14:07
Aýralyk goşgusy
AÝRALYK GOŞGUSY

Duşuşmak arzuwna bisabyrdyk biz,
Göreçler göreje bakmanka heniz.
Emma ne döw çaldy.
Bilmedik asla...
Aýralyk söýgümiz görüpdi eziz.

Aýralykdan öňki ajaýyp günler,
Ýatylmanka ýatlap çykylar daňa.
Suratdan, kalbyňdan alnan keşbiňi,
Ýüzläp sapar düýşler görkezer maňa.

Nesibede bolsa duşuşarysam...
Ýollar saňa duşyr.
Duşyr ol, hökman!
Iýäýjek bolsa-da göreçlerimiz,
Görmedik bolarys, gözlere bakman.

Belki, soň ýene-de duşuşarys biz
Bakaryn öýmeli başyňa ýarym.
Öňler otagymda açylmaly gül,
Bezär şonda, özge ýeriň güldanyn...

Hakyda hoşlaşyk gününde galar,
Gulakda ýaňlanar aýralyk sözi.
Ýüzläp düýş, onlap ýol, bir şäher,
emma...
Ykbal bir ýassykda duşurmaz bizi.

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 180 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
"Ine, Watan diýip.." / Goşgular - 25.01.2022
Снег идет / Goşgular - 02.02.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
О разных вкусах / Goşgular - 25.02.2022
Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Daglar meni hüwdüledi / Goşgular - 20.01.2022
Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 5
0
4 Aksary   [Материал]
ÝATYLMANKA ýatlap çykylar daňa.

ÝATYLMAZDAN bolsa has ajap eşdiljek ýaly,Ylham kaka!

0
5 Alchemist23   [Материал]
Salam. Aha göz öňünde tutaryn, sagboluň!

0
3 Banuçiçek   [Материал]
Döredijiligňizdäki iň halaýan goşgym :)

0
2 Gülkeşde   [Материал]
Ylhamsöýün diýip bir bady şumy şol?

0
1 Gülmahym   [Материал]
Gowy ýazýa şul oglan,

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]