22:19
Aýt
AÝT

Kaka, kararsyz men soňky wagtlar,
Gijä galmak endigimden ýadadym.
Biraz durmuş tow beripdir — bekeşýän.
Öňler-ä, bilýänsiň, gaty sadadym.
"Ýadadym" diýmäge baranok dilim,
Şadyýan bolmaga synanýan diňe.
Öňler Gün doguşyn synlardym säher,
Soňky günler imrindim-de iňrige,
Göwnüme sygdyryp bilmediklerim
Bir seniň öňüňde açasym gelýär.
Ynan, ähli zady taşlap käwagt,
Hatda, wagtdanam gaçasym gelýär.
Uçasym gelýär meň uzak bir ýere,
Men bagtly bolmaryn gülenim bilen.
Gitmek bilen gutarmaýar ähli zat,
Durmuş başlamandy gelenim bilen.

Gülnar GELDIMYRADOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Tumarly | Теги: Gülnar Geldimyradowa | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Göresim geldi / Goşgular - 29.05.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021



Всего комментариев: 2
0
2 permanh2206   [Материал]
Manyly we gowy goşgy. Paýlaşyp duruñ.

0
1 Revo   [Материал]
"Gitmek bilen gutarmaýar ähli zat,
Durmuş başlamandy gelenim bilen."

Güýçli jemleme. Gowy goşgy. Berekella...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]