10:11
Bagt şazadam / hekaýa

BAGT ŞAZADAM

Howa diýseň gowydy.
Güýzüň ýagyş siňen topragynyň ysyny burnuňa pürkýän, pessaýyja şemal öwsýärdi.
Biz seýilgähleriň birinde seýil edýärdik, men özümi şeýle bagtly hem-de erkin duýardym çünki, meniň ýanymda meni bagtly edip biljek bagt şazadam hem bardy.
Ol maňa durmuşyndaky iň gülküli we gyzykly wakalary gürüň berip gelýärdi, men bolsa, gabagymy ýerden galdyrman ony üns bilen diňleýärdim.
Ine birdenem,
- Maral, agyz Maral, saňa diýän eşdenokmy gyz! -diýlen ses meni pikirler ummanyndan çykaryp meniň dumanlap duran serimdäki bagt şazadam bilen geçiryän iň bagtly pursatlarymy gözden gaýyp etdi otruberdi.
Bu meniň kärdeşim, Gülsenemdi.
- A gyz şu wagt adyňy üç gezek dagy tutup çagyrandyryn şol bir nokada nazaryňy dikip bir zatlaryň gamyny iýýäň sen. Saňa bir zatlara bolýar üns berýän, welin, seniň soňky döwürler iş bilen hem ugruň ýok, eýgilikmi özi saňa nämeler bolýara jora jan?!. - diýip meniň tukatly oturşumdan birzatlary aňlan, kärdeşim bilesigeljilik bilen soragly nazarlaryny maňa dikdi.
Men herhesip edip muny bildirmezlige çalyşýardym.
- Ýokla jorajan senem gepi ulaltmaga gaty ussat
Hakyt siňekden pil ýasaýaň gyz men özüm ýöne şeýle oýa bataýypdyrynda.
- Ýeri bolýa, öýüňe gaýtjak gümanyň ýokmy seň, seret iş wagtam gutardy, ýa sen beýlekilerden köp işläp hak köprräk aljak bolýana dälsiňdä hernä hä?! - diýip bäljiksi gülküsini etdi.
Men her gün işden öýe gaýdanymda, şol seýilgähiň ýanýodallaryndan pyýada yöräp gaýdýardym, sebäbi men içki dünýämi baglara, çüwdürümlere gürrün bererdim olar maňa düşünýän ýaly güýzüň agras şemalynyň zaryn sesine goşlup duýgudaşlyk bildirýän ýaly duýulýardy.
Hat-da, suw çüwdürümler hem meniň diňe hyýalymda özümki saýýan şol bagt şazadamy hemmelere güjüňlemek isleýän ýaly saza öwrülüp hiňlenýän ýalydy.
Ol hakykatdanam diňe meniň hyýalymdaky bagt şazadamdy diňe hyýalymda meniňkidi.
Men her säher işe ugranymda biziň edaramyzyň golaýynda ýerleşyän edaralaryň birinde zähmet çekýän şol şazadama duşmazmykam, heý bolman-da, ony daşdan dagy bir göräymezmikäm! - diýen ýaly pikirler ýüwürtýärdim.
Bardy geldi görüp bilmedik ýagdaýymdada onuň ulagynyň barlygyny görsem-de, öz ýanymdan begenerdim çünki ol maňa onuň janynyň sagdygyny, onuň sagaman işläp ýörendigine delil bolýardy bu bolsa maňa aýratyn bir güýç bagyş edýärdi.
Ine, Indi bir-iki gündir onuň ulagy hem görünmän başlady, men gaty howatyrlanýardym.
Öýde-de mazam bolmaýardy diňe öz-özüm bilen gepleşýärdim.
Maral sen aklyňdan azaşypsyň.
Sen özüňçe nämeleriň gamyny iýýärsiňä?! Beýle-de, akmak bolma gözüňi giňirräk aç sen ony söýýänem bolsaň ol bu zatlardan umumman bihabar bolsa,  belki onuň halaşýan gyzam bardyr.
Belki, bolup biler ahryn eger şeýle bolsaýsadagymy, men.. men...
Ýok, ýok Maral özüňi ele alsana entäk hiç zat mälim däl samyk bolmasana - diýip özümi köşeşdirerdim
Hat-da, aýdymdyr goşgy diňlänimde-de, kitap okanymda-da, her bir pursat maňa ony ýatladýardy.
-Wah şol gün baýramçylyk çärä barmadyk bolsam bolmaýamy diýsene, barmadyk bolsama beýle zatlara uçramazdym ony-da görmezdim..
Ol bolsa, özi üçin ne küýlere düşüp ýörenimden habaram ýok, özi bilen özi başynagaý bolup ýörendir haçan görseň.
Men häzirlikçe ony hyýalymda özümki saýanam bolsam, wagt gelip bu zatlaryň hakykata öwülmegine ynam bilen garaşýardym.
Şondan bärem aý salym wagt çemesi geçendir geçse.
Ine, haçan görseň meniň hyýalarymy kowup ýören, bilesigeliji bälçik, kärdeşim Gülsenem:
