20:21
Aýteniñ äri / satiriki hekaýa
AÝTENIÑ ÄRI

Medisina fakultetini gutaranymdan birnäçe hepde geçenden soň, tanyşlarymyň biriniň oturylyşygynda, men Aýten atly gyz bilen tanyşdym. Onuň garaýyşlary şol bada meniň ünsümi özüne çekdi. Menem oňa ýaradym öýdýän. Biziň tanyşlygymyz, göýä bir bäsleşikli oýun ýalydy. Ýöne soňra biziň duşuşyklarymyz dowam edip, ikimizem biri -birimize bolan gatnaşygymyzy kesgitläp bilmedik.
Bilmedim-dä, bu nämedi: ýöne bir wagtlaýynça duşuşmakmy ýa-da söýgi? Soň bir gün ýene-de şol tanşymyň öýünde oturylyşyga ýygnandyk.
Içen çakyrymdan meniň birneme başym aýlandy. Aýteniňem keýpi çagdy. Biz bile tans etdik.
- Aýten, maňa durmuşa çykarmyň?- diýip, men oňa söz aýtdym.
Aýten şol bada gülmesini goýdy-da, birneme gyzaryp, meniň gözlerime dikanlap seretdi.
- Men seniň göwnüňe degerlik hiç zat diýmedim-ä. Islemeseň meniň sözümi ret edip bilersiň.
Biz daşaryk çykyp, sekä ýaplanyp durduk.
- Men näme diýip seniň göwnüňe degdim? - diýip anyklasym geldi.
- Sen meniň maşgalamy bilýämiň? –diýip, ol sorady.
- Ýok...
- Sen bilýärmiň meniň kakam kim?
- Ýok.
Göwnüme bolmasa ol maňa ynanmaýan ýalydy.
- Seniň çynyň gerek? – diýip, ol ynanmazlyk edip sorady.
- Elbetde, çynym.
Soňra özümem şu çaka çenli onuň haýsy maşgaladandygyny bilmändigime geň galdym.
Ertesi onuň maşgalasy barada gyzyklanyp ugradym. Haçan-da onuň kakasynyň adyny tutanymda, ol hakynda eşidip, men aljyrap, gorkup başladym. Görüp otursam, Aýten öz döwründe dünýä belli, meşhurlyk gazanan, diýeni bitýän, hormatlanýan we taryhda yz galdyran adamyň gyzy eken. Eger-de men onuň şeýle beýik, tüçjar baýyň gyzydygyny bilen bolsam, ölsem ölerdim welin, emma söz aýtmazdym. Abraýly tirelerden bolan ýaş ýigitler onuň daşynda perwana bolan ekenler. Emma Aýten olaryň sözlerini almandyr, çünki olar onuň maşgalasynyň abraýyndan peýdalanmak, kakasynyň baýlygyna şärik bolmak isleýändiklerine göz ýetiripdir.
Haçan-da bulary bilenimde, meni lapykeçlik gaplap aldy.
Dogry, men Aýteni söýýärin, emma indi men oňa öýlenmeg-ä beýlede dursun, öýlenmegiň pikirini hem kellämden aýryp taşlamaly.
Eger-de onuň ene-atasy biziň nikamyza razyçylyk berse-de, barybir hemmeler maňa şol barly öýe sokuljak bolupsyň- diýip pikir ederler.
Men indi Aýtenden gaçyp başladym, oňa sataşmagym mümkin bolan ýerlere barmaýardym. Ol maňa birnäçe gezek sataşmagymyzy sorasa-da, men barmazlyga dürli bahanalar tapardym. Ýöne näçe jan etsemem, Aýteni huşumdan aýryp bilmeýärdim. Ahyry meni onuň bilen duşuran ýerlerden - Stambuldan has uzagrak ýere gitmegi, ordinaturadan (...) ýüz öwrüp, harby gulluga gitmegi karar etdim.
