10:57
Aýralyk mukamy

AÝRALYK MUKAMY

Tamdyraň agysy, gyjagyň zary —
Ine, maňa bar ýeten zat Watandan.
Gowy dälmi ýat ülkede erkinlik
Öz iliňde gözenekde ýatandan?!
Ýa gabyrda ýatandan,
Ýa dereksiz ýitenden...

Aç ölen ýagşy dälmi
Mertebäňi satandan?!
Utulan gowy dälmi
Haram oýnap utandan?!

Tamdyraň agysy, gyjagyň zary —
Dogduk mekanymdan maňa ýeten paý.
Ýeriň ol ujuna zyňsa-da ykbal,
Gursagymda — Watan, depämde — Hudaý.

Gara dagyň gaýasy,
Ak sähranyň düýesi,
Garagumuň towşany,
Köpetdagyň ýowşany,
Atlaň haýkyrýan sesi,
Ömrüň düýni, ertesi
(Şu güni, şu wagty däl,
Düýni bilen ertesi).

Gelin deý tebigatyň
Ýaşyl mahmal kürtesi,
Dogan-gardaş, dost-u-ýar,
Maňa garaşýan diýar...
Baryny jemländir bu goşa senet,
Bu goşa gudratyň zoruna seret!
Sag bolsaň däliretjek,
Däli bolsaň sagaltjak,
Aýyrjak, dert az bolsa,
Köp bolsa hasam artjak.

Sazy gulak däl-de, gursak diňleýär,
Sazy ýürek çalýar, barmak çalanok.
Erkek bolsaň, aglamagam gelşiksiz,
Adam bolsaň, aglamanam bolanok...

Şiraly NURMYRADOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 4.5/4
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Mätäç men... / Goşgular - 09.02.2021
Säher goşgusy / Goşgular - 20.03.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
O ne beýle? / Goşgular - 12.02.2021
Güýzüm sen / Goşgular - 30.05.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Всего комментариев: 9
0
9 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Sag bol, Mango, gaty täsirli terjime bolupdyr. Gyzygyp okadym.

0
8 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Howwa,Ýan awtoryñ goşgusy gowy eken.Terjimä pylan diýmek üçin bolsa rusça bilmek gerek.Ýetireniñize sag boluñ daýy!
Ýöne göwnüme bolmasa şahyra gaty uly missiýa ýüklenen ýaly.
Şiraly agañ adyny birinji gezek eşidýän.Ol barada maglumat berjek ýokmy?

0
7 menliasyrowa91   [Mowzuga geç]
Terjime ajap bolupdyr,Mango! Höwri köp bolsun!

0
5 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Mango, şygryň sözme~söz terjimesini hem beren bolaňda gowy boljak eken.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
özümçe terjime etdim, oka bakaly:

Şahyrana başlangyç

Şatlanyň, eziz adamlar – şahyr doguldy.
Sandyraň, zalym namartlar – şahyr doguldy.
Ýaşyl ýaýla elter ol päk ýürek ynsanlary,
akar çeşmä elter hoşgöwün sadalary.
Äkider olary Ylahy sesiň gelýän ugruna.
Äkider olary Taňrynyň buýran ýerine.
Akmak, näletkerdeler galarlar porsy ýerzeminde,
gowylary halas eder, ýamanlykdan uzak tutar.
Düýpsiz uçuryma taşlar zalym, jellat, ogry we akmaklary.
Şany beýik bolsun şahyryň doglan gününiň.
Aglaň, uwlaň, çyňsaň şagallar,
çünki, etmişiňiz alnyňyza geljek.
Şahyryň doglan güni mübärek bolsun, mübärek bolsun onuň doglan ýurdy.
Şahyr - gözenegiň arkasynda-da erkindir, şahyr - oňa ok tär etmez.
Şahyrdyr özüni sorag edeni soraga çeken.
Şahyrdyr adalatsyz kazylary hasaba çeken.
Şahyrdyr Taňry sesini eşden we eştdiren.
Şahyrdyr şeýtany tanan hem oňa höküm eden.
Bagtyýar ýurtdyr ol, şahyry bolsa!
Bagtyýar şahyrdyr ol, ýurdy bolsa!

Ýan Rybowiç

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Şahyryň goşgusy başga bir şahyryň goşgusyny ýadyma düşürdi.
Gysgaça:
Счастлива страна, у которой есть поэт!
Счастлив поэт, у которого есть страна!” -
—-
Ýurt bagtyýardyr - şahyry bolsa,
Şahyr bagtyýardyr - ýurdy bolsa.

Поэтический дебют

Радуйтесь, люди добрые, – родился поэт.
Трепещите, злые и малодушные, – родился поэт.
Честных людей поведет он в зелёное поле,
к водам спокойным поведёт он людей простых.
Он поведёт их туда, куда ведёт его голос Божий.
Он поведёт их туда, куда велит Господь.
Дураки и подонки останутся в смрадных подвалах,
а добрых он спасёт, оторвёт их от зла.
В чёрную бездну низвергнет он тиранов, палачей, воров и глупцов.
Люди добрые, славьте день, когда родится поэт.
Плачьте, скулите шакалы,
ибо зло ваше обратится против вас.
Благословен день, когда родился поэт, благословенна страна, где он родился.
Поэт, который свободен даже за решёткой, поэт, которого пуля не берёт.
Поэт, который допрашивает тех, кто допрашивает его.
Поэт, который судит неправедных судей.
Поэт, который слышит и возвещает голос Божий.
Поэт, который знает Сатану и властвует над ним.
Счастлива страна, у которой есть поэт!
Счастлив поэт, у которого есть страна!
——
Watana şahyr gerek,
Şahyra watan.

0
3 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Dogry aýdýaň, Allanazar, gowy, tolgundyryjy goşgy. Umuman, Şiraly Nurmyradyň erbet goşgysy ýok diýen ýaly. Onuň döwürleýin päsgellik sebäpli çap edilmejek, emma, halkyň göwnüne ýarap, elden~geçip okalýan golýazma kitaby~depderi bar diýip eşitdim. Ýöne, henize çenli oňa duş gelmedim.

0
2 Allanazar   [Mowzuga geç]
Örän oňat ýazylan, öň okamandym ýetireniňiz üçin sag boluň.

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Diriliş Ertugrulda ''Türküň watany älem-jahandyr'' diýýärmi...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]