10:17
Baglylyk
BAGLYLYK

Owunjak zatlara edemok kine,
Sähel zada welin şeýle begenýän.
Daglary sarsdyrýan begenjim bilen,
Ýüregimiň agyrsyny aýyrýan.

Şükür, özgelerden bolmadym müňkür,
Ilim-günüm bilen ýylyndym gaýta,
Özgeler hakdaky aladalarmy,
Şu gün etjek boldum, goýmadym ertä.

Deň ýörejek boldum özgeler bilen,
Il deňinde boldum, bolmadym garşy.
Şaýat boldy meniň aýak sesime
Ýüregmiň her demde gürsüldäp urşy.

Il-halkymyň begenjine begendim,
Her sözden ýüregme aldym teselli.
Baglydygyn duýdum ata ýurduma
Ýüregmiň iň soňky urşuna çenli.

(2006-njy)

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW





Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýüregimiň zary / Goşgular - 23.01.2022
Ýolkaň aýdymy / Goşgular - 25.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 3
0
1 Taryhçy   [Материал]
Eýtdiñ beýtdiñ oña at dakdyñ muña beý diýdiñ. Özüñkilere hem surat goýlar ýaly etdiñmi? :))
Ýöne suratlar goşgylaryñdan has manyly.

0
2 Edebiyatcy   [Материал]
Surat goýulmagy üçin-ä etmändim. Onda-da sag bol, taryhçy

0
3 Haweran   [Материал]
Goçmyradyñ ýeri aýratyndyr saýtda, biderek göwnüne degmäñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]