Haçan-da men uzak ýola gitmek üçin goşlarymy düwüp durkam, otagyma ejem girip maňa:
- Seni bir gyz-a soraýar – diýdi.
Meniň öňümde Aýten durdy. Men gözlerime ynanmadym. Aýten indi menden göz ýaşlaryny gizläp duranokdy...
- Eger-de sen meni hakykatdanam söýýän bolsaň, onda gel, durmuş guraly - diýdi. – Men seniň bilen islän ýeriňe gitmäge taýýar. Sen haçan gulluga gidýäň? Meni ýanyň bilen alyp git. Çet gyrak şäherjikleriň birinde, meniň tohum-tijimden, kakamyň tutumly adyndan uzakda ýerleşeris. Öz durmuşymyzy özümiz gurarys...
Men bu sözleriň lälik ösen baý gyzynyň başy göçgün halda aýdýan sözleridigini bilýärdim. Men oňa onuň endik eden durmuşyny ýeterlik derejede üpjün edip biljek däldim. Şonuň üçinem biziň bagtymyz dowamly bolup biljek däldi. Emma men ony, gör, nähili söýýärin...
Onuň ellerini ellerimde gysdym-da, pyşyrdap:
- Söýýärin... – diýdim.
Hiç kime aýtman biz kanun esasynda nikalaşdyk.... Aýten meniň bilen durmuşyň ähli agyr-ýeňlini deň çekişdi. Meniň gorkularym puç bolup çykdy. Emma... Meniň betbagtlygym nika gününden başlandy.
Nika dabarasynda bolmalysy ýaly, biz şaýat hökmünde iki sany dostumyzy çagyrdyk, diňe ikisini. Başga hiç kime aýtmadyk. Gaýynatam meniň pikir edişimden has düşbi eken. Nikalaşjakdygymyzy eşiden kakasy, ony edil şeýle bir bolaýmaly ýaly kabul etdi, emma Aýteniň ejesi birazyrak kine etdi.
Haçanda biz nika kitabyna gol çekýärkäk, birdenem suratçylaryň apparatlarynyň çyrasy ýalpyldap gitdi. Bu gazet habarçylary bizi surata düşürýän ekenler. Görüp otursak olar biziň toýmuz hakynda ysyrganyp bilipdirler.
Köçä çykyp- çykmankak, bizi gutlaýanlar gurşap aldylar. Haýsydyr bir furažkaly adam ýygnananlara ýüzlenip:
- Aýten hanymyň ýanýoldaşy kim? – diýip meni gözleýärdi. Biz çaltlyk bilen garaşyp duran taksimize tarap ugradyk. Yzymyzdan bilesigelijileriň birnäçesiniň meni görkezip, men barada bir zatlar soraýandyklaryny eşitdim. Furažkaly adam ýanyma aralap geldi-de:
- Mümtez beg öz awtoulagyny goýberdi, men onuň sürüjisi. Men hem maşynymyz siziň doly ygtyýaryňyzda.
- Minnetdar, bize gerek däl... - diýip, onuň sözlerini böldüm-de, taksa tarap ýöneldik.
Men yzymdan: “Aýteniň äri”, “Aýteniň äri şu” diýen pyşyrdynyň ýeňsämden süýrenip gelýänini aňdym. Aýratynam, birinji söze basym berýärdiler.
- Mümtez beg diýýänleri – baryp ýatan ýaranjaň - diýip, aýalym taksa münenden soň aýtdy.
Meniň çytyk ýüzlerime seredip, ol dowam etdi:
- Üns berme, tizara biz bu ýerlerden has uzaga, bizi hiç kimiň tanamaýan ýerlerine gideris.
Ertesi gazetlerde biziň toýmuz barada habarlar, suratlarymyz çykdy. Dünýewi jemgyýetiň gybatçylaram bu waka barada dymyp durmadylar. Ýekeje gazetjagazam meniň ene-atamyň goýan adyny tutmaýardylar.
