04:25
Bagtyñ sebäpkäri

BAGTYÑ SEBÄPKÄRI

Ençeme ýyl geçen eken,
Başymyzyñ çatylanna.
Şo ýyllarda duşmadym men,
Seniñ gaşyñ çytylanna.

Bu bagtym.
Ýöne, bu bagtyñ,
Sebäpkäri senmi ýa men?
Bu soraga ikimizem,
Jogap berýäs: "Ýagny men".

Sen dogryñy sözleýänsiñ.
Hötjetligim bolmasa meñ,
Aslynda-ha bolmalydy,
Ol soragyñ jogaby "Sen".

Bolup ýörkäk bir jan, bir ten,
Parhy näme "Meñ" bilen "Señ".

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.






Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Meniñ söýgim..." / Goşgular - 17.03.2021
Yşkym / Goşgular - 12.02.2021
Watana ýüzlenme / Goşgular - 09.01.2021
Aýylganç kölege / Goşgular - 17.03.2021
Muhabbet synagy / Goşgular - 18.01.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Surat / Goşgular - 10.03.2021
Şahyr dostuma / Goşgular - 20.03.2021
Umyt / Goşgular - 16.02.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Gumlygelin   [Материал]
Sag boluñ...minnetdar.

0
2 Mähriban   [Материал]
Bu bagtym.
Ýöne, bu bagtyñ,
Sebäpkäri senmi ýa men?
Bu soraga ikimizem,
Jogap berýäs: "Ýagny men".

Berekella, Gelnejemjan!

0
1 mango   [Материал]
gyzylgül hanym, душевный-ja bolupdyr.
haladym.

Bolup ýörkäk bir jan, bir ten,
Parhy näme "Meñ" bilen "Señ".

iki ýarty bölek birleşip, bir bolansoň, hemem "Biz" bolunansoň, bagtam uzap gidiberýen eken...
birlik gowy zat.
gowy goşgy, gowy emosiýa, gowy täsir...
döredijilikde ýeneki üstünlikler, Gyzylgül hanym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]