- Gyzlar bilýäňizmi?! Ýakyn günlerde men durmuşa çykýan, özem halaşýan ýigidim bilen bagt gurýan. Joralar men şeýle bir bagtly nesip bolsa biz toýyumyzy Bagt köşgünde etmekçi - diýip, ellerini hereketlendirip, gürrüňe başlady.
Men gaty begendim ýürekden gutladym bagtly uzak menziller arzuw etdim.
Hem-de, meniň hem bagt şazadam haçanam bolsa, bir gün bir ýerlerden ak paýtunly gelerde meni söýýändigini aýdar, soň biz bir-birege nika ýüzügini dakarys, biziňem bagt toýumyz tutular biz örän bagtly ýaşarys - diýip hyýalymda oýlanýardym.
Onýança-da Jeren atly kärdeşimiz:
- Tüwleme alnyň bagtyň bolsun, goşa garraň, bagtyňyza göz degmesin ylaýym - diýe diýmänkä, gyzlaryň biri gepiň üstüni ýetirdi.
- Wi, ýogsa-da sen henizä bize o yigidiň kimligi barada hiç aýtmandyň ýöne indi aýtmaly borsuň - diýdi.
Gülsenem onuň adynyň Begençdigini, onuň biziň edaramyzyň golaýynda ýerleşýän Sport mekdepleriň birinde tälimçi bolup işleýändigini, aýdanda, meni ýyldyrym çakana döndi ýüregim gürsüldiden ýarylaýjakdy giň jahan göwnüme bolmasa, daralyp gözlerim peträýjekdi.
Sebäbi Gülsenem meniň hyýalymda diňe meniňki diňe özümki hasaplaýan bagt şazadam hakynda sojap-sojap gürrüň berýärdi, hawa ol şoldy.
Men haýal etmän özümi dürsäp bildirmezlikden ýylgyrdym ýene-de, gowudan gowy arzuwlar etdim.
Gör-le, muny  ýüregiň aglaýan mahaly ýalandan  mejburlykdan ýylgyrmak näderejede agyr ezýetli zatdygyny diýsene.
Men şo gün işden soň ýene köne endigime eýerip pyýada yöräp şol seýilgähden gaýtdym.
Bu gün maňa hiç zadyň gyzygy ýokdy baglaryňam çüwdürümlerňem, köçedäki zenzele çagajyklaryňdyr ulaglaryň sesleri hem meň üçin biparhdy.
Yşk derdinden saralyp solan dünýäniň gaýgy gamyndan egni leşger basyp indi bolsa munuň hötdesinden gelip bilmän ejizleýän ýaly agaçlardan tänip aýagymyň aşagyna düşýän ýapraklary görsene, agaçlar boýunlaryny aşak egip ine menem ýeke galyp barýan bar ýapraklarym menden daşlaşyp gaçyp durlar, olar meni terk edýärler- diýän ýaly. Ýodallaryň iki gyrasydaky gülleri diýsene, başlaryny ýaýkap otyrlar göräýmäge güller maňa, "sen bize hyýalyňdaky bagt şazadaň bir gün gelip bizden owadan çemen bogjagyny we ony saňa sowgat berjegini aýdypdyň, haçan seň şazadan geler, biz henizem garaşyp otyrys" - diýän ýalydy.
Çüwdürümler bolsa, meniň kalbymdaky lowlap ýanýan olowlary öçürmekçi bolýan deý çüwdürülüp asmana galýardy.
Şol gün gijesine ýyldyz sanap daňa ýeten ömrümdäki ilkinji günümdi.
Bir mahallar söýgi hakda aýdylanlara gulak gabartmazdym. Indi görýän welin şo:l aydylanlardanam yşk derdiniň agyr dertdigine düşünýärin.
Gök gürledi, ýyldyrym asmanyň göwsündi ýardy-da, zemine öz çeleginden bulgurlap ýagmyryny guýup başlady.
Sowuk ak çagbaly damýan damjalary diýsene, pejirelerde aglaýan göz ýaşlary ýasaýardylar, penjireden küräp girmäge ymtylýardylar.
Penjiräni açdym daşary meniň ýşk şeminiň öçüp giden gara tümli içki dünýame meňzäp ýatyrdy. Tümlüge gaplanyp ýatan köçelere, özüniň bulgurundan zemine damjalaryny inderýän göge, naýynjar göreçlerimi dikip içimi ýyrtyp gelýän duýgularymy " Indi seni hat-da hyýalymda hem özümki hasaplamaga umyt galmady, indi hyýalymda hem sen meniňki bolup bilmersiň" diýip belent ses bilen gijäni ürküzüp gygyrasym gelýärdi, penjireden şüwläp giren sowuk şemal ýüzüme uruldy ol zaryn sesi bilen maňa "seniň bagt şazadan indi ýok, ol indi seňki däl, ol seňki bolup bilmez sen indi ony unut" diyän ýaly iňildeýän bolsa, sowuk damjalar " indi gözýaşlaryň derýa bolup aksa-da, peýdasy degmez - diýýän ýalydy.
Hakykatdanam meniň durmuşda bir gün hakykata öwrülmegine garaşan bagtymy indi hyýalymdanam ogurlapdylar,  men ony indi hyýalymda hem bagt şazadam hasaplamaga hiç hili hakym ýokdy...