Olar üçin men “Hanym Aýteniň äri”, “Hanym Aýteniň äri hakykatdanam görmegeý, ýaş ýigit”, “Hanym Aýteniň äri özüniň gelşikliligi, görmegeýligi bilen öz giren öýüne mynasypdygyny subut etdi”, “Hanym Aýtene we hanym Aýteniň ärine durmuşlarynda bagt arzuw edýäris!”.
Biz öýmüze göçüp gelenimizden birnäçe gün geçen soň, günleriň birinde irden ejem maňa:
- Oglum, dogrusyny aýtsam, seniň gelniňiň şeýle gowy çykjagyna başda hiç ynanmandym. Ol biziň garyp günümize gelenden öwrenişip gidiberdi. Ýöne...
- Näme ýöne...
- Biziň maşgalamyz ata-baba şu kwartalda ýaşap gelýär we bizi öz adymyz bilen tanaýarlar, a indi..., seniň toýuňdan soň bolsa, goňşular maňa “Aýteniň gaýynenesi” diýýärler.
- Bu gürrüňleriň barysy wagty bilen düzelşer, eje! – diýip, bu ýakymsyz gürrüňi tamam etmek isledim.
Gulluga gitmeklik meni halas eder diýip pikir edýärdim. Serhetýaka şäherjikleriň birine harby lukmany goýbermeli boldular. Men eýýäm gitmäge taýýarlanýardym, birdenem meni şu ýerde – uly harby keselhanada galdyrmaly diýlip buýruk gelipdir.
Bularyň bary meniň “Hanym Aýteniň äridigim” sebäplidi. Men gaýynatama ýazan hatlarymyň birinde, "harby keselhanada gulluk etmekligiň maňa o diýen ýarap barmaýandygyny, onsoňam, bize kömek etjek diýip, alada galyp ýörmäň, goý, hemme zat bolmalysy ýaly bolubersin" diýip haýyş etdim. Gaýynatam maňa örän göwnejaý sözler bilen jogap ýazypdyr: "ýagny meniň hereketlerimiň göwnünden turýandygyny, hiç kimdenem meni uly harby keselhanada galdyrmaly diýip haýyşt etmändigini, ýöne zerur bolsa aýtmaly adamlara aýdyp biljekdigini we meni dessine uzak harby bölümleriň birine geçirerler" diýip ýazypdyr. Elbetde, maňa bu zerur däldi. Meniň gulluk edýän uly harby keselhanamda men, elbetde, “Aýteniň äri” at bilen tanalýardym. Hemmeler meniň bilen tanyşmak isleýärdiler.
Şepagat uýalary, bimarlar meniň yzymdan “Ana, Aýteniň äri şol!...” - diýşip, hemem, bu maňa ýaraýandyr öýdüp, sözlerini maňa ýetirjek bolup jan edýärdiler.
Harby gullukdan gaýdanymdan soň, Aýten maňa hünärimi kämilleşdirmek üçin Ýewropa gitmekligimi maslahat berdi. Meniň özümem muny isläp ýördüm weli, ýöne oňa: “Eger-de Ýewropa gitsem, hemmeler meni seniň kakaň aladasy bilen goýberlendir öýderler. Men hiç ýere-de gitmerin, biz uzak etraplaryň birine gideris” diýdim. Men şeýdip döwlet işinde, ýurduň gündogarynda, kiçijik şäherleriň birinde lukman boldum. Şol ýere biz otluda gitdik. Biziň barmaly ýerimiziň golaýyndaky stansiýalaryň birine ýetenimizde, elleri paketli, gül çemenli birnäçe adamlaryň ylgaşyp, platformada kimidir