12:15
Baça bazi: agyz uçukladýan owgan däbi
BAÇA BAZI: AGYZ UÇUKLADÝAN OWGAN DÄBI

"Birehim owgandyr, dini yslamdyr,
Garakçydyr ýollar, hyzdyr, haramdyr..."
Azady
.

Ine, size ýürek bulaýjy baça bazi (beçebazlyk, ýagny: baça- beçe- çaga, baz - oýun, ýagny "çaga bilen oýnaşmak" manysynda) mysallaryndan ajy hakykat... "Diñe bir günä bar - olam ogurlyk. Beýleki ähli günäler ogurlygyñ görnüşleridir. Bir adamy öldüreñde - onuñ ömrüni ogurlaýañ, aýalynyñ ärine bolan hak-hukugyny, çagalarynyñ kakasyna bolan hak-hukugyny ogurlaýañ. Ýalan sözläñde - biriniñ hakykaty bilmäge bolan hukugyny ogurlaýañ. Ogurlamakdan has erbet etmiş ýokdur" diýip ýazýar owgan ýazyjysy Halid Hüseýni (Khaled Hosseini). A biriniñ çagalygyny ogurlamak nähili bolýarka onda?

• Baça bazi näme

"Haram", "günä" diýip, müñlerçe ýyllap aýal-gyzlary gysyp saklap, geplemesine, hatda pikirlenmesine-de rugsat bermeýän, saçynyñ ýeke tary görünse, namyssyzlykda aýyplaýan ýurtlaryñ başyny, elbetde, Owganystan çekýär.
Ýüzlerçe ýyllap "yslam şeýle buýurýar" diýip, edýän ýürek bulaýjy işlerine dini perde tutunyp geldiler. Yslamda zyna haram, ony etmeg-ä beýlede dursun, golaýlaşmak gadagan edilen. Şeýle-de bolsa, owgan erkekleri gomoseksualizmi zyna-da hasap etmeýän bolarly.
"Baça Bazi’’ (beçebazlyk, pedofiliýa) diýlip atlandyrylan kämillik ýaşyna ýetmedik oglanjyklara, ýigdekçelere ýanaşma däbi Owganystanyñ, hatda bütin dünýäniñ iñ masgaraçylykly kartinalarynyñ biridir. Pedofiliýany öz içine alýan bu ýigrenji däpde garyp hojalyklaryñ erkek çagalary kiçijik ýaşda alnyp, erkekler bilen bolmak üçin tans eşiklerini geýdirip köçeklik etdirilipdir, olary wagt geçirmek we jynsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin baýlar satyn alypdyr, tenini satyp gün görmäge mejbur edilipdir.
Gije ýarymdan soñ gurnalýan üýşmeleñlerde neresse çagajyklara ýasama göwüs, aýaklaryna-da şelpe dakylypdyr. Satyn alynan bu çagalaryñ maşgalasyna belli bir möçberde pul berlipdir. Ümbilmez çagajyklary eýýäm 2-3 ýaşandan jynsy gatnaşyga girmäge taýýarlap, soñky ýyllarda her dürli jynsy hereketleri etdirip, doly "zenana" öwrüpdirler.
Zorluga uçran bu çagalar gurnalýan şüweleñlerde adamlary güýmäpdir, oturşykdan soñ hojaýyny onuñ nyrhyny galdyryp, hyrydaryna satyp bilýär, hatda puluny tölän birnäçe kişi bilen bir wagtyñ özünde jynsy gatnaşyga girmäge mejbur edilýär. Ençeme ýyllap dowam edip gelýän bu masgaraçylykly däp owganlar üçin bolaýmaly zat ýaly bolup galypdyr.
Sübýançylaryñ pidasy bolýan bu günäsizje çagalar başyna inderilen bu görgüleriñ nämedigine düşünjek ýaşa ýetenlerinde nägilelik bildirmänem duranoklar. Ýöne kim diñlesin ýa-da diñlejek bir barmy olary?
Egbarlap, görk-görmekden galansoñ şol töwerekde hiç kimiñ almadyk, garran, dul we hossarsyz zenanlaryna öýlendirilýär we ýerine täze oglanjyklar alynýar.
Baçabazi däbiniñ häzirem Owganystanyñ käbir raýonlarynda ýöredilýändigi gizlin däl. Agzyñy uçukladýan bu pis däbiñ öñüni almakdan owgan hökümeti ejiz gelýär, gaýtam üsti örtülmäge çalşylýar.
Pikir edip görüñ: bir neresse çaga ýerini-ýurduny tapman, kämillik ýaşyna ýetmänkä çökder ýüküñ astynda ýegşerilip, gorkuda ýaşaýar, gepläp, hiç kime arzyny aýdyp bilmeýär. Hakykatdanam, sözüñ gutaran ýeri.
Beýik şahyr Nazym Hikmetiñ hem aýdyşy ýaly:

