tut, goýberme, sebäbi seniñ her bir ýazan setiriñ goşgy bolup duruberýär.

0
"Eýlegeý Arasatda gül kimin Iman peýda "

0
Sureýýa, örän örän ymsyndyryjy nazwaniýe bolupdyr goşgyñ. Bägül hakda iñ gowy setir Magtymgula degişli

0
Bägül- seresi gülleriñ
Hem ol şasy gözelligiñ " diyyardi Garahanjar Baýhanow diyip bir gowy garagöz ýigit bolmaly

0
2 mango   [Материал]
suraý hanym.
siziň şahyrlygyňyzdan beter siziň ynanç güýjüňize haýran.

Arşa ellerim sermesem,
gaýry zat ýok elden geljek.
Içim lowlap gelýär...
Bor-da...
Men-ä bägülime suw berjek.

bu diýýäniňem hadys.
(takmynan aýdýan) tersligi eliň bilen düzet, eliň bilen başarmasaň diliň bilen düzet, onam başarmasaň kalbyňda ony inkär et -ýalyrak bolmaly manysy.

Içim lowlap gelýär...
(terslik gördüňmi, düzet eliň bilen)
gaýry zat ýok elden geljek.
(elden geljek zat ýokmy, onda diliň bilen düzet...
bolmasa, doga et...)
Arşa ellerim ser(ýärin),
(iň bolmada ýagşylyga dowam et, bägül ýetişdir, suwuny kem etme...)
Bor-da...
Men-ä bägülime suw berjek.

(kalbyňda häpany inkär et, päkligi ahmal etme, guratma...)

berekella diýmän, BEREKELLA diýýärin.
(suraýdan položitel energiýa tolkun atýar).

0
1 Bilbil   [Материал]
Tüweleme, Suraý! Galamyň ýiti bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]