birini gözläp, aýnalardan içerik seredýändiklerini gördük. Öňden gelýän adam otlynyň brigadirinden: “Şu otluda Aýteniň äri gelmelidi, siz ony bileňizokmy?” diýip sorady. Brigadir meni görkezdi – biz aýnanyň öňünde durduk. Bize sowgatlaryny, güllerini uzatdylar. Gubernatoryň özi bizi garşylamaga we gutlamaga gelen bolsa nätjek? Aýnadan seredip, bizi tapmany ýörenleriň öňündäki şol eken... “Biziň illere hoş geldiňiz! Watan siziň ýaly janypkeş lukmanlara mätäç...”
- Işe goýberlen ähli lukmanlary siz şeýle garşylaýarmysyňyz? – diýip, gubernatordan kinaýaly soradym.
Gubernator we ýanyndakylar birhili oňaýsyz ýagdaýa düşdüler. Dogrusy menem birhili boldum, sebäbi eger-de men “Aýteniň äri” bolmadyk bolsam gubernator bilen şeýle äheňde gürleşip bilmezdim.
- Ýokardan siziň rahatlygyňyzy we kadaly dynç almagyňyzy üpjün etmek barada görkezme boldy. Biz ähli zatlary taýýarladyk... Eger-de siz bir zada mätäç bolsaňyz, göni meniň şahsy belgime jaň edäýiň. Siziň rugsadyňyz bilen men sizden habar alyp duraryn” – diýip, gubernator aýtdy. - Haçan-da otly ugranda, ol bize elini galgadyp gygyrdy: - Mümkinçiliklerimiz ujypsyzdyr, kem görmersiňiz-dä!
Stansiýa “Aýteniň ärini” görmäge gelen mähelle bize ellerini galgadyp uzak wagt durdular. Barmaly ýerimize, entek biz barmankak, bir lukmanyň - “Aýteniň äriniň” gelýändigi mälim bolupdyr.
Men lukman Metin beg bolmak üçin hiç zat edip bilemokdym. Aýalym menden hem beter jebir çekip, meniň mertebämi dikeltjek bolup jan edýärdi. Köpçülik ýerlerinde bolanymyzda ol meniň adymy öwran-öwran gaýtalap, “Metin beg maňa şeýle diýdi...”, “Metin şeýle etdi...”, “Metin beýle etdi...” diýip, beýlekilere meni öz adym bilen tutdurjak bolýardy. Men biziň barha gülkünç bolup barýanymyza düşünýärdim. Bu ýagdaýlar aýalymy hem halys ýadatdy. Bir gün gijäň ýarynda, gözi ýaşly oýatdy-da: “Metin, gel, gowusy biz Amerika gideli, gaçaly bu ýerden...”.
Köp pikir edip durman biz ýol şaýymyzy tutduk-da, başga materige ugradyk. Men özüme özüm şöhrat gazanyp, öz adymy - Metin beg adymy illere tutdurasym, meniň “Aýteniň äri” adymy ýatdan çykardasym geldi. Bu pikir meniň beýnimi gaplap aldy. Haçan-da bu barada Aýten gürrüň gozganda men oňa:
- Aýten, men beýik işler üçin doglan ynsan däl. Meniň rahat durmuşda ýaşasym gelýär. Men bol-elinlikde ýaşamaga endik etmändirin, emma bagtly bolarymyz ýaly ähli işleri ederin. Men seniň “Metiniň aýaly” bolmagyňy isleýärin. Ynha, görersiň, men köp işlärin we şoňa-da ýeterin...
