07:50
Bagtly günümiň şaýady
BAGTLY GÜNÜMÜÑ ŞAÝADY

Türkmen halkynyň durmuş toýy bilen bagly däp-dessurlary gadymylygyny saklap gelýär. Bu däpleriň häzirki wagta çenli apalanyp, mukaddeslik derejesine ýetirilmeginiň aňyrsynda halkyň milli ruhy ýatyr. Millilik bolsa haýsydyr bir halkyň hökmany bolmaly ruhy ýörelgesidir. Şonsuz hiç bir milletiň millet hökmünde öz ornuny tapmajakdygy edil Gün ýaly aýdyň Hakykatyň bize beren az bolmadyk sapaklaryndan mälim. Şeýle bolansoň ata-babalarymyz diňe bir ruhy arassalygyny saklaman, eýsem, şol baý ruhy mirasy wagtyň geçmegi bilen has kämilleşdiripdirler, döwrüň talabyna görä, durmuşa ornaşdyrypdyrlar. Şolardan biri bolan perzendiňi öýli-işikli etmek däbi halkymyzyň ajaýyp hem söýgüli dessurlar toplumyndan ybarat maşgala baýramçylygydyr. Toý tutýan ýaşlaryň iň bir bagtly, iň bir tolgundyryjy pursatlaryna şaýat bolmaga tutuş il-ulusy çagyryp, “baryndan bazar eýlemek” türkmeniň aňyrdan gelýän sahylygyndan nyşan.
Adat boýunça türkmen toýlary “oglan tarap”, “gyz tarap” diýen görnüşlere bölünýär. Bellenen sähetli günde gyz tarap oglan tarapdan bir gün ir toý tutýar. (Käbir şiwelerde iki gün ýa bir hepde ir bolup biler) Toý tutýan gyzyň ýanynda şaýat gyzyň, oglanyň ýanynda şaýat oglanyň bolmagy toý dessurlarynyň hökmany ýerine ýetirilmeli şertleriniň biridir. Köplenç ýagdaýda şaýatlar toý tutýan oglan ýa gyz bilen ýaşytdaş bolup, entek durmuş gurmadyk ýaşlardan saýlanylýar. “Durmuş gurmak bir gezek” diýen ýörelgä eýerýän ýaşlarymyz iň bagtly gününe şaýat bolmaklygy gowy görüşýän, syr berip-syr alyşýan dostuna ýa jorasyna ynanypdyrlar. Gadymy Gresiýada şaýatlara, hatda “ätiýaçdaky gelinlik”, “ätiýaçdaky öýlenýän ýigit” hökmünde hem seredipdirler. Gadymy rimliler bolsa şaýat bolmak däbini dini däp-dessurlardan gözbaş alyp gaýdýan adat hasaplap, şaýatlaryň sanyny birnäçe adama çenli köpeldipdirler. Şaýatlaryň durmuş gurmadyk ýaşlardan saýlanyp alynmagy ýöne ýere däl. Ynanja görä, dostuň ýa joraň toýunda şaýat bolsaň, öz toýuňam basymlaýarmyş diýen düşünje bar. Şol sebäpli ýaşlar toýda şaýat bolmaklyga örän jogapkärçilikli çemeleşipdirler. Toý gününde aýratyn owadan geýinmäge, edil toý tutýan ýaşlarça bolmasa-da, şolar bilen deňeçerräk özlerine serenjam bermäge çalşypdyrlar. Häzirki günde bolsa bu däp toý tutýan bilen toýa şaýat bolýanyň meňzeş egin-eşikleri geýinmegi derejesine çenli üýtgedi. Biziň bu belligimiz, elbetde, oglanlar barada bolup, gyz şaýatlara dahylly däldir. Zenan maşgalanyň ozalyndan örän ynjyk tebigatlydygy üçin özüňe serenjam bermeklige has içginden çemeleşýändigini we öz durmuş toýunda iň owadan zenan bolasy gelýändigini göz öňünde tutsaň, onda zenan şaýatlaryň näme üçin durmuşa çykýan gyz bilen meňzeş geýinmeýändikleri öz-özünden düşnükli bolýar duruberýär. Şaýat tutunmaklyk we şaýadyň bilen meňzeş geýinmeklik däbiniň örän gadymdan gelýändigini türkmeniň egsilmez hazynasy bolan “Gorkut ata” eposyndan hem tapmak bolýar:
“...Adaglysyndan bir gyrmyzy kaftan sowgat geldi, Birek ony geýdi. Muňa ýoldaşlary kemsindiler.
Birek:
- Näme tukat bolduňyz?-diýip, olardan sorady.
Olar aýtdylar:
- Näme tukat bolmaly, sen gyzyl kaftan geýer sen, biz ak kaftan geýeris.
Birek aýtdy:
- Şunuň üçin hem tukat bolarlarmy? Bu gün men geýdim, ertir naýybym geýsin, kyrk güne çenli her gün biriňiz geýersiňiz, ahyrda hem bir derwüşe bereris”
Bu asylly däbiň şu günki günlere çenli ýitmän, öz asylky nusgasyny saklap gelmegi onuň halkymyzyň arasynda ykrar edilen mukaddeslige öwrülenliginden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýyly “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýip yglan etmegi bilen milli mirasymyzya berilýän üns has hem artdyryldy. Mähriban Liderimiziň “Medeniýat-halkyň kalbydyr” diýen jümlesinden ugur alyp, medeni aňymyza siňen däpleri hormatlamagy geljekki ýaş nesillere öwretmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Bägül ATAÝEWA,
Murgap etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Zenan kalby" žurnaly, 5/2018





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 93 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
Naýyp sözi şaýat diýen manyny beryan ekeni

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]