14:29
Aýralygyň dilegi
AÝRALYGYŇ DILEGI

Öziň aýralyga gaty jan cekdiň,
Menem saklamadym, alan badyňy.
Ýöne bil!
Unutjak bolsaňda her gün,
Ýüregiň gaýtalar-durar adymy.

Gaýtalamakdan ýadamaz ýüregiň,
Ony ikimizem bilýäs şübhesiz.
Umytlarym pytrap gitdi çar ýana,
Arzuwlarym süpürildi sübsesiz.

Her gün seni hyýalymda besläpdim...
Her gün toý edipdim, (gör, neneňsi bagt!)
Emma ykbal özgelere nesibe,
Bolarys aýry öý,
Aýry bir daragt.

Hawa, şeýdip, bolarys aýry daragt...
Özgä nesip eder, ajap dideler.
Her näme bolsa-da şuny dileýän,
Bagtyň bolsun!
Bolsun ajap miweler!

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Туркменистан / Goşgular - 25.02.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Teklip / Goşgular - 22.01.2022
Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
"Лежала я вечор в беседке ханской..." / Goşgular - 17.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Garaňkylykdaky dessan / Goşgular - 29.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 gulbaharmyradova19   [Материал]
Ahh sen ayralyk...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]