Hiç kim, megerem, özüne göwni ýetmeýän, talantsyz adamyň şöhrat gazanmagynyň neneňsi kyndygyny menden gowy bilmese gerek. Ýöne men gijämi gündiz edip, janymy gaýgyrman işledim. Amerikada medisinanyň professory adyny, uniwersitetde kafedrany almaklyk maňa, gör, nähili kyn düşüpdi. Meniň gözleglerim, ylmy işlerim medisina žurnallarynda çap bolupdy, ýöne barybir meniň adymyň yzyndan goşa dyrnagyň içinde “Aýteniň äri” diýip, goşmagy ýatdan çykarmaýardylar. Meniň adymy “Professor Aýten” diýibem tutardylar. Meniň ylmy işlerim üçin ylmy jemgyýetiň medalyny gowşurmak baradaky gazetlerdäki habarlarda “Aýteniň äriniň üstünlikleri” ady bilen neşir edildi. Meniň kelläm üýtgäp başlady. Şol döwürde Kongonyň häkimiýeti başga ýurtdan lukmanlary işe çagyrdy.
Aýalym maňa:
- Ezizim, eger isleseň Kongo gideli! Sen gaty ýadaw. Megerem, sen Afrikada birneme dynç alarsyň...
Meniň aýalym ýokary derejeli duýgur, çyn ýürekden söýýän, wepaly aýal. Onuň pikir edişiçe Kongoda biziň kimdigimizi tanamaýan adamlaryň içinde biz rahat ýaşap biljekdik. Men aýalym, oglum bilen bileje bagtly ýaşamak üçin polýuslara - eksimoslaryň, pingwinleriň arasyna gidip ýaşamaga-da razydym.
Haçan-da biziň uçarymyz Kongo gonanda, döwletiň saglygy saklaýyş ministriniň özi bizi dabaraly garşylap: “Hoş geldiňiz, madam Aýten!”, yzyndanam: “Hoş geldiňiz, professor Aýten!” diýip elimi gysdy, men tas çaşypdym. Aýalym meni söýäp maşyna eltdi.
Ilkinji uçar bilen Kongodan biz yzymyza uçduk-da, Türkiýä geldik. Birki hepde geçensoň balda bir jenap öz ýoldaşyndan meni görkezip:
- Bu kim? - diýip sorady.
Haçan-da ýoldaşy, hemmeler eşitsin diýýän ýaly, gaty sesi bilen
- Aýteniň äri-da, näme, sen ony tanaňokmy - diýende tas däliräpdim. Henizem ýatdan çykarmandyrlar...
- Aýten, men mundan artyk çydamok, biz aýrylyşmaly.
Aýten dünýede iň oňat zenan!.. ol meniň boýnuma böküp aglady, emma "aýrylyşmak gerek däl" diýmedi.
- Isläniň, goý, seniň isleýşiň ýaly bolsun, meniň söýgülim! Men barybirem diňe seniň aýalyňlygyma galaryn – diýdi.
Göz ýaş döküp, biz suduň karary bilen aýrylyşdyk. Hat-da gazetlerem öz sahypalarynda bu barada “Aýteniň äri aýaly bilen aýrylyşypdyr” diýip ýazdylar. Alty ýyllap sallah ýaşadym. Indi iller maňa “Aýteniň öňki äri” diýip, at goýdular. Hat-da aýrylyşybam men öz adymy alyp bilmedim.
A men täzeden öýlensem näderka? Megerem, bu meni tutulýan “Aýteniň öňki äri” adymdan halas eder?! Meniň näçe ezýet çekýänimi kim biler?! Men diňe Aýteni söýýärin, şeýle-de bolsa başga birine öýlendim. Maňa barjak bolan iki gyzyň söýgüsini ret etdim, sebäbi olaryň biriniň ady Aýperi, beýlekisiniňki – Gülperidi.
Iller olaryň adyny Aýten bilen utgaşdyrarlar diýip gorkdum. Patma atly ýuwaşja bir gyza öýlendim. Ind-ä meni hiç kim “Patmaň äri” diýmezler-ä? Ýöne barybirem meniň adymy “Aýteniň öňki äri” diýip tutýardylar.
Aýdyň, adamlar, men näme etmeli? Hiç zady üýtgedip bilemok. “Aýteniň äri” ine bolany! Aýteniň ýanyna bardym, ýalbardym, indi sen başga birine äre çykaýsaň näder? Şonda onuň täze ärine “Aýteniň äri” diýerler. Men bolsa halas bolaryn. Aýten biçäre gözýaş döküp aglady.
- Täzeden äre çykmak meniň üçin ölümden-de agyr. Ýöne seniň diýýäniňe düşünip durun. Maňa sen rahatlansaň bolýar, ezizim! Seniň üçin bu jebirlere-de dözerin.
Tizara ol durmuşa çykdy. Öýlenenden, elbetde, onuň täze äri “Aýteniň äri” adyna mynasyp boldy, ýöne meni “Aýteniň birinji äri” ady bilen atlandyrdylar. Aýteniň ölümi meniň üçin iň agyr urgy boldy. Meniň betbagt, söýgüli aýalym! Bilýärin, sen öz ajalyňa ölmediň. Sen meni halas etmek üçin özüňi özüň öldürdiň.
Indi, dogrymy aýtsam, bir hili rahatlanan ýalydym. Meni bagyşla, mähriban Aýtenim
Gör, nähili betbagtlylyk, hat-da onuň ölümem meni halas edip bilmedi. Onuň ölüminden üç ýyl geçen soňam maňa “Biçäre Aýteniň birinji äri” diýýärdiler. Tersine Aýteniň ölümi meniň “Biçäre Aýteniň birinji äri” adymyň meşhurlygyna täzeden badalga berdi. Indi size näme sebäpli meniň janyma kast etmelidigimi düşündirmek zerurlygy hökman bolmasa gerek? Siz indi me...me...me...ni gü-nä...nä...nä...kärlemersiňiz gerek! Mähriban e-jem... ka-kam, hoş galyň! Bagyşlaň meni! Hoş gal, eziz o...o...gul-jygym! Hoş gal, eý ajap dü...dü...nýe!..
Şu haty ýazyp otyrkam her sözden soňra uky dermanynyň birini agzyma atyp ýuwutdym. Meniň pikirimçe, haty ýazyp boldugym, men baky uka gitmelidim. Ellerim agralyp, hereketi kynlaşdy, her harpy kynlyk bilen ýazýardym. Otagy ümür gaplap aldy, birdenem ümrüň içinde bir zenan peýda boldy. Aýten edil garşymda dur, özem ýylgyrýardy. Ol maña:
- Ezizim, janyňa kast etmeklik seni halas etmez – diýdi.
- O näme üçin?
- Sen indi öleniňde-de öz adyň bilen ölmersiň
Ertir gazetler “Betbagt Aýteniň birinji äri janyna kast edip ölüpdir” diýip ýazarlar. Sen biderek özüňi öldürjek bolýarsyň... - uka gitmezligim ikuçsyz. - Seni halas ederler! Hany, meniň söýgülim, gel-dä ýanyma!...
Kynlyk bilen ýerimden galyp, yraň-daraň edip, bir ädim ätdim, soň güpürdäp, ýazylyp düşüpdirin.
Aýalym Patma güpürdime ylgap gelipdir, erbet bolup ýatanymy görüp, meni keselhana ugradypdyr. Aşgazanymy ýuwup, meni halas edipdirler. Wagt hemme zady bozýar, öçürýär. Indi hiç kim hem “Biçäre Aýteniň birinji äri” diýip, meniň adymy tutmaýardy. Ýöne men indi “Aýteniň äri” adymyň ýatdan çykanyna hem birhili gynanýaryn. Indi maňa diňe buýsanç bilen şu ýazgylaryň soňundan şol adymy goýaýmak galýar. Aýteniñ äri.

Eziz NESIN.

Rus dilinden terjime eden: Agabaý KIÇIBALOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 252 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 5.0/1
Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 22
0
20 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ýeri bolýa. Indi gaýtalanmasyn.:)
Özüñi öldürmek we uksus baradaky aýdanlaryñyzy "mahsus" sözüne kapyýa diýip alansyñyz diýip hasap edýän. Tersine pikir etmegem islämok :)

0
21 Aksary   [Mowzuga geç]
Bolýar.

0
18 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gaty gördüm :(

0
19 Aksary   [Mowzuga geç]
"Gaty gördüm" gözlerñe hiç ýakanok,
Gatylyk ömrüñe bolmasyn mahsus.
Öýkämdän açyldym diýip jogap ýaz!
Özüm öldürmäkäm, içmänkäm uksus.

0
15 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gaty gülkünç.

0
16 Aksary   [Mowzuga geç]
Bilmedim

0
17 Aksary   [Mowzuga geç]
Käwagt bälçirän bolşumla aýyplaşma!

0
13 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Diplomat bolsañ aljak ekeniñ-äý, gelneje! :)

0
14 Aksary   [Mowzuga geç]
- gyýw
- näme
- pylanyñ gyzy Hyýalkeş wara
- hawa onsaññ!
- şol gyz sadalyk diyilýäniñ gözlerin çykaraýypdyr
- towa-towa indi
- indisin aýtsam sadalyk oñ ýanyndan gidibem bilenokmyş
- näme üçin gidenokka?
- sebäp diýseñ, indi oñ gözleri görenok, nädip gitsin
- hm şeý diýsene, zyýany ýok-la...

1
12 Orhideýa   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş, seniñ açyk soragyña her kim düşünjesi boyunça jogap berýar.
@Haweranyñ mysaly - ol uly yşk-her kime ýetdirmeýär- Allanyñ nazar salan ynsanlaryna, bendelerine mynasyp.
Seniñ soraýan yşkyñ- adaty ynsanlaryñ söýgi gatnaşyklarymyka diýýän. Dünýäde näçe söýgi gatnaşyklary bar bolsa, olaryñ şonça dürli häsiýeti bar. Hiç kime hiç zat rowa görmeýan ynsanlarda bar.. Ne wagt, ne mähir, ne ady, ne başga zat... Olaryñ içinde sõýgüli ynsanyna ol-a ady eken, janyny pida etjekler hem bar...
(Goýýan teswirleriñe görä, sen arassaja duýguly, gönümel pikirli bir gyz ýaly. Her zatdan arassa bir garaýyş, duýgy, pikir yzarlaýañ. Gypynçsyz garaýyşlaryñy beýan edýañ, esasy, poeziýada arassa bir kalply şahyryñ - Kakamyrat Rejebowyñ poeziýasynyñ muşdagy. Bu zatlaryñ hemmesi maña-ha ýaraýar.)
Saña-da ýokarky mysalyñ dowamy ýararmyka diýýän.
Ata Alowow "öz adynyñ galmagy uçin" Maýa Aýmedowa öýlenmedik hem bolsa, ol aktrisa bilen durmuş guran režissýor Hojadurdy Narlyýew ony bagtly durmuşda ýaşatdy we häzirem ýaşadyp ýör. Maýa Aýmedowanyñ güler ýüzi mähirden, söýgiden hemişe nurlanyp durdy. Ol režissýor Maýa Aýmedowany filmleriniñ baş gahrymany edip, aktrisany dünýä belli etdi.. "Her işde bir haýyr bar" diýilýä... Geljekde, durmuşda seniñem kàbir maksatlaryñ, arzuwlaryñ amala aşmasa, şu aýtgyny ýadyña sal: "Hudaýjanyñ planlary biziñkiden has KÄMILDIR. Bize iñ haýyrlysyny, iñ gowusyny OL bilýändir..."

0
22 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Gaty ýerlik jogap bolupdyr!!!

0
11 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gömülgen, ýalñyş sözüni ulanmak nädogry. Bärde nämäni saýlajaklygy kişiñ özüne bagly diýjek bolýan. Men bolsam ony saýlamazdym.

0
9 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gömülgen, mençe at-abraýy yşkdan ileri tutupdyr. (eger hakykatdanam gelnejäñ aýdyşy ýaly aşyk bolan bolsa)

0
10 gomulgen   [Mowzuga geç]
Onsoñ oñ niresi yalnyş?

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Elbetde, Ata Alowyñ şahsyýetine dil ýetirmek maksadym däl ýöne kimdir birini ýürekden söýen bolsañ öz adyñ deregine özüñi onuñ ady bilen tanatmaga-da kaýyl bolarsyñmykañ diýýän.
Bärde Ata aganyñ yşkyndan geçmegi netijesinde ösüş ýa-da açyş ýüze çykanok. Diýmek, munuñ halk bilenem baglanyşygy ýok. Bu diñe bir adamyñ ykbalyna bolan garaýşyny we nämeleri nämelerden ileri tutandygyny görkezýär.

0
8 gomulgen   [Mowzuga geç]
Eýsem siziñ pikirinizçe ýaşuly nämeden nämäni ileri tutupdyr?

0
6 Revo   [Mowzuga geç]
Öz ykbalyňy, öz eliň bilen itmegiň ýerine ýetirýän ýaramaz täsiri ýada ene - atanyň dakan adynyň adam durmuşyny kesgitlemän, durmuşda ýerine ýetirlen işleriň ady kesgitleýändigini aňlatýan hekaýamy bu?! Nähili çözgüde gelinsede şolbir wagtda gowy hem gowy däl hekaýa eken.

-1
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
Umuman hekaýany haladym, ýöne terjimeden Eziz Nesiniñ ýitiligini, sözleriniñ şorluja tagamyny alyp bilmedim. Rus dilinden terjime edilensoñ bolmagam ahmal. Edil Eziz Nesinden edilen däl ýaly bolup dur. Saýtda Eziz Nesiniñ döredijiliginden edilip goýulýan terjimeler (H.T-nyñ terjimeleri) okap başlanyñdan "Eziz Nesin" diýdirýärdi.. Agabaý Kiçibalow juda edebileşdiripdir, bu bolsa Eziz Nesinden daşlaşdyrypdyr.

0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Yşk üçin bolsa, bolar..))

1
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ine-de meniñ söýgüli hekaýam.
Gülälek gelnejäñ aýdan gürrüñine sowal: "Ynsan yşk üçin öz adynyñ tutulmazlygyna kaýyl bolup bilmezmi?"

0
5 Haweran   [Mowzuga geç]
Hakyky YŞK - ynsan(lar) üçin, ynsanlara, umumyadamzat gymmatlyklaryna hyzmat edýän asylly maksadyñ üçin öz yşkyñdan (ýa-da bähbidiñden) geçebilmekdir! (Hakyky yşkyñ ýoly pidakärlikden geçýär.)
Meselem, Muhammet pygamber (s.a.w) ýaly, meselem Isa pygamber ýaly (s.a.w), meselem Nuh, Ybraýym, Ýakup, Ýusup, Musa pygamberler (a.s) ýaly, meselem Hezreti Aly (r.a), Hezreti Hasan-Hüseýin, Ymam Agzam, Mansur Hallaç, Seýit Nesimi, Ibn Araby, Baýezit Bestamy, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Magtymguly Pyragy... mysaly.
Meselem, Jordano Bruno, Galileo Galileý, Tomas Mor, Karl Marks, Lenin ýaly...
Ata Alow ýaly sungat adamlary hakyky türkmen şahsyýetleridir.
Hormatly Prezidentimiziñ hem aýdyşy ýaly, biz şeýle adamlarymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys!

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Türkmenistanyñ halk artisti Ata Alowow belli aktrisa Maýa Aýmedowa bilen Moskwada bile bir kursda okadylar. Ol dõwürler Maýa Aýmedowa eýýäm adygyp başlapdyr. (Halypalañ bir-ä gurrüñ beripdi).Talyp dõwurleri Ata Alowow Maýa Aýmedowa aşyk bolýar, oña söz aýtmak isleýär. Sungat maşgalasy bolmak nähili gowy! Birdenem Ata Alow õz duýgularyny, niýetlerini saklap,ol aktrisadan daşlaşyp başlayar. Dostlary soraýalar:
- Birden saña näme boldy? Hany, sen ony gaty halaýadyñ- a..
- Aý... oturyp, turup pikirlendim. Biz onuñ bn maşgala bolaýsak, men mydamalyk "Maýa Aýmedowanyñ äri" lakamyny edinmeli bolaryn. Men hemişe Ata Alowow bolasym gelýär...
Hawa, ol Ata Alowow hem bolup galdy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]