18:33
Azan hem tüpeñ

AZAN HEM TÜPEÑ

Bu şäher azanyñ sesine örýär,
Ýene uka gidýär dili dogaly.
...Metjide bukulyp, tüpeñ atylýar,
Humara goýulýar adam ykbaly.

Ýumşak mele saçly, naw ýaly ýigit,
Dälijesi eken ýigrim bäş ýaşyñ.
Bigaýratlyk bolup giripdir gülle
Mañlaýdan,
                      birigýän ýerinden gaşyñ.

Ol görmegeý gelnin goýup gaýdypdyr,
Açmaga şor mañlaýlaryñ
                                                mañlaýyn.
Şum takdyr dek gara-gara daşlaryñ,
Ýagşylyga ýazmak üçin täleýin.

Bürgüt bolup parlap uçup barýarka,
Towuk kimin gaty busupdyr atan.
Şeýdip, gadymlardan oka tutýandyr
Mert ýigidi -
                       ilsiz-günsüz biwatan.

Azan sesi gelýär,
                                tüpeñ atylýar,
Bu zatlara eltdi takdyrym meni.
Ölüm, bir gün bize tarap ýol salsañ,
Bürgüt uçuşynda kaklagyn meni!

Baýram JÜTDIÝEW.






Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Köňlüm / Goşgular - 22.05.2021
"Ajal alyp barýar adam jesedin..." / Goşgular - 12.04.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Bu-da saña / Goşgular - 16.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Gizlin / Goşgular - 19.03.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021



Всего комментариев: 1
1
1 mango   [Материал]
18 ýaşly brodskiniň pessimistik “Пилигримы” şygrynda esgerleriň topraga dökün boluşlaryny, muny hem şahyrlaryň makullaýyşlaryny aýdyp geçýär.

Удобрить ее солдатам.
Одобрить ее поэтам.

Bagabat kakaň terjimesinde şeýle eşdilýär bu setirler:

Esgerlerem ony* gany bilen suwarlar.
Şahyrlaram şony sözi bilen unarlar.

(*-topragy-zemini)

Taryh gaýtalanýar.
Baýram kakaň goşgusy owgan seriýasyndan öýdýän.
Isle öýünde gelni garaşýan ýumşak mele saçly, isle bugdaýreňk gara saçly esger bolsun, syýasylaň manysyz urşunda…. bu esgerler (brodskiň aýdyşy ýaly) topraga ders bolup garylmaly, şahyrlaram bu manysyzlygy makullap eserler düzmeli….
Adam ömri hiç zat saýylan gorkunç tragediýa.

ýusup brodskiý ýuzde-ýüz mamla.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]