10:01
Bagt

BAGT

Meniň asmanym sen meniň howam sen!
Eýsem-de, sen muny etmezmiň hasap?!
Söýeňden aýrylyp ýaşap bolarmy?!
Bolarmy dem alman dünýäde ýaşap?!

Ýüregiň hem pamyk kimin arassa,
Mynasyp ol ak bagtlara ýetmäge.
Gurak ýerde deňiz deýin kürekläp,
Men-ä taýyn bagt ýolundan gitmäge.

Ýöräli biz bagtyň ýagty ýolundan,
Söýgi dünýäsinde, döwranlar sürüp.
Gadyrly ýaşaly goşa gumry deý,
Bizi arzuw etsin özgeler görüp.

Unut sen kinäňi, unut sen baryn,
Söýseň bir-birekden gaty görülmez,
Adam ömri ýeke berlişi, ýaly
Beýle bagt iki gezek berilmez.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 3.5/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
Eý, dost! / Goşgular - 25.03.2021
Pent / Goşgular - 30.05.2021
Aşyklaryñ şäheri / Goşgular - 18.02.2021
Haýsysy ýaman? / Goşgular - 27.05.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Aýdym bolsa duýgularym / Goşgular - 29.03.2021
Arşy yşk / Goşgular - 11.02.2021
Surat / Goşgular - 08.02.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Söýeňden aýrylyp ýaşap bolarmy?!
Bolarmy dem alman dünýäde ýaşap?!
—-
Dünýe kanunlaryna görä dem alman ýaşap bolmaýar.
Ýöne söýeninden aýrylyp ýaşaýanlar gaty kän.
Her nämede bolsa ýaşaýyş dowam edýär.

—-
Gurak ýerde deňiz deýin kürekläp,
Men-ä taýyn bagt ýolundan gitmäge.


Gurak ýerde deňizde ýaly kürek çekip ýol aljak bolmak, “kynçylyklara döz gelerin” diýdigiň ýalam bolsa, ters eşdildi: “ters ýollara girip, problema çözmegiň ýerine ony dörederin” diýen ýalam eşdilýär.
Umuman…. birhili terslik bar.
—-
Goşgyň soňlarynda gowja arzuwlaryňam bar eken….
Ýöne ýene-de:
Adam ömri ýeke berlişi, ýaly
Beýle bagt iki gezek berilmez
.” - diýeňde… bagtyny ikinji gezekde tapýanam bar.
——
Söýgüsiz goşgularyňdanam kä wagt goýaý.
Okap göreli.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]