05:20
Äýnüd
ÄÝNÜD

(Ýazyjy Serdar Ataýewiň "Palindrom sözler" diýen blogyndan täsirlenip)

Dünýä ters tarapdan bakdym -
Äýnüd -
Manysam ýok eken.

♢ ÇYN OÝUN

Öň dünýä oýundyr öýderdim
O çyndanam oýun eken
"Döwli"

♢ NÄDOGRY LOGIKA

Diýenmiz eşdenok dünýä
Duýýarmyka garraýanny.
Şoň özi bir bilýärmika
Özüniň nirä barýanny.

♢ SARGYT

Gitmeli bolsaň git!
Ýoluň ak bolsun!
Hergiz atyňa bir çalmawer gamçy.
Häzir bolgun mundan barsaň o ýana
Dünýä diýen aýal bardyr ýalançy.

* * *

Dünýä - Ýaradanyň
kämil sungat eseri.
Ýöne gynansagam
käbirler oňa
auksiondyr öýdýär.

♢ ÖTÜNÇ SORAMA

Özümem halap baramok
aýdylsa aýbym.
Şu çaka çen kemiňi
ýüzüňe aýtdym.
Tankytlanym üçin günämi öt, dünýä!

Wa-ah, saňa baha bererçe
men kimmişim diýsene?!

♢ AMANAT

Sapak gutardy.
Hemmeler oturgyjyn boşatdy.
Auditoriýadan yzyma gaňrylyp-gaňrylyp gaýtdym.
Öz adyma oturgyjymam ýok eken.

* * *

Sözleň hüjümi.
Nerw bulaşyklygy.
Ýokary gan basyş.
Birinji lukmançylyk kömegi.
"Ejir çekene" berilmedik
Ilkinji psihologiki kömek.

♢ SOWAL

Biziň goňşularmyz
gowy adamlar.
Sebäbi biz aç ýatmajak bolýas.
Bizem gowy adammykak ýa,
Sebäbi hemişe
dok ýatjak bolýas.

♢ ÝÜZÜMI SYPAMAÝAN SOWAL

ýadadym
ýadadym
kellämi zordanjyk ýassyga goýýan.
ertirjik ederin galan işlermem
gözüm ýumdugymam..
ertir bolaýýar...

A birden... ertire çykmasam näme?!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mähriban   [Материал]
Köp sagboluň, Mango!

0
1 mango   [Материал]
"äýnüd" nelib "amanat" - sah ilçýüg risät idte.
şäb lyzzyý!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]