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 95 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Привычка жениться / рассказ - 25.06.2021
Hem ýakyn hem ýat - 19.01.2021
Güldan sebäpli / nowella - 08.04.2021
Про Кара Шабана речь / рассказ - 26.06.2021
Kenardaky duşuşyk / hekaýa - 10.01.2021
Isgenderiñ altyn almasy / hekaýa - 16.04.2021
Zakkunyň köki / hekaýa - 20.01.2021
Трус / рассказ - 01.05.2021
Seregül / hekaýa - 01.06.2021
Берта / рассказ - 27.04.2021
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
häzirlikçe soňuna çenli okamaga wagtym ýok...
başyndaky sözlemlere bellijekler:

Güýzüň ýagyş siňen topragynyň ysyny burnuňa pürkýän, pessaýyja şemal öwsýärdi.

ys pürkülýämi?
pürkülse-de şemal pürýämi?

Biz seýilgähleriň birinde seýil edýärdik, men özümi şeýle bagtly hem-de erkin duýardym çünki, meniň ýanymda meni bagtly edip biljek bagt şazadam hem bardy.

ilki özüni bagtly yglan edýär, soňam ony bagtly etjek biriniň gürrüňini edýär.
şu wagt bagtlymy ýa indi (bagt şazadasyna ýetensoň) bagtly bolmalymy?

----
dialoglardaky "jora jan"-ly ýerlerem ynandyryjy däl.
gyzlaň arasynda bolup, olaryň bir-birege ýüzlenişlerini diňläp görmeli....
häzirki döwür gyzlarynyň sözlügünden "jora jan" ýitip gitdimikä diýýän....
bilmedim welin....

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]