Ylgap barýar alty ýaşlyja oglanjyk,
Batböregi
                 uçup barýar agaçlaryñ üstünden.
Sizem şeýle ylgansyñyz bir mahal,
Çagalara dözmäñ
                           ependiler herhal.

("Koşuyor altı yaşında bir oğlan,
uçurtması geçiyor ağaçlardan,
siz de böyle koşmuştunuz bir zaman.
Çocuklara kıymayın efendiler.")


tarihkurdu.com

* * *

ZENNE NÄME? OWGANYSTANDA ZENNE BOLMAK!

Zenne sözi köne çarwa türki taýpalaryñ toý-şagalañlarynda erkekleriñ aýal eşigini geýip, tans oýnamagy manysyny berýär. Bu söz pars dilinde aýal (zenan sözi bilen düýbi bir -t.b) diýmekdir.
Bu ýaramaz däp biziñ ýaşaýan eýýamymyzda-da käbir jemgyýetler tarapyndan dowam edip gelýär. Zenne däbiniñ iñ erbet görnüşde ýaýran ýurtlarynyñ birem Owganystandyr. Bu waka öñden gelýän däp tutalgasyna bukulyp, oglan çagajyklary jynsy zorluga sezewar edip we ýörite buýurmalar (zakaz) gelende mejbury jynsy gatnaşyga mejbur edýän masgaraçylykly ýagdaýy öz içine alýar.
Owganystanda zenne däbi bilen utgaşykly ulanylýan ýene bir söz bolsa baçebazedir (beçebazlyk). Munuñ manysy "oglan bilen oýnaşmakdyr". Zenne däbine dahylly edilen oglanlar garyp-gasarlaryñ kiçi ýaşly çagalarynyñ arasyndan saýlanyp alynýar. Baça (beçe) diýlip atlandyrylyp, terligine orulan we gül ömri kül edilen günäsizje çagalaryñ jynsy ukyby başga ugra gönükdirilýär. Bu ýaramaz däp Owganystanda garyp maşgalanyñ ogul perzendi bolmak - zenne däbiniñ bir parçasy bolmakdyr diýerlik derejede giñden ýaýrandyr.
Şu we şunuñ ýaly birnäçe ýakymsyz edim-gylymlar däp-dessur ady bilen hernäçe ýuwmarlanmaga synanşylsa-da, adamkärçilige, adamyñ hak-hukuklaryna we azatlygyna garşy agyr jenaýatdyr.

zeraporu.com

• Goşmaça maglumat üçin seret:

https://www.youtube.com/watch?v=4SZ6sBYo2so
Awtoryň başga makalalary

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 269 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 4.5/2
Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 2
0
2 Tumarly   [Mowzuga geç]
Haled Hosseini'in "Uçurtma Avcısı" ve "Bin Muhteşem Güneş" romanları bu iğrençliği anlatır zaten..

-1
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
...siz bu maglumatlara
" ýürek bulaýjy, agzyñy uçganakladýan, haýykdyryjy" diýip gaty ýöntem baha berýäñiz... @Haweran, siz şulary okaýanlaryñ arasynda kiçijik çagalañ ejeleriniñ bardygyny unudýan ýaly... Mende birinji gezek adam öldürmek niýeti döredi... Şolar ýaly nämedigini nähili atlandyrjagymy bilmeýän zadymy, hatda, eşidemde,
okamda, olary parçalap, Ýer ýüzünden ýok etmek islegim dõredi! Iñ uly günäniñ adam õldürmekdigini bilýän aklymy ýok edip, içimde wagşylygy oýaran bu zatlar barada bilseñ gowumy, bilmeseñ... Bu wagt oña-da aklym ýetenok. Ýöne, icimden, şu duýgulary ýaşanym üçin, sizem ýazgardym... ((

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]