00:52
Aýt, döwürde günä barmy?!
AÝT, DÖWÜRDE GÜNÄ BARMY?!

Pula ýüzýär wyždan sa:ly,
Tiz baýamak ynsan bary,
Ynsaby ýuwudan bizdik,
Aýt, döwürde günä barmy?!

Bugün Gurban, erte Çary,
Bugün Gyzyl, erte Sary,
Söýgüni guradan bizdik,
Aýt, döwürde günä barmy?!

Nirä barýar edep ha:ly,
On sözüňem sögünç ýary,
Edebi unudan bizdik,
Aýt, döwürde günä barmy?!

Gussa çümdi ýaşlaň aňy,
"Tüssä" çümdi ýaşlaň aňy,
Bolany döreden bizdik,
Aýt, döwürde günä barmy?!

Bilinmez hiç ýüzde a:ly,
Kalpda şeýtan, dilde kary,
Ýalany ýöreden bizdik,
Aýt, döwürde günä barmy?!

Nirä barar bulaň çägi?
Düzetmegiň ýokmy täri?
Döwüri özgerden bizdik,
(Düzetjegem biz bolmaly!)
Aýt, döwürde günä barmy?!

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Şygyrlar / Goşgular - 05.02.2022
Täze ýyl / Goşgular - 04.01.2022
Морской пейзаж с солнцем и орлом / Goşgular - 22.02.2022
Men ak daglary gördüm / Goşgular - 13.02.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Aýralyk / Goşgular - 02.02.2022
Ýyllaň geçýänine gynanamzok biz..." / Goşgular - 23.02.2022
Последний человек на Земле / Goşgular - 